Bizin işgärler “Seýsmiki gorag we seýsmiki durnukly tilsimler” atly temadan hünäri ýokarlandyrmak boýunça 3 hepdelik okuw iş maslahatyna gatnaşdylar

Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň “Jaýlaryň we desgalaryň seýsmika çydamlyk” barlaghanasynyň baş hünärmeni we “Gidroizolýasiýa we posa garşy gorag” barlaghanasynyň hünärmeni Toýmyrat Orazow bilen, 2017-nji ýylyň ýylyň ýanwar aýynyň 23-den fewral aýynyň 10-y aralygynda Ýaponiýanyň halkara gatnaşyklar agentliginiň (Japan International Cooperation Agency, JICA) guramagyndaky, Ýaponiýa döwletiniň Tokio, Kiota, Kobe we Osaka şäherlerinde, “Seýsmiki gorag we seýsmiki durnukly tilsimler” atly temadan hünäri ýokarlandyrmak boýunça 3 hepdelik okuw iş maslahatyna gatnaşdylar.

Bu okuw maslahatyna Gazagystan, Gyrgyzystan we Ermenistan döwletleriniň,  döwlet edara-kärhanalarynyň hünärmenleri hem gatnaşdylar. Okuw iş maslahatynyň çäklerinde Ýaponiýa döwletiniň gurluşyk pudagynyň we tebigy betbagtçylyklardan goragynyň aýratynlyklary nazarda tutulyp düzülen iş maksatnamasynyň dowamynda seýsmiki goragyň amala aşyrylyşyna we seýsmiki ýagdaýa durnukly tilsimleriň ýerine ýetirilişine giňişleýin garaldy. Okuw iş maslahaty öz içine okuw dersleri boýunça leksiýalar we düşündirişli synlama gezelençleri arkaly alynyp baryldy.

Okuw iş maslahaty döwründe degişli ugurlar boýunça, Ýaponiýanyň ylmy-barlag institutlarynyň, uniwersitetleriniň professor-mugallymlary, şeýle hem ministrlikleriniň, seýsmiki goraga we seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyga degişli bolan edara-kärhanalarynyň hünärmenleri tarapyndan jemi 28 sany leksiýa okaldy we 11 sany ýerine çykyp barlama arkaly düşündirişli synlama gezelençleri gurnaldy.  

Hünäri ýokarlandyrmak boýunça okuw iş maslahatynyň gün tertibi iki bölekden ybarat bolup, güniň birinji ýarymynda okuw dersleri boýunça leksiýalar, güniň ikinji ýarymynda seýsmiki gorag we seýsmiki ýagdaýa durnukly tilsimler boýunça ýerinde barlag geçirmek arkaly düşündirişli synlama gezelençli leksiýalar okaldy.

Ýaponiýanyň gurluşyk pudagynyň hünärmenleri we alymlary elmydama kämilleşdirilýän häzirki zaman tilsimlerini ulanýarlar. “Seýsmiki gorag we seýsmiki durnukly tilsimler” okuw iş maslahatynyň okuw meýilnamasy we degişli ugur boýunça pikir alyşmak Ýaponiýanyň seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşykda alyp barýan işleri institutymyzyň hünärmenleriniň tejribesini artdyrar. Bu ugur boýunça ençeme ýyldan bari iş alyp barýan hünärmenleriň okan leksiýalary, eden gürrüňleri gyzykly we peýdaly boldy.

Üç hepdelik maksatnamaly hünäri ýokarlandyrmak boýunça okuw iş maslahatynyň guramaçylary häzirki günde seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyga degişli bolan peýdaly we uly gyzyklanma döredýän meseleri öz içine alýan dersler arkaly diňleýjilere ýetirmegi başardylar. Okuwyň soňky günlerinde gatnaşyjylara okalan dersleriň jemi boýunça prezentasiýa arkaly hünär synagy geçirildi we dabaraly ýagdaýda “Seýsmiki gorag we seýsmiki durnukly tilsimler” atly okuw iş maslahatynyň hünäri ýokarlandyrmak baradaky şahadatnamasy gowşuryldy.