Amansähedow Ýusup Amansähedowiç - Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň direktory

Amansähedow Ýusup Amansähedowiç  - Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň direktory.

Amansähedow Ýusup Amansähedowiç  2010-njy ýylda Türkmen Politehniki institutynyň inžener-mehanik hünäri boýunça tamamlady.

Ol Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň edara-kärhanalarynda dürli wezipelerde işledi.

2016-njy ýylda “Türkmendöwlettaslama” döwlet taslama ylmy-önümçilik birleşiginiň baş direktorynyň orunbasary.

2017-2019-njy ýyllar aralygynda Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Düypli gurluşyk we maýa goýum syýasaty müdirliginiň başlygy.

2019-njy ýylda Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Gurulýan desgalaryň direksiýasynyň direktorynyň orunbasary.

13.05.2019-njy ýylyň häzirki  wagta çenli   Amansähedow Ýusup Amansähedowiç  Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň  direktory.