Agaýewa Larisa Albertowna

Agaýewa Larisa Albertowna,  «Inženerlik seýsmologiýasy» barlaghanasynyň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji

     L.А.Аgaýewa 1995-nji ýylda  Türkmen politehniki institutyny (TPI) tapawutlanan diplom bilen tamamlady, “dag inženeri-gidrogeology” diýen hünäri ele aldy we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa institutynyň “Inženerlik seýsmologiýasy” barlaghanasynda ilkibaşda laborantyň wezipesinde öz zähmet ýoluna başlady, soňra inžener bolup işledi. 2009-njy ýyldan 2012-nji ýyl aralygynda L.A.Agaýewa TPI-nyň aspiranturasynda 25.00.08 – «Inžener geologiýasy, doňaklygy we (teýgum) ýer astyny öwreniş»  hünäri boýunça geologik-mineralogik ylymlarynyň kandidaty alymlyk derejesini almak üçin okady.  

L.A.Agaýewanyň ylmy-barlag işi ýeriň üstünde seýsmiki täsiriň deňölçegsiz ýaýraýşynyň tebigatyny öwrenmekligiň meselelerine bagyşlanan. Onuň dissertasiýasynyň esasy düzgünleri SME boýunça barlaglaryň netijelerine, şeýle hem seýsmikligi 9 we 9 balldan ýokary şertlerde taslama edilýän gurluşyk meýdançalarynyň hasaplanan seýsmikligine baha bermek babatda netijenamalary işläp düzmek boýunça materiallara esaslanýar.

L.A.Agaýewanyň 35-den gowrak ylmy çap etmeleri, 5 sany Ornaşdyrma Delilnamasy bar we häzirki wagtda geologik-mineralogik ylymlarynyň kandidaty diýen alymlyk derejesini almak üçin dissertasiýa işini goramaga taýýarlanýar.