AŞGABAT GEÇMIŞIŇ, ŞU GÜNÜŇ, GELJEGIŇ BEÝIK ŞÄHERI

2017-nji ýylyň 23-nji maýynda Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginde “Aşgabat geçmişiň, şu günüň, geljegiň beýik şäheri” atly sergi-bäsleşigi hem-de okuw maslahat geçirildi. Ministrligiň giň ýaýlymly zalynda  Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň aýdym-saz topary çykyş etdi. Maslahata gatnaşyjylar sergi bäsleşigine hödürlenen taslamalar we eksponatlar bilen tanyşdylar.  

Maslahata   Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň. Aşgabat şäher häkimliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Arhitektorlar birleşiginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň hünärmenleri we talyplar gatnaşdylar.

Maslahaty Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň orunbasary Ç.Ahmedow açdy hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzyň gurluşyk pudagynyň uly ösüşlere beslenýändigini, ösüşleriň özeniniň ylma esaslanýandygyny belledi.

Soňra maslahaty alyp baryjy Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli binagärlik, şähergurluşyk we dizaýn hünäri boýunça ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň arasynda “Aşgabat geçmişiň, şu günüň, geljegiň beýik şäheri” atly bäsleşiginiň yglan edilendigini belledi.

 Maslahatda birnäçe çykyşlar diňlenildi. Ilkinji söz Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň prorektory Nurýagdy Ýagşymyradowa berildi.

N.Ýagşymyradow çykyşynda gurluşyk işiniň düýp özeniniň ylma daýanýandygyny, ýaşlaryň arasynda yglan edilýän bäsleşikleriň olaryň ylma, döredijilge bolan höwesiniň artmagynda uly ähmiýete eýedigini belledi.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň Medeniýet hem-de halkara hyzmatdaşlygy bölüminiň başlygy Röwşen Hojamow “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlaryň döredijilikli bilim almagy barada döredilýän şertler” atly tema boýunça eden çykyşynda häzirki ösen döwrümizde ýaşlaryň uly güýç bolup durýandygyny, döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli aladasy bilen ýaşlaryň ylym älemine aýaralşmagy üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyny belledi hem-de bu günki çäräniň hem onuň miwesidigini beýan etdi.

Soňra Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Binagärlik kafedrasynyň mugallymy Döwletmyrat Nurberdiýewiň “Aşgabat şäheriniň binagärlik sazlaşygy” atly tema boýunça taýýarlan çykyşy diňlenildi.

D.Nurberdiýew çykyşynda  Aşgabat şäheriniň her bir gününiň ýokary ösüşlere beslenýändigini, bina edilýän durmuş we medeni maksatly desgalaryň sanynyň ýylsaýyn artýandygyny, ussat binagärleriň şäherlerimiziň gaýtalanmajak keşbini kemala getirmekde bitewi şähergurluşyk-binagärlik konsepsiýasyna eýermek bilen, häzirki okgunly ösüşi özünde jemleýän täze gurluşyk usullaryny durmuşa ornaşdyrmaga çalyşýandygyny beýan etdi.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sungaty öwreniş kafedrasynyň mugallymy Jeredn Baltaýewa “Häzirki zamana Türkmenistanyň binagärlik we dizaýn eserlerinde milli şekilleriň peýdalanylyşy” atly temadan taýýarlan çykyşynda dizaýn işiniň her binanyň gözel keşbe eýe bolmagynda uly ähmiýete eýedigini belledi. J.Baltaýewa “Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň hemaýaty bilen gurulýan binalarda Gündogar arhitekturasynda ulanylan dürli dizaýn ýörelgeleri täze döwrüň keşbine laýyklykda ornaşdyrylýar. Muňa 2011-nji ýylda eziz Arkadagymyzyň hemaýat-goldawy bilen Daşoguz şäherinde bina edilen Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň binagärlik keşbinde Köneürgençdäki Ilarslanyňdyr Tekeşiň mawzoleýiniň durkunyň nusga edinip alynmagy hem aýdyň mysalydyr” diýip, öz pikirini anyk deliller bilen beýan etdi.

 “Türkmendöwlettaslama” döwlet taslama ylmy-önümçilik birleşiginiň 4-nji şäherleriň we şäherçeleriň meýilnamalaşdyrylyşy we gurluşygy bölüminiň başlygynyň orunbasary Serdar Saryýew “Ilatly ýerleriň we şäher ýaka zolaklarynyň çäklerinden peýdalanmak” atly temada eden çykyşynda ýurdumyzda gurmagyň, döretmegiň uzak geljegi nazarlaýan baş meýilnamasynyň hormatly Prezidentimiziň gönüden-göni ýolbaşçylygynda işlenip düzülýändigini belledi. “Ilatly ýerleriň we şäher ýaka zolaklarynyň çäklerinden peýdalanmak  ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny, binagärligi, medeni zolaklary ösdürmäge ýardam edýär. Bu ugurda ýerine ýetiriljek işleriň hiliniň ýurdumyzyň kanunçylygynda kesgitlenen kadalara laýyk gelmegi hökmandyr” diýip, S.Saryýew öz çykyşynda belledi.

Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Şemşat Goşlyýewa “Täze taryhy eýýamda paýtagtymyzyň binagärlik keşbi” atly tema boýunça taýýarlan çykyşynda bagtyýarlyga beslenýän häzirki döwrümizde türkmen gurluşygynyň ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlarynyň netjesinde täze we ýokary hil derejesine eýe bolýandygy, Türkmenistanyň at gazanan Arhitektory hormatly Prezidentimiziň Aşgabady ösdürmegiň häzirki tapgyrynda ähli ugurlarda innowasiýalar boýunça iň ösen ýurtlaryň tejribesini özleşdirip, gurluşyk desgalarynyň öz wagtynda we ýokary hilde gurulmagyna giň mümkinçilikler açýandygyny, bu işleriň çäginde baş şäherimiziň binagärlik keşbininiň düýpli ösüşe eýe bolýandygyny belledi.

Soňra maslahatda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sungaty öwreniş kafedrasynyň 4-nji ýyl talyplary Perman Hojamowyň “Aşgabat binagärlik stilleriniň sazlaşygynda”, Aýna Orazgeldiýewanyň “Dünýä nurly şöhle saçýan, Arkadagly Aşgabadym”, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Binagärlik kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby Mahym Bäşimowanyň “Gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan milli binagärlik sungatymyzyň ajaýyp nusgalary” atly temalardan taýýarlan çykyşlary diňlenildi.

Talyplar öz çykyşlarynda göz guwanjymyz bolan paýtagtymyzda gurulýan desgalarda binagärçilik stilleriniň aýdyň sazlaşyga eýedigi, müňýyllyklara şaýat bolup oturan milli binagärlik nusgalarymyzyň häzirki döwrüň nurana güneşi bilen nur saçýandygyny, talyp ýaşlaryň ylmy düşünjeleriniň ýaýbaňlanmagy üçin diýarymyzyň dürli künjegindäki binalary ýakyndan öwrenmek üçin döredijilik saparlarynyň ýola goýulýandygyny, bu işleriň gözbaşynda duran mähriban Arkadagymyza bolan hoşallyklarynyň çäksizdiklerini beýan etdier.

Soňra “Aşgabat geçmişiň, şu günüň, geljegiň beýik şäheri” atly bäsleşiginiň jemi jemlendi.

 Şeýlelikde, bäsleşigiň “Şäheriň kiçi etrapçalaryny abadanlaşdyrmak” ugry boýunça Baş baýraga Türkmenistanyň Döwlet çepeçilik akademiýasynyň “Dizayn” kafedrasynyň 6-njy ýyl talyby Gözel Mürriýewanyň “Landşaft çözgüdi bilen seýilgähiň dizaýn taslamasy” atly işi

 

 

 

1-nji orna  Türkmen Döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň “Binagarlik” kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby Merdan Berdinýazowyň “Şäheriň köçelerini abadanlaşdyrmak. Kiçi binagärlik göwrümleriniň eskiz taslamalary” diýen işi

  

 2-nji orna Türkmenistanyň Döwlet çepeçilik akademiýasynyň “Dizayn” kafedrasynyň 6-njy ýyl talyby Arslan Atahanowyň “Landşaft çözgüdi bilen seýilgähiň dizaýn taslamasy” atly işi

  

3-nji orna hem-de Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň 1-nji ýyl talyby Saýfulla Muradowyň “Awtomobil köprüsiniň eskiz taslamalary” atly işi mynasyp boldy.

  

Bäsleşigiň “Jemgyýetçilik binalary we desgalary” ugry boýunça taýýarlanan işleriň içinde Baş baýrak Türkmen Döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň “Binagarlik” kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby Azat Atdaýewiň “Söwda we dynç alyş merkeziniň eskiz taslamasy” diýen işi,  

  

 

1-nji orna Türkmen Döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň “Binagarlik” kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby Meýlis Kakaýewiň “Ýaşaýyş jaý toplumy-jemgiýetçilik binalaryň eskiz taslamalary” atly işi, 

  

 

 

2-nji orna Döwlet çepeçilik akademiýasynyň “Arhitektura” kafedrasynyň 6-njy ýyl talyby Gözel Gurbandurdyýewanyň “Ýörite sungat mekdebiniň eskiz taslamasy” diýen işi,

  

 

3-nji orna Türkmen Döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň “Binagarlik” kafedrasynyň 1-nji ýyl talyby Bezirgen Mämmedowyň “Köpugurly sport toplumynyň eskiz taslamasy” diýen işi mynasyp boldy.

 

 

Bäsleşigiň “Jaýaryň içki bezegi” ugry boýunça Baş baýrak Türkmenistanyň Döwlet çepeçilik akademiýasynyň “Dizayn” kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby Döwletmämmet Nyýaztuwakowyň taýýarlan “Ýaşaýyş jaýynyň içki dizaýn taslamasy” diýen işi,

 

 

 1-nji orna Türkmenistanyň Döwlet çepeçilik akademiýasynyň “Dizayn” kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby Ogulşirin Rejepowanyň “Jemgyýetçilik jaýynyň içki dizaýn taslamasy” atly işi,

 

 

 2-nji orna Türkmen Döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň “Binagarlik” kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby Merdan Berdinýazowyň “Myhmanhananyň içki dizaýn taslamasy” atly işi,

 

 

 

 3-nji orna Türkmenistanyň Döwlet çepeçilik akademiýasynyň “Dizayn” kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby Jeýran Umarowanyň “Jemgyýetçilik jaýynyň içki dizaýn taslamasy” atly işi

 

 

mynasyp boldy.

Bäsleşigiň ýeňijilerine dabaraly ýagdaýda sylaglar gowşuryldy.

Maslahatyň ahyrynda ýurt adabançylygynyň hatyrasyna sadaka berldi.