Annamyradow Baýrammyrat Awezmyradowiç

Annamyradow Baýrammyrat Awezmyradowiç – Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň ylmy iş boýunça direktorynyň orunbasary. Direktoryň ornunbasary institutyň tassyklan Düzünnamasy esasynda kesgitlenilýän meselelere laýyklykda tehniki syýasaty, instituty kämilleşdirmegiň we tehniki taýdan enjamlaşdyrmagyň ähli ugurlary boýunça toplumlaýyn maksatnamalaryň ösüş perspektiwalaryny we durmuşa geçiriliş ýollaryny kesgitleýär.

B.A.Annamyradow 2007-nji ýylda, Türkmen politehniki  institutynyň inžener-gurluşykçy hünärini ele aldy.

2008-2013-nji ýyl aralykda Türkmenistanyň Gurluşyk ministrliginiň  “Türkmenkommuntaslama” taslama institutynda birnäçe wezipelerde işleýär.

2013-nji ýylda  Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk  YBI-na aspiranturasyna “05.23.01” – “Gurluşyk gurnawlary, jaýlar we desgalar” hünäri boýunça tehniki ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesini almak ugrunda aspirant bolup okuwa girýär. Ol 12 sany çap edilen ylmy işleriň eýesi. Aspiranturany tamamlap 2016-njy ýylda Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň “Jaýlaryň we desgalaryň seýsmika çydamlyk” barlaghanasynyň baş hünärmeni soňra şol  barlaghananyň müdiri wezipesinde işleýär.

                  2018-nji ýylyň 1-nji  martyndan häzirki wagta çenli Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň ylmy iş boýunça direktoryň orunbasary wezipesini alyp barýar.

 

  B.A.Annamyradowyň ýolbaşçylygynda  barlaghanada göz öňüne tutulan ylmy-barlag işlerini geçirmek, gurluşyk materiallaryñ häsiýetleriniñ barlagyny we olaryñ hiliniñ gözegçiligini geçirmek, barlaglaryny geçirmek ýaly işleri amala aşyrýar.

 

• gurluşy boýunça durnuksyz teýgumlaryň alamatlaryny we dinamiki häsiýetlerini öwrenmek we şonuň esasynda seýsmikligi ýokary bolan sebitlerde gurulýan senagat-raýat binalaryna, gidrotehniki we ulag desgalaryna ýetirilýän seýsmiki täsiriň reaksiýasyny peseltmek maksady bilen emeli teýkaryň inženerlik taýýarlygy boýunça hödürnamalary işläp düzmek boýunça;

•   gurluşykda hereket edýän kadalaryň we düzgünleriň esasynda gurnawlaryň tehniki ýagdaýyna we seýsmika çydamlylygyna baha bermek maksady bilen binalaryň we desgalaryň barlaglary boýunça;

•  meýdan we barlaghana şertlerinde gurluşyk gurnawlarynyň kadalaryň we taslamalaryň talaplaryna laýyk gelýänligine baha bermek maksady bilen olaryň synaglaryny geçirmek boýunça;

 

Barlaghanada ýerine ýetirilýän işleriň görnüşleri:

  • Kadalaşdyryjy resminamalary – Gurluşyk kadalaryny, Gözükdirijileri, Türkmenistanyň seýsmiki sebitlerinde ýaşaýyş, önümçilik, gidrotehniki, ulag binalaryny we desgalaryny taslama etmek we gurmak boýunça gollanmalary işläp düzýär;
  • Senagat-raýat jaýlarynyň, şeýle hem gidrotehniki we ulag desgalarynyň gurluşyk meýdançalarynda seýsmiki täsiriň reaksiýasyny peseltmek maksady bilen emeli teýkaryň inženerlik taýýarlygy boýunça hödürnamalary işläp düzýär;
  • Obýektlerde teýkarlary berkitmek boýunça hödürnamalaryň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrýar;
  • Gurulýan we ulanylýan obýektlerde barlag geçirýär, gurnawlaryň seýsmiki taýdan durnuklylygyna baha bermek boýunça Netijenamalary berýär we taslama çözgütlerinden gyşaran we dürli görnüşli üýtgedilip gurlan ýagdaýlarda olary berkitmek boýunça hödürnamalary işläp düzýär;
  • Gurulýan binalaryň we desgalaryň taslama çözgütleriniň seljermesini ýerine ýetirýär;
  • Gurluşyk gurnawlarynyň we olaryň elementleriniň berkligi we ýarsmasy boýunça synaglaryny geçirýär;
  • Tehniki bellikleri berýär.

• Teýkar gurlanda teýkaryň hakyky ýüze çykarylan teýgumlary inžener-geologiki gözlegler boýunça berlen hasabatlara laýyk gelmedik ýagdaýynda;

• Gurulýan obýektleriň ýagdaýynda gurluşyk gurnawlarynda goşmaça penjire ýerleri gurlup we bar bolan gurnawlar bölekleýin sökülip aýrylyp täzeden meýilleşdirilende.