Konferensiýalar

2017-nji ýylyn 5-nji oktýabrynda

2017-nji ýylyn 5-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy institutynda Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-baglag instituty bilen bilelikde Aşgabat ýer titremesiniň 69 ýyllygyna bagyşlanyp Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Seýsmologiýa we seýsmiki durnukly gurluşygyň wajyp meseleleri” atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Ol ylmy-amaly maslahatynda Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň ,,Topraklaryň barlagynyň inžener-geologiki usullary’’ barlaghanasynyň bölüm müdiri Laçyn Aşyrowa   “Seýsmiki sebitlerde emeli esaslary taýýarlamagyň aýratynlyklary’’ atly tema boýunça çykyş etdi.

 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallary netijesinde ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylýan gurluşyk işleriniň depgini barha artýar. Bu gün türkmen gurluşygy ylmyň we tehnikanyň iň  soňky gazananlarynyny hasaba alyp dünýä  derejesinde ýokary galdy. Gurluşygyň dünýä ülňüleriniň talaplaryna laýyk getimek işleri gurluşykçy hünärmenleriň öňünde uly täze meseleleri we wezipeleri  goýýar.

        ,,Seýsmiki sebitlerde gurluşyk’’ atly TGK 2.02.01-99 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadasynyň 3.89 punktyna laýyklykda  seýsmikliligi 9 balldan ýokary bolan gurluşyk meýdançalary üçin  taslama işlerinde gurluşyk meýdançasynyň seýsmikliligini 9 bala çenli peseltmek üçin aýratyn çareler ulanmak bilen  taslamanyň kadalaşdyryş hasap usullary 9 ball üçin ýerine ýetirilýär. Häzirki wagtda gurluşyk meýdançanyň seýsmikliligini 9 balla çenli peseltmek Türkmenistanyň  Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag instituty tarapyndan işlenilip düzülen, 30 ýyldan gowrak bäri üstünlikli ulanylyp gelýän çäge-çagyl garyndysyndan ybarat bolan emeli esasy- teýgum düşekçesini  ulanmak arkaly gazanylýar. Bu usul  Aşgabat şäheri we onuň sebit töwerekleri we Awaza milli syýahatçylyk zolagy ýaly   çylşyrymly inžener-geologiki  şertlerde  we seýsmikliligi 9 balldan ýokary bolan sebitlerde gurluşyk işleriniň gerimini  giňden ýaýbaňlandyrmaga mümkinçilik berdi.  

Ýurdumyzda  islendik 9 balldan uly bolan sebitde  gurulýan desga üçin  Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň teýgum düşekçesini çäge-çagyl   garyndysyndan ybarat bolan    teýgum düşekçeleriniň ölçeglerini gurluşyk meýdaçasynyň inžener-geologiki  şertlerini, gurluşyk meýdançasynyň seýsmiki howplulygyny desganyň konstruktiw aýratynlyklaryny, binýatdan emeli esasa düşjek agramy göz öňünde tutmak bilen saýlanyp alynýar.  Gurluşyk meýdançasynyň seýsmikliligini 9  balla çenli demfrirleýji teýgum düşekçesini taslamaklyk «Seýsmikiligi 9 balldan ýokary bolan meýdançalarda bina edilýän jaýlaryň we desgalaryň emeli esaslaryny (düşeklerini) taslamak we inžener taýýarlygy boýunça gözükdiriji  (TGK 2.02.01-98)» boýunça ýerine ýetirilýär.    Seýsmiki sebitlerde duş gelýän çylşyrymly teýgum şertlerinde diňe bir seýsmiki täsiri peseltmek boýunça däl, eýsem bu teýgumlaryň gurluşyk häsiýetlerini gowulandyrmak boýunýça hem birnäçe çäreler geçirmeli bolýar. Çylşyrymly häsiýetli teýgumlara:

-yzgarlanda çökýän lýoss teýgumlar;

-suwdan doýgun toýunsow teýgumlar;

-Küpürsek çägeler;

 -suwdan doýgun çägesow teýgumlar we ş.m.

       Dünýäde teýgumlaryň iň howply häsiýetli, ýer titremeleriň seýsmiki netijesini artdyrýan suwdan doýgun toýunsow teýgumlar  bolup, olar dinamiki ýa-da seýsmiki täsirlerde suwuk bolmagy we süýşgün prosesleri döredip bilýärler.

      Suwdan doýgun, gowşak, toýunsow teýgumlarda ýaşaýyş jaýlaryny we senagat desgalaryny gurmak meselesi  aýratyn çylşymly wajyp meseleleri ýüze çykarýar.  Häzirki wagtda ýurdumyzda bu teýgumlaryň üstünde müňlerçe gurluşyk desgalary guruldy we gurluşygy alnyp barylýar. Suwdan doýgun gowşak teýgumlarda teýkarlary we binýatlary taýýarlamaklyk  köp mukdarda maýa goýumlaryny, metal, sement we beýleki gurluşyk materiýallaryny  talap edýär.

   Suwdan doýgun gowşak teýgumlar ýurdumyzda Aşgabat şäheriniň demirgazyk gündogar we demirgazyk günbatar taraplarynda, Çoganly  ýaşaýyş massiwinde, Mary welaýatynda Murgap derýanyň kenarýaka etraplarynda, Daşoguzda, Türkmenabatda, Awaza  milli syýahatçykyk zolagynda giňden ýaýrandyrlar. Suwdan doýgum gowşak teýgumlaryň üstünde  gurluşyk işlerini ýerine ýetirmeklik öň çylşyrymly mesele hökmünde garalýan, bolsa häzirki wagtda  dürli ýurtlaryň köp sanly hünärmenleriň düýpli derňewleri netijesinde gurluşygyň amatly, ygtybarly usullaryny ornaşdyrmakda uly öňe gidişlikler gazanyldy. Suwdan doýgun gowşak teýgumlarda jaýlary we desgalarda taslama edilende bu teýgumlara mahsus bolan esasy üç  aýratynlygy göz öňünde tutulmalydyr:

  • gysylmak  häsiýetiniň ýokarylygy, bu teýgumlarda ýerleşdirilen desganyň ep-esli çökmesine, netijede bolsa desganyň ýarsmasyna we awariýa getirip bilýär;
  • berklik häsiýetiniň ýokarylygy, hut şol sebäpli hem gowşak teýgumlarda tutuş desganyň we binýadyň durnuklylygyny üpjün etmek kyn bolýar, adatça berklik görkezijileri, içki sürtülme burçy φ=00-140 , ilişme koefissiýenti c=10-20kPa;
  • Gowşak teýgumlaryň üstünde gurlan jaýlaryň çökme häsiýetiniň uzak wagt dowam edýänligidir, aýratynda olar toýunsow teýgumlar bolsa, şol sebäpli bu wagtyň dowamynda desganyň bejeriş işlerini we desgany ulanyşa ýaramly etmek işlerini dowam  etmeli bolýar.

Şol sebäpli bu gowşak teýgumlarda gurluşyk etmek işleriniň  bitewi usullary işläp düzüldi.     Suwdan doýgun gowşak toýunsow teýgumlaryň toparyna umumy ýarsma moduly  basyşyň 0.3Mpa  çenli üýtgemesinde E≤5МПа bolan  we çyglylyk derejesi Sr=0.8, ýagny öýjükleriniň 80% -den köp bölegi suwdan doly bolan teýgumlardyr. Gowşak teýgumlaryň şeýle topara bölünmekligi  olaryň ýarsma, berklik, suw geçirijilik we  dowamly süýşme häsiýetleriniň üýtgemeleriniň aýratyn kanunlaýyklygyny barlygyny aňladýar.

Biziň şertlerimizde suwdan doýgun gowşak toýunsow teýgumlarda  gurulýan desgalaryň diňe bir durnuklylygyny we uzak ömürliligini däl eýsem, seýsmiki täsirlere hem durnuklylygyny  üpjün etmeklik üçin taslama işlerinde aýratyn çylşyrymly talaplar ýerine ýetirilmeli bolýar. Häzirki wagtda dünýä tejribesinde suwdan doýgun toýunsow teýgumlary dykyzlandyrmak bilen  emeli teýkarlary taýýarlamakda  çäge gazyklaryny, dikligine çägeli çalykdyrma ýaly usullary giňden ulanylýar. Türkmentisanda seýsmiki şertleri hasaba almak bilen  suwdan doýgun gowşak teýgumlarda teýkar taýýarlamak işlerinde taslamalarda has çylşyrymly talaplar ýerine ýetirilýär.

         Seýsmiki täsirde binalaryň we desgalaryň durnuklylygyna howply täsir edýän teýgumlaryň suwuklyklanma hadysasynyň emele gelmek mümkinçiligine göreşmek boýunça birnäçe çäreler geçirilýär. Şol çäreleriň häzirki wagtda has giňden ulanylýan görnüşi  jet grout tehnologiýasy bilen  semenleme usulydyr. Teýgumlary bu usul bilen berkitmeklik  süzülme koefissiýenti ýokary bolan teýýgumlar üçin has-da netijeli bolýar, sebäbi bu proses olaryň öýjüklerine garyndylaryň girmegi bilen bagly. Berkidilen teýgumlara käbir ýagdaýlarda, esas çukurlar gazylman edilen esaslar hökmünde garamak mümkin. Gyrmança we suwuk bolýan topraklarda düýpleri sementleme usuly bilen berkitmegiň yzygiderliligi. Sementleme usuly arkaly berkitme ýokary suw syzdyryjy häsiýeti bolan teýgumlarda has ýokary netije berip bilýär. Türkmenistanda bu usul görnüşindäki kirşenli çägeleri we çägesow teýgumlardan düzülen esaslarda ulanylýar.

Tegumlary jet tehnologiýalary bilen sementlemek  boýunça   dünýä tejribesinde has öňe gidişlikler gazanyldy. Jet tehnologiýalary ilkinji gezek dünýäde Ýaponiýa, Italiýa Angilýa ýaly  döwletlerde ýüze çykdy. Jet grout tehnologiýasynyň inženerçilik ideýasy örän amatly bolup, ýerasty gurluşyk işlerinde birnäçe meseleleri örän netijeli çözmeklige mümkinçilikler berip soňky on ýyllyklarda bütin dünýäde ýaýrady. Tehnologiýanyň düýp esasy ýokary başyşly sement ergininiň akymynyň energiýasy bilen teýgumlary sement ergini bilen garyşdyrmak we  bu akymyň gapdala döredýän başyşy esasynda dykyzlandyrmak bolup durýar. Sement erginini gatanyndan soň emeli esasda ýokary  berklik we deformasiýa görkezijileri bolan  täze material-“teýgumsement’’ sütünleri emele gelýär. Jet tehnologiýalary  başga iň esasy artykmaçlyklarynyň biri hem teýgumlaryň ähli görnüşini diýen ýaly-ownuk çagyldan tä ownuk zireli toýunlara we läbik teýgumlara çenli berkitmäge mümkinçilik berýänligidir.  Jet Grout tehnologiýasynyň ýene-de bir iň wajyp artykmaçlyklarynyň biri teýgumlary berkitmekligiň  netijesini  adatdan daşary öňünden kesgitläp bolmaklygydyr.  Bu bolsa emeli esasy taslama etabynda geljekki ýerasty teýgumsement sütünleriniň geometriki ölçeglerini, olaryň alyp biljek berklik we häsiýetnamalaryny, zähmet  we materail çykdajylaryny anyk hasaplamaga mümkinçilik berýär. Jet tehnologiýalary bilen teýgumlary sementlemegiň  tejribede örän giň çäklerde ulanulýar, Ýagny, birinji bilen emeli esaslarda,  ýerasty awtoulag we kommunal geçelgelerde teýgumlary berkitmekde giňden ulanylýar. Ikinji bir ugry direg diwarlarda ýapgytlyklarda teýgumsement sütünlerini gurnamak bilen germew konstruksiýalarynyň elementi hökmünde ulanylýar. Üçünji bir ugry diňe bir täze gurluşyklar üçin däl eýsem  öň bar bolan jaýlary we desgalary gaýtadan dikletmekde awariýa ýagdaýyndaky binýatlary berkitmekde  hem giňden ulanylýar. Şeýle hem tehnologiýanyň gür şäher gurluşygy üçin taýsyz aýratynlyklarynyň biri hem emeli esasda  teýgumsement sütünlerini  gurnamakda urgy basyşlaryny, dinamiki täsirleri döretmeýänligidir. Ýagny ýakynda ýerleşýän bar bolan goňşy desgalarynyň binýatlaryna we emeli esasyna hiç hili täsir döretmeýärler.   Häzirki wagtda ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyk işlerinde  Jet tehmologiýalary bilen teýgumlary berkitmek işleri soňky on ýylyň dowamynda örän giňden ornaşdyryldy.   Muňa mysal edip Aşgabat şäheri Seýsmiki taýdan işjeň sebit bolup, köplenç ýagdaýda-da teýgumlaryň häsiýetleriniň çylşyrymlylygyna duş gelmek bolýar.  Şo sebäpli häzirki wagtda gurluşugy alnyp barylýan  ahli jogapkärli desgalarda we binalarda, şeýle hem köpgatly ýaşaýyş jaýlarynda emeli esasy taýýarlamakda jet tehnologiýalary bilen  berkitmek  şeýle hem desgalara we binalara ýetirilýän täsiri  9 balla çenli peseltmek üçin teýgum düşekçelerini gurnamak işleri utgaşykly alnyp barylýar.  Muňa mysal edip  Halkara  howa  menziliniň  geçirilen inžener-geologiki gözleglerde esasan suwdan doýgun çägesow we toýunsow teýgumlardan düzülip,  ähli emeli esaslary taýýarlamakda jet tehnologiýalary bilen teýgumlar çuňlaýyn dykyzlandyrylyp, teýgum düşekçeler gurnaldy. Teýgumlaryň gurluşyk häsiýetleriniň sementleme işlerinden soň üýtgemesini ikilenç geçirilýän zondirleme işleriniň netijesinde anyklanyldy we Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag instituty bilen ylalaşyp netijenama berildi. Teýgumlary jet tehnologiýalary bilen sementläp berkitmek işleriniň netijesi hökmany Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag instituty bilen ylalaşmaklyga degişlidir.

Häzirki wagtda  institutyň alymlary tarapyndan Jet tehnologiýalary bilen gurnalýan teýgumsement paýalarynyň çylşyrymly teýgum şertlerinde jaýlara we desgalara ýetirilýän seýsmiki täsiri demfrirleýji-peseldiji häsiýetlerini ýüze  çykarylyp barlag-derňew işleri dowam etdirilýär.

Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe  hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde okamaga, işlemäge we döretmäge giň mümkinçilikler döredildi. Şeýle mümkinçilikleri döreden hormatly Prezidentimiziň jany sag, il-ýurt bähbitli, ýurt ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslensin!