Aşyrowa Laçyn Çarygeldiýewna

Aşyrowa Laçyn Çarygeldiýewna  “Topraklaryň barlagynyň inžener-geologiki usullary” barlaghanasynyň müdiri. Ol 2010-nji ýylda Türkmen Politehniki institutyny tapawutlanan diplom bilen  tamamlady, hünari boýunça – dag inženeri, gidrogeоlog.  Türkmenistanyň Gurluşyk  we binagärlik ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy barlag institutynda “Topraklaryň barlagynyň inžener-geologiki usullary”  barlaghanasynda ilki inžener wezipede, soňra ikinji derejeli inžener, baş hünärmen wezipelerde işledi. 2015-nji ýylda  Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk  YBI-na aspiranturasyna ,, 05.23.02 – “Esaslar we binýatlar, ýerasty desgalar” hünäri boýunça   tehniki ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesine dalaşgärlige  okuwa girdi. Ol 6 sany ylmy çap edilen işleriň eýesi.

     2016-nji ýylda  Türkmenistanyň  Prezidentiniň ýanyndaky  Döwlet gullugy akademiýasyny döwlet gullukçylarynyň hünärini ýokarlandyrmak boýunça okuwyny gutardy (okuwyň möhleti bäş aý).

     Laçyn Aşyrowanyň ýolbaşçylygynda  barlaghanada gurluşyk meýdançasynda geçirilýän inžener-geologiki gözlegleriň meýdan we barlaghana netijelerini rejeläp, tehniki hasabaty taýýarlamak işleri amala aşyrylýar we gurluşyk meýdançalarda  jaýlara we desgalara ýetirilýän seýsmiki täsirleri peseltmek üçin hödürlenilýän teýgum düşekçeleriniň gat-gat dykyzlandyrylyşy barlanylýar.