Bezirgenow Döwranyň nutugy

BIZIŇ KÖÇELERIMIZIŇ WE ÝOLLARYMYZYŇ KEŞBI

Hemmeleri "Ak şäherim Aşgabat -2013" sergisine gatnaşmagy we "Ak şäherim Aşgabat -2013" atly ylmy maslahatynyň açylmagy bilen mübärekleýarin we gutlaýaryn.

Seýsmiki taýdan durnukly gurluşygyň intituty 1951-nji ýylda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýanynda "Antiseýsmiki gurluşygyň instituty" ady bilen döredilipdi. Hereket eden döwrüniň dowamynda institutda gurluşygyň ähli ugurlary boýunça diýen ýaly temalar işlenip düzüldi. Işde we önümçilikde gazanan uly üstünlikleri üçin institutyň hünärmenlerine Döwlet sylaglary berildi.  Institutyň işgärleri tarapyndan ýüzlerçe TDS, TGK we TŞ işlenip düzüldi, oýlap tapyşlara onlarça awtorlyk şahadatnamalary we patentler alyndy.

"Asfalt materiallaryň" barlaghanasynda ýol-gurluşyk materiallary boýunça, şäher we şäheriň daşyndaky ýollary gurmak, olary abadanlaşdyrmak boýunça ylmy-barlag işleri işjeň ýagdaýda alnyp barylýar.

Täze galkynyş we beýik özgertmeleriň eýýamynda biziň Garaşsyz we Birtarap döwletimiziň paýtagt şäheri Aşgabat ösýär we abadanlaşýar. 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlançyjy boýunça şäherlerimiziň we köçelerimiziň keşbini ak mermere beslenen köp gatly ymaratlar bezeýär. Desgalaryň, dynç alyş seýilgäh zolaklarynyň birnäçesi we käbir beýleki binalar özboluşly binagärlik eserleri bolup durýar.

Dürli gatly binalaryň utgaşdyrylmagy ýaşaýyş jaý zolaklaryna özboluşly binagärlik keşbini berýär, şäheri has owadan, nurana we özboluşly edýär. Soňky ýyllarda gurlan jemgyýetçilik binalary we ýaşaýyş jaýlary daşky keşbi boýunça geljegiň buşlukçysy bolup durýar.

Ýeňil şäherler - bu gök öwsüp oturan baglyklar we agaçlardyr Dünýäniň hiç bir şäherinde hem Aşgabatdaky we onuň töwereklerindäki ýaly möçberde nahal ekilmeýär. Şonuň üçin çuňňur Hormatlaýyn Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça guralan şäheri ýaşyl zolaga büremek boýunça halkyň uly gerimli işiniň näderejede möhümdigin aýdyňlygy bilen görünýär.

Ýol adamzadyň iň gadymy oýlap tapyşlarynyň biridir. Adamlar olaryň ähmiýetine birnäçe müň ýyl mundan öň düşünipdirler. Häzirki wagtda ýollar adamzat durmuşynyň aýrylmaz bölegine, ýaşaýşyň akabalaryna öwrüldi. Häzirki zaman awtoulaglarynyň peýda bolmagy binagärlikde täze ugryň -  halkyň ösüşiniň we maddy hal-ýagdaýynyň derejesini şöhlelendirýän awtomagistrallaryň gurluşygynyň peýda bolmagyna getirdi.

Şäher ýa-da şäheriň daşyndaky ýollarmy, tapawudy ýok, olar adamlaryň wagtyhoşlugyny döredýär, olaryň estetik taýdan terbiýelemäge gatnaşýar.

Köçeleri we ýollary abadanlaşdyrmakda çylşyrymly we has jogapkärçilikli wezipeleriň biri gatnawly zolagyň we ýanýodalaryň örtüklerini düşemek bolup durýar. Olaryň ýagdaýy boýunça döwletiň ösüşi we maddy hal-ýagdaýy hakynda pikir ýöretmek bolýar. Döwletiň ýollaryň gurluşygyna we döwrebaplaşdyrylmagyna ägirt uly serişdeleri bölüp bermegi netijesinde Türkmenistanyň ýol hojalygynyň önümçilik-tehniki binýady berkedi.

Aşgabadyň ýokary okuw mekdeplerinde ýol gurujy inženerler taýýarlanýar, ýollaryň gurluşygyna daşary ýurt şereketleri çekilýär. Bularyň ählisi bizi häzirki zaman ülňülere laýyk gelýän ygtybarly we uzak hyzmat etjek ýollary gurmaga borçlandyrýar. Ýol-gurluşyk materiallarynyň hiline gözegçilik etmek, ýol-gurluşyk işlerini amala aşyrmagyň tehnologiýasyny berjaý etmek we olary Türkmenistanyň tehniki talaplaryna we gurluşyk kadalaryna laýyk getirmek boýunça belli bir işi Türkmenistanyň Gurluşyk ministrliginiň ýanyndaky Seýsmiki taýdan durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň asflat materiallarynyň barlaghanasy geçirýär.

Abadanlaşdyrylan köçeler we ýollar - bu gatnawly zolaklaryň we ýanýodalaryň meýilleşdirilen we gurlan örtükleridir,ýaşyk zolaga bürelen meýdançalardyr, hereketi sazlamagyň taýýarlanan we gurnalan tehniki serişdeleridir. Aýratyn ýagdaýdalarda, haçan-da köçeler we ýollar adamlaryň we ulagyň hereketinden çendenaşa ýüklenende şäher hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmegiň özboluşly usuly şäheriň ýollarynyň kesişýän ýerlerinde dürli derejelerde geçýän çatryklary bina etmek bolup durýar, ol şeýle-de ulagyň ýokary tizlikli hereketini üpjün edýär.

Ýurdumyzda asfaltbeton örtükli häzirki zaman ýollarynyň ençeme kilometrleri gurulýar. Paýtagtymyzy welaýat merkezleri bilen bilen birleşdirýän, ýolagçy gatnawyny we ýük dolanyşygyny artdyrmak boýunça möhüm wezipeleri çözmäge we munuň netijesinde ýurduň ykdysadyýetini ösdürmäge mümkinçilik berýän ulag awtomagistrallaryny gurmak boýunça işler ýokary depginde alnyp barylýar.

Çylşyrymly inženerlik desgalary bolan awtomobil ýollarynyň gurluşygynda ýokary hilli ýol-gurluşyk materiallar ulanylýar we ýollaryň we awtoulaglaryň özara täsirleşmesiniň mehanizmlerine, dünýäniň ylmy-tehniki we tehnologik gazananlarynyň esasynda örtükleri taýýarlamagyň we düşemegiň tehnologiýasyny yzygiderli kämilleşdirmegiň zerurlygyna çuňňur düşünýän inžener-tehniki hünärmenler çekilýär.

Ýollary gurmak üçin esasy material bolup asfaltbeton hyzmat edýär, ol çagylyň, çägäniň, mineral poroşogyň we nebit bitumynyň garyndysyndan alynýar. Bu garyndylaryň özara gatnaşygy dogry bolanda we olaryň aýratynlyklary standartlaryň talaplaryna laýyk gelende örtükler onlarça ýyl hyzmat edip bilýär. Olaryň ýüze çykmagynyň sebäpleri şu aşakdakylar bolup biler: mineral we organiki materiallaryň hiliniň pes bolmagy, asfaltbeton garyndylaryň düzümleriniň optimal görkezijilere laýyk gelmezligi, asfaltbeton garyndylary taýýarlananda olardan örtükler gurnalanda tehnologik talaplaryň bozulmagy, ýoluň düýpleriniň göterijilik ukybynyň pes bolmagy.

Türkmenistanyň yssy howa şertlerinde asfaltbeton örtükler ýokary temperaturalarda ýylylyga durnukly, howanyň temperaturasy üzül-kesil üýtgände jaýrylma durnukly we ýaz-güýz pasyllarynda suwa durnukly bolmaly.

Ýollaryň gurluşygynyň ýokary hil görkezijilerini gazanmak üçin umumy ykrar edilen tehnologiýa goldanmak zerur: ilki bilen beton gysmaly ýol gyralary gurnalýar, soňra asfaltbeton garyndylar düşelýär we dykyzlandyrylýar. Ýol gurluşykçylar tarapyndan kämahal ulanylýan tersine yzygiderlilik gün ýylylygynyň we ulagyň ýüklenmeleriniň täsiri astynda asflatbeton örtüginiň dykyz we berk düzüminiň bozulmagyna getirýär. Şonuň üçin olar berk we degişli galyňlykda bolmaly.

Ýollaryň gurluşygynyň hilinewe hyzmat ediş möhletlerine könelşen, topragyň şertlerine we häzirki zaman ulag hereketiniň depginine laýyk gelmeýän bir kysymly düzütleriň ulanylmasy hem täsir edýär.  Ýollary asfaltbetondan edilen örtükleriniň ygtybarly we uzak wagtlap hyzmat etmegi üçin olaryň zerur berkligi we suwa durnuklylygy bolmaly, Türkmenistanyň yssy howa şertlerinde bolsa tomusyň ýokary temperaturalary we gurluşygyň birnäçe etraplarynyň seýsmikiligi bilen bagly ýeterlik derejede ýylylyga durnukly we deformatiw bolmaly,

Bu talaplar çylşyrymly we köp görnüşlidir, olary bäsdeşlik aýratynlykly asfaltbeton garyndysynyň ýeke-täk düzümi kanagatlandyryp bilmez. Mysal üçin, garyndyda bitumyň artykmaçlyk etmegi suwa ýokary durnuklylygy üpjün etmek bilen, ýokary temperaturalarda örtügiň işleýşine ýaramaz täsir edýär, pes temperaturalarda bolsa jaýryklaryň emele gelmegine getirýär. Şonuň üçin ýol gurluşygynda ulanyljak degişli hildäki materiallary saýlap almak iň jogapkärçilikli wezipe bolup durýar.

Şunuň bilen bir hatarda, ýerli bitumlaryň aýratynlyklaryny, onuň temperatura garaşlylygyny plastifikatorlary (PAW) we aktiwatorlary goşmak bilen üýtgedip bolýandygy barlaglar arkaly anyklandy. Biz tarapyndan hödürlenýän ýol bitumlarynyň hilini gowulandyrmak biýunça öňdebaryjy tehnologiýalaryň amala aşyrylmagy we olaryň önümçilikde köpçülikleýin ulanylmagy ýollaryň asfaltbeton örtükleriniň hilini has-da gowulandyrmaga mümkinçilik berer.

Ýol ulgamynyň we ulagyň organiki taýdan özara baglanyşykly bolýandygy mälimdir. Mundan başga-da, şäheriň tekiz we uzak hyzmat etjek material bilen örtülen köçesi we ýoly ulagyň çalt we howpsuz hereket etmegine, adamlaryň we ýükleriň tiz we howpsuz gatnadylmagyna ýardam edýär. Şäheriň hereketini tertipleşdirmekde jemgyýetçilik ulagynyň saýlanyp alnan görnüşi we onuň sazlaşykly işi hem kömek edip biler.

"Türkmenistany 2020-nji ýyla çenli döwür içinde ykdysady, syýasaty we medeni taýdan ösdürmegiň baş ugry" milli maksatnamsynyň ösüşiniň depginlerinden ruhlanyp, şu döwre çenli Aşgabadyň ilatynyň iki esseden gowrak artjakdygyny hasaba alyp, jemgyýetçilik ulagynyň täze häzirki zaman görnüşleri hakynda oýlanmak gerek. Dünýäde ulagyň bar bolan onlarça ýerüsti, ýerasty, howa we suw görnüşlerinden territoriýasy demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara uzalyp gidýän Aşgabat şäheri üçin ýokary tizlikli, galmagalsyz we howpsuz monorelsli ýoly gurmak has maksadalaýyk bolup durýar. Muňa garamazdan, bu pikir doly ölçerilip-dökülmeli we ylmy-tehniki we önümçilik-ykdysady taýdan esaslandyrylmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu meseleleriň ählisine uly üns berýär we binagärleri, gurluşykçylary we ulag pudagynyň işgärlerini Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň paýtagtyny ýokary derejede ösen infrastrukturaly dünýäniň iň oňat şäherleriniň birine öwürmäge gönükdirýär, olardan şu günki günüň däl, eýsem geljegiň wezipeleri hakynda alada etmegi talap edýär.