ASPIRANTURA, DOKTORANTURA KABUL ETMEGIŇ TERTIBI

Türkmenistanda ylmy hünärmenleri taýýarlamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2008-nji ýylyň 14-nji ýanwaryndaky 9378 belgili Karary bilen tassyklanan Düzgünnama laýyklykda aspirantura saýlap alan ugry boýunça ylmy barlaglara ukyplylygyny görkezen, azyndan 5 ýyl iş tejribesi bolan ýokary bilimli adamlar bäsdeşlik esasynda kabul edilýärler. Lukmançylyk boýunça aspirantura kliniki ordinaturany doly geçen we saglygy goraýyş ulgamynda azyndan 3 ýyl iş tejribesi bolan ýa-da kliniki ordinaturany geçmedik we azyndan 5 ýyl iş tejribesi bolan adamlar bäsdeşlik esasynda kabul edilýärler.

 Aspirantura kabul etmek baradaky arza ýokary okuw mekdebiniň rektorynyň ýa-da aspirantlary taýýarlamagy amala aşyrýan ylmy edaranyň ýolbaşçysynyň adyna aşakdaky resminamalary goşmak bilen berilýär:

- ýokary bilimi hakyndaky diplomyň nusgasy we onuň goşundysy (daşary ýurtda bilim alan adamlar üçin, - degişli diplomyň nusgasy, şeýle hem daşary döwletleriň bilim baradaky resminamalaryny tassyklaýan, Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan berlen resminamanyň nusgasy);

  • - işgärleri hasaba almak boýunça şahsy kagyz;
  • - № 086/h görnüş boýunça lukmançylyk güwänamasy;
  • - 4х6 sm ölçegdäki üç sany surat;
  • - çap edilen ylmy işleriň, oýlap tapmalaryň we ylmy-barlag iş boýunça hasabatlaryň sanawy, girýänleriň ylmy işleri we oýlap tapmalary bar bolanda, ol bellenen görnüşde bolmalydyr;
  • - hünärine laýyklykda saýlap alnan tema boýunça ylmy referat;
  • - girýäniň tabşyran kandidatlyk synaglary bar bolanda kandidatlyk synaglaryny tabşyranlygy hakynda şahadatnama (kandidatlyk synaglaryny daşary ýurtda tabşyran adamlar üçin, - kandidatlyk synaglaryň tabşyrylandygy barada berlen resminamanyň kanuny güýjüniň bardygy hakynda Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komiteti tarapynmdan berlen güwänama);
  • - zähmet depderçesiniň nusgasy;
  • - şahsyýetini tassyklaýan resminamany, we ýokary okuw mekdebini tamamlandygy hakynda diplomy (daşary ýurtda bilim alan adamlar üçin, - diplom we ony tassykladanlygy hakynda resminama) aspirantura girýänler hut özleri görkezýärler.

 

DOKTORANTURA KABUL ETMEGIŇ TERTIBI

Doktorantura ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesine eýe bolan, ýokary okuw mekdebiniň ýa-da şu ylmy ugurda işlän ylmy edarasynyň alymlar geňeşiniň doktorlyk dissertasiýasynyň 2/3 bölegini ýerine ýetirenligi baradaky güwänamasy, şeýle hem şu alymlar geňeşi tarapyndan berlen hödürnamasy bolan adamlar bäsdeşlik esasynda kabul edilýärler.

Doktoranturada okuwyň möhleti 3 ýyl.

Doktorantura girýänler doktoranturany döreden edaranyň ýolbaşçysynyň adyna arza berýärler we onuň ýanyna aşakdaky resminamalary goşýarlar:

  • - işgärleri hasaba almak boýunça şahsy kagyz;
  • - terjimehal;
  • - № 086/h görnüş boýunça lukmançylyk güwänamasy;
  • - 4х6 sm ölçegdäki üç sany surat;
  • - ylymlaryň kandidaty diplomynyň nusgasy;
  • - zähmet depderçesiniň nusgasy;
  • - çap edilen ylmy işleriň, oýlap tapmalaryň, patentleriň sanawy we nusgalary, dissertasiýanyň temasynyň we hödürlenýän meýilnamasynyň wajyplygyna we ylmy taýdan esaslandyrylmasyna baha bermek we üç ýylyň içinde onuň ýerine ýetiriliş mümkinçiligini görkezmek bilen, dissertasiýanyň ugry boýunça ýerine ýetirilen barlaglar baradaky hasabatlaryň sanawy.

Şahsyýetini tassyklaýan resminama we ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesiniň berlendigi baradaky diplom doktorantura girýäniň hut özi tarapyndan görkezilýär.

YLYMLARYŇ DOKTORY ALYMLYK DEREJESINI

BERMEKLIGIŇ TERTIBI

 Ylymlaryň doktory alymlyk derejesini alýanlar ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesini alan adamlar bolup bilerler. Doktorlyk dissertasiýany taýýarlamak üçin dalaşgärleri ýokary okuw mekdebine ýa-da ylmy edara berkitmeklik 4 ýyldan köp bolmadyk möhletde geçirilip bilner.

Ýokary okuw mekdebine ýa-da ylmy edara berkitmeklik üçin ylymlaryň doktory alymlyk derejesine dalaşgär adam ýolbaşçynyň adyna arza berýär:

  • - ylymlaryň kandidaty diplomynyň nusgasyny goşmak bilen arza;
  • - dissertasiýanyň ugry boýunça ylmy barlaglary alyp barýan ýokary okuw mekdebiniň ýa-da ylmy edaranyň alymlar geňeşiniň dissertasiýanyň 2/3 böleginiň taýýardygy baradaky güwänama.

Şahsyýetini tassyklaýan resminama we ylymlaryň kandidaty baradaky diplom hut dalaşgär tarapyndan görkezilýär.

YLYMLARYŇ KANDIDATY ALYMLYK DEREJESINI

BERMEKLIGIŇ TERTIBI

 Ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesine dalaşgärleriň ýokary bilimi bolmalydyr.

Aspiranturada okuwyň doly kursuny geçen adamlaryň ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesine dalaşgär hökmünde kabul edilmäge hukugy ýokdur.

Kandidatlyk dissertasiýany taýýarlamak üçin dalaşgärleri berkitmeklik 3 ýyldan köp bolmadyk möhletde amala aşyrylýar.

Bir wagtyň özünde iki ýa-da birnäçe ýokary okuw mekdeplerinde ýa-da ylmy edaralarda dalaşgär bolmaklyga rugsat berilmeýär.

Ýokary okuw mekdebine ýa-da ylmy edara ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesini berkitmeklik üçin berilýär:

- ýokary okuw mekdebiniň rektorynyň ýa-da ylmy-barlag edaranyň ýolbaşçysynyň adyna arza;

- ýokary bilimi hakyndaky diplomyň nusgasy (daşary ýurtda bilim alan adamlar üçin, - degişli diplomyň nusgasy we onuň ekwiwalentligi hakynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan berlen resminama);

- kandidatlyk synaglarynyň tabşyrylanlygy barada şahadatnama, eger olar tabşyrylan bolsa (kandidatlyk synaglaryny daşary ýurtda tabşyran adamlar üçin, - kandidatlyk synaglaryň tabşyrylandygy barada berlen resminamanyň kanuny güýjüniň bardygy hakynda Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komiteti tarapynmdan berlen güwänama).

Şahsyýetini tassyklaýan resminama we ýokary bilimi baradaky diplom (daşary ýurtda bilim alan adamlar üçin, - degişli diplomyň nusgasy we onuň ekwiwalentligi hakynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan berlen şahadatnama) dalaşgäriň hut özi tarapyndan görkezilýär.