Konferensiýalar

Bagtyýarlyk sagdynlykdan başlanýar

27.04.2017ý. Türkmenistanyň  Gurluşyk we binägärlik ministrligiň mejlisler zalynda, Türkmenistanyň  Gurluşyk we binägärlik ministrligiň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi bilen bilelikde hukuk goraýjy edaralaryň  gatnaşmagynda  ýaşlaryň arasynda  wagyz  nesihat  işleri boýunça ýygnagy geçirildi. Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutyň “Gurluşyk materiallarynyň häsiýetleriniň barlagy” barlaghanasynyň laboranty Hojamuhamedow Merdan “Bagtyýarlyk  sagdynlykdan  başlanýar” atly mowzuk bilen Türkmenistan teleýaýlymynda çykyş etdi.