AŞGABAT ŞÄHERINIŇ KÄBIR TOPRAKLARYNYŇ HVSR-SELJERMESINIŇ MAGLUMATLARY BOÝUNÇA SEÝSMIKI HÄSIÝETLERI

Ýusup Çaryýew “Inženerlik seýsmologiýasy” barlaghanasynyň hünärmeni

AŞGABAT ŞÄHERINIŇ KÄBIR TOPRAKLARYNYŇ HVSR-SELJERMESINIŇ MAGLUMATLARY BOÝUNÇA SEÝSMIKI HÄSIÝETLERI

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlarynyň biri öz watanymyzda ylmy her taraply ösdürmek we ýurdumyzyň ysdysadyýetinde onuň gazananlaryny netijeli peýdalanmak, jemgyýetiň intellektual kuwwatyny artdyrmak bolup durýar. Ägirt uly gurluşyk taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi, ygtybarly seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşygyň amala aşyrylmagy köplenç alymlaryň we tejribeli hünärmenleriň özara baglanyşykly işine bagly bolýar.  Bu Türkmenistanyň halk hojalyk toplumynyň ähli ugurlarynyň ösüş dinamikasyny şertlendirýär. 

Türkmenistanda ägirt uly gurluşyk taslamalary amala aşyrylýar, bu bolsa ýurdumyzyň halk hojalygy toplumynyň ähli ugurlarynyň, şol sanda gurluşyk we gurluşyk materiallary senagaty pudagynyň oňyn ösüş dinamikasyny şertlendirýär.

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda we beýleki iri şäherlerde ýaşaýyş jaý gurluşygynyň göwrümi, bina edilýän durmuş we medeni maksatly desgalaryň sany ýylsaýyn artýar. Ussat binagärler şäherlerimiziň gaýtalanmajak keşbini kemala getirmekde bitewi şähergurluşyk-binagärlik konsepsiýasyna eýermek bilen, häzirki okgunly ösüşi özünde jemleýän täze gurluşyk usullaryny durmuşa ornaşdyrmaga çalyşýarlar. Binagärlik sungatynyň şeýle usullaryna, ilkinji nobatda, belent gatly jaşaýyş jaý gurluşygy degişlidir. Olar okgunly ösüşlere beslenen döwrümiziň öňdebaryjy tehniki ösüşini we gurluşyk önümçiliginiň ylmy binýadynyň günsaýyn pugtalanýandygyny ähli aýdyňlygy bilen ýüze çykarýar. 

Türkmenistanda ýaşaýyş we jemgyýetçilik binalarynyň, durmuş-medeni maksatly obýektleriň, ulag we beýleki gara ýollaryň giň möçberli gurluşygy emele gelen seýsmiki ýagdaýy seljermek we oňa baha bermek boýunça yzygiderli ylmy-barlag işleriniň geçirilmegini talap edýär.

Ýurduň şäherleriniň taryhy taýdan emele gelen we ösüp barýan infrastrukturasy seýsmiki taýdan güýçli sebitleri mundan beýläk ulanmakdan, özleşdirmekden ýüz döndermäge mümkinçilik bermeýär. Eger-de ýer titremäniň öňüni almak ýa-da gadagan etmek mümkin bolmasa, onda seýsmiki howpa we töwekgellige dogry baha bermekde esaslandyrylan seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşygy döretmek arkaly olaryň berbat ediji netijelerini azaldyp boljakdygy bellidir.

Güýçli ýer titremeleriň netijelerini barlamak boýunça dünýä tejribesi olaryň ýüze çykmagynyň intensiwliginiň hat-da bir ilatly nokadyň çäklerinde hem meňzeş däldigini görkezýär. Onuň sebäbi ýerasty zarbanyň güýjüni üýtgetmäge ukyply bolan binýatlaryň teýkarlarynyň teýgumlarynyň ýerli inžener-geologik, gidrogeomorfologik we beýleki aýratynlyklary bolup durýar. Şoňa meňzeş hadysalara dürli ýer titremelerde, aýratyn hem, 1948-nji ýylda Aşgabat şäherinde bolan ýer titremede gözegçilik edildi.

Geologiki kesigiň az tizlikli zolak atlandyrylýan ýokarky böleginde (KÝB), adatça, zarbaly tolkunyň energiýasynyň üýtgemesi bolup geçýär, ýagny ahyrky netijede üst ýüzde ýüze çykýan ýer titremäniň intensiwligini kesgitleýär we obýektleriň gurluşyk meýdançalarynyň hasaplanan seýsmikligine baha bermek üçin esas bolup hyzmat edýär. 

Ýerleriň seýsmiki mikroetyraplaşdyrmasy boýunça işleriň netijeleri binalaryň we desgalaryň ýer titremede teýgumuň ýüze çykýan yrgyldylaryna bolan gowşaklygyny görkezýärler, adatça, «ak gopgun» diýlip atlandyrylýan tebigy mikroseýsmiki yrgyldylaryň seljermesiniň maglumatlary boýunça baha bermek bolar. Bu döwrebap Aşgabat şäheriniň günorta bölegindäki Ankara (öňki Ýubileýnaýa) köçesinde daş-töweregiň seýsmiki sesini bellige almak üçin

«TROMINO» enjamynyň esasynda tromografy peýdalanmak bilen teýgumlaryň ýerli seýsmiki häsiýetlerini kesgitlemegiň täze usulynyň aprobasiýasynyň netijeleri esasynda tassyklandy.

Adatça, süýşýän tolkun boýunça teýgumlaryň tizlik kesigini öwrenmek üçin kese seýsmiki tolkunlary döredýän emeli çeşmeleri ulanyp, gymmat we köp zähmet talap edýän seýsmiki usullary peýdalanýarlar. Päsgelçilikleriň tebigy sesini bellige alýan «TROMINO» guralynyň ýazgylary boýunça teýgumlaryň ýerli seýsmiki parametrlerini 30-60m çuňluga çenli kesgitlemek bolar.

«TROMINO» guralynyň işleýşi, esasan, şulardan ybarat: Gözegçiligiň her bir nokadynda teýgumuň 0,1Gs-den 250Gs çenli diapazondaky seýsmiki mikroyrgyldylary ýokary duýgurly elektrodinamiki üç komponentli seýsmograf arkaly tutulýar. Soňra olar güýçlenýärler, san görnüşine özgerýärler we guralyň ýadyna ýazylýarlar. Bellige alnandan soňra bu maglumatlar şahsy kompýuteriň ýadyna geçirilip, «GRILLA» atly ýörite programma boýunça gözegçilikleriň materiallaryny işläp bejermek boýunça işler alnyp barylýar. Gözegçiligiň her bir nokadynda seýsmiki sesleriň bellige alnyşy 16-dan 30 minuda çenli dowamlylykda geçirildi. 

Ankara köçesiniň ugrundaky meýdançada geçirilen inžener-geologiki barlaglaryň netijeleri agdyklyk edýän döwürleriň we tizlik kesigiň seýsmiki sesden dikligine komponente tarap bolan spektral gatnaşygy boýunça bahasyny öz içine aldylar. Kese seýsmiki tolkunlaryň ýaýraýyş tizlikleriniň ortaça bahalary geologiki kesigiň ýokarky bölegi üçin 30m çuňluga çenli kesgitlenildi.

Teýgumlaryň seýsmiki häsiýetlerine baha berilmegi adatça «saýt-effekt» diýlip atlandyrylýan çökýän jynslardaky ýerli rezonans hadysalary öwrenýär, ýagny rezonansyň ýüze çykmagy ýygylyklaryň 0,3-den 15Gs çenli diapazonda yrgyldyly prosesiň intensiwliginiň ähmiýetli üýtgemegine getirip biler. «Saýt-effekt» funksiýasy uly bolmadyk naprýaženiýelerde teýgumuň hereketiniň keseden dik komponente bolan spektral gatnaşygy hökmünde kesgitlenip bilner. Seýsmiki sesiň dik komponentiniň ululygyna durnuksyz jynslardan ybarat üstki gatlaklaryň ululyklarynyň aýratynlyklary täsir etmeýärler.

Seýsmiki sesiň ýazgylary 10 ýyl Abadançylyk köçesinden Oguzhan köçesine çenli ýerde alnan. Maglumatlaryň syny, olary işläp bejermek we seljermesi ýönekeý spektral we HVSR-seljerme, şeýle hem tekiz-parallel köp gatlakly ulgamlar boýunça üstki tolkunlaryň modelirlemesinde esaslandyrylan sintetiki egri çyzyklaryň gurluşy üçin programmalary öz içine alýan, ýöriteleşdirilen «Grilla» programma üpjünçiligini peýdalanmak bilen amala aşyryldy.

Maglumatlary kompýuterde işläp bejermegiň netijeleri eksperimental we sintetiki egri çyzyklar utgaşdyrylan, şeýle hem umumylaşdyrylan köp gatlakly  teýgumlaryň kesiginiň onuň parametrleri bilen we aýratyn setirde modeli  teýgumlaryň 30 metre çenli galyňlykdaky gatlakda kese seýsmiki tolkunlaryň ýaýraýşynyň ortaça tizlikleriniň bahalary getirilýär.

 «GRILLA» programmasy spektral-wagtlaýyn diagramma  bilen üpjün edilen, ondaky gurşap alýan seýsmiki ses tutuş gözegçiligiň dowamynda  HVSR-seljermäni geçirmegiň hiline täsir edýän mümkin bolan päsgelçilikleri aýyrmaga mümkinçilik berýär.

Tekiz-parallel ulgamlar boýunça üstki tolkunlaryň modelirlemesinde esaslandyrylan «GRILLA» tizlik kesigiň modelirleme programmasyny ulanyp, saýlap almak we sintetiki egri çyzygy ölçemeleriň materiallary boýunça gurlan eksperimental egri çyzyk bilen utgaşdyrmak bolar. Galyňlygy 30m çenli bolan üstki gatlakdaky kese seýsmiki tolkunlaryň ortaça tizliginiň hasaplanýar.

Aşgabat şäheriniň çäginde profilleriň biri boýunça meýdan tejribe-usulyýet işlerini geçirildi. Ankara köçesiniň ugrunda seýsmiki sesleriň gözegçilik nokatlarynyň ýerleşiş shemasy düzüldi. Ölçemeler 10 ýyl Abadançylyk şaýolundan Oguzhan köçesine çenli amala aşyryldy.  Bellige alnyş nokatlarynyň arasyndaky aralyk 150 metre golaý saýlanyp alyndy.

 

HVSR-seljermäniň netijeleri boýunça biz aşakdaky netijeleri ýerine ýetirildi:

 

1. Teýgumlaryň 30m galyňlykda çak edilýän kesiginiň umumylaşdyrylan köp gatlakly modelleri gurlan.

 2. 30 metr çuňluga çenli geologiki kesigiň ýokarky böleginde tolkunlaryň ýaýraýyş tizlikleriniň ortaça bahalary hasaplanan.

3. Teýgumuň yrgyldylarynyň takmynan 1,6Gs deň bolan düýpli ýygylygynyň az amplitudaly ululygy tapawutlanan, onda ýer titremeler bolanda teýgumuň yrgyldylarynyň intensiwliginiň biraz güýçlenmegi mümkin.

 

Seýsmiki sesiň HVSR-seljermesiniň döwrebap usulyýetiniň synagynyň netijeleri dag jynslarynyň  üstki gatlaklarynyň astyndaky seýsmiki häsiýetlere baha bermek üçin, hasaplanan seýsmiklige baha bermek we seýsmiki mikroetraplaşdyrma boýunça kartalary işläp düzmek üçin Türkmenistanyň çäginde ony ulanmagyň geljeginiň bardygyny görkezýärler.