Aşgabat şäheriniň çäginde hem-de onuň töwereklerinde seýsmologiýa gözegçilik ulgamyny gowulandyrmagyň Taslamasyny»

2018-nji ýylyň 15-nji martynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda Ýaponiýanyň Halkara Hyzmatdaşlygy Agentligi (JICA) bilen bilelikde «Aşgabat şäheriniň çäginde hem-de onuň töwereklerinde seýsmologiýa gözegçilik ulgamyny gowulandyrmagyň Taslamasyny» durmuşa  geçirmek ugrunda maslahat geçirildi.

Ýygnaga şu edaralaryň wekilleri gatnaşdylar:

Türkmenistanyň tarapyndan:

-Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy,

-Türkmenistanyň YA-nyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy instituty,

-Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag instituty,

-TGM-niň raýat goranyşy we halas ediş işleriniň baş müdirligi,

-Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi,

-Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi,

-Aşgabat şäher häkimligi.

Ýaponiýanyň tarapyndan:

-Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy,

-Ýaponiýanyň Halkara Hyzmatdaşlyk Agentligi (JICA),

-JICA-nyň Taslama boýunça bilermenler topary.

Taslamanyň maksady – seýsmologiýa gözlegçileklerini alyp barmagyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, Türkmenistanda bolup geçýän ýer titremeler barada gyzyklanma bildirýän guramalara, olaryň bu hadysa gyssagly taýýarlanmagy hem-de tutuş Aşgabat şäheri boýunça seýsmiki howpa  baha berilmegi üçin ygtybarly maglumatyň dessin habar berilmegini üpjün etmek bolup durýar.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we  Ýaponiýanyň Halkara Hyzmatdaşlygy Agentliginiň arasynda ylalaşylan teswirnamasyna laýyklykda Taslama amala aşyrylanda pudagara utgaşdyrylmagyna ýardam bermek üçin Bilelikdäki utgaşdyryjy komitet (BUK) döredildi.

Taslama Türkmenistanda betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak meseleler boýunça we BUK-niň ýygnagynyň gidişinde Halkara Taslamanyň çäklerinde işleriň geçirilmegini dowam etdirmek barada pikir alyşyldy.