Открылось движение поездов по новой туркмено-афганской железной дороге Серхетабат-Тургунди

 

Ввод в эксплуатацию железной дороги Серхетабат-Тургунди состоялся сегодня в рамках торжеств по случаю старта строительства нового участка газопровода ТАПИ, закладки линий электропередачи и оптико-волоконной связи по маршруту Туркменистан-Афганистан-Пакистан.

В торжествах приняли участие Президент Туркменистана Гурбангулы Бердымухамедов и прибывшие в нашу страну Президент Исламской Республики Афганистан Мохаммад Ашраф Гани, Премьер-министр Исламской Республики Пакистан Шахид Хакан Аббаси и государственный министр иностранных дел Республики Индия Мубашир Джавед Акбар.

От приграничной туркменской станции Серхетабат в соседний Афганистан, в провинцию Герат, отправился сегодня первый железнодорожный состав. В перечне грузов, перевозимых по новой стальной линии, - нефтепродукты, продовольственные и промышленные товары, строительные материалы, произведённые в Туркменистане.

Строительство новой туркмено-афганской трассы полностью взял на себя Туркменистан, оказывающий афганскому народу всестороннюю помощь и поддержку. Этим вопросам была посвящена состоявшаяся в Ашхабаде в середине ноября 2017 года 7-я Конференция регионального экономического сотрудничества по Афганистану, где достигнуты значимые для всего региона соглашения. И уже к концу того же месяца туркменские железнодорожники приступили к сооружению стальной линии до афганского города Тургунди, которая сегодня уже введена в строй.

С вовлечением Афганистана в проекты формирования в регионе разветвлённой транспортной инфраструктуры страна получит уникальную возможность использования своих географических дивидендов в качестве транспортно-транзитного узла на Евразийском континенте.

Şu gün TOPH gaz geçirijisiniň täze böleginiň gurluşygyna badalga berilmegi, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçirijisiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň düýbüniň tutulmagy mynasybetli dabaralaryň çäklerinde Serhetabat-Turgundy demir ýoly ulanmaga berildi.

Dabaralara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de ýurdumyza gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Şahid Hakan Abbasi hem-de Hindistan Respublikasynyň Daşary işler döwlet ministri Mobaşar Jawed Akbar gatnaşdylar.

Serhet ýakasyndaky Serhetabat türkmen stansiýasyndan goňşy Owganystanyň Hyrat welaýatyna şu gün ilkinji demir ýol wagonlarynyň düzümi ugrady. Täze polat ýoly boýunça ilkinji gezek daşalan ýükleriň hatarynda Türkmenistanda öndürilen nebit önümleri, azyk we senagat harytlary, gurluşyk serişdeleri boldy.

Doganlyk owdan halkyna hemmetaraplaýyn kömek we goldaw berýän Türkmenistan täze türkmen-owgan ýolunyň gurulmagyny dolulygyna öz içine aldy. 2017-nji ýylyň noýabr aýynyň ortalarynda Aşgabatda geçirilen Owganystan boýunça 7-nji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahaty şu meselelere bagyşlanyp, şonda tutuş sebit üçin ähmiýetli ylalaşyklar gazanyldy. Eýýäm şol aýyň ahyrynda türkmen demirýolçylary Owganystanyň Turgundy şäherine çenli polat ýoly gurmaga girişdiler. Ine, bu gün bolsa ol ulanmaga berildi.

Owganystanyň sebitde köp şahaly ulag düzümini döretmek taslamalaryna çekilmegi bilen, bu ýurt özüniň geografiki amatlyklaryny Ýewraziýa kontinentinde ulag-üstaşyr merkezi hökmünde ulanmaga ajaýyp mümkinçilik alar.