Annaýew Guwanç Begenjowiç

Annaýew Guwanç Begenjowiç Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň direktorynyň orunbasary. Direktoryň ornunbasary institutyň tassyklan Düzünnamasy esasynda kesgitlenilýän meselelere laýyklykda tehniki syýasaty, instituty kämilleşdirmegiň we tehniki taýdan enjamlaşdyrmagyň ähli ugurlary boýunça toplumlaýyn maksatnamalaryň ösüş perspektiwalaryny we durmuşa geçiriliş ýollaryny kesgitleýär.

Ol 2005-nji ýylda, Türkmen politehniki  institutynyň inžener-gurluşykçy hünärini ele aldy. 2005-nji ýylda Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutyna işe başlaýar. 2005-2013-nji ýyllar aralygynda barlaghanalarda inžener bolyp işleýär.  2012-2013-nji  ýyllar aralygynda Ýaponiýa Döwletinde, hünäri ýokarlandyryş okuwyny tamamlady.

2013-2015-nji ýyllarda Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň Beton we demirbeton barlaghanasynyň müdiriniň wezipesini ýerine ýetirdi. 2015-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň  ýanyndaky Döwlet gullugy  akademiýasynyň Kommersiýa  arbitraž boýunça döwlet gullukçylarynyň hünärini  ýokarlandyrmak okuwyny gutardy (okuwyň möhleti dört aý).

2015-nji ýyldan Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlikministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň direktorynyň orunbasary  wezipesini ýerine ýetirýär.

“05.23.05” – “Gurluşyk gurnawlary, jaýlar we desgalar” hünäri boýunça Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynda, ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesini almak üçin aspiranturany tamamlady. Guwanç Begenjowiç Annaýew ylmy dissertasiýa işini doly tamamdy.  Onuň 8 sany çap edilen ylym işleri bar.