Döwrebaplaşdyrmak we marketing – gurluşyk ulgamyny ösdürmegiň esasy ugurlarydyr

Demirgazyk sebitiň dolandyryş merkezinde şähergurluşygy maksatnamasy ýokary depginlerde amala aşyrylýar, onuň netijesinde amatly otaglary bolan we ösen durmuş-dynç alyş düzümli ýaşaýyş jaý toplumlary Daşoguzyň görküne görk goşdy, şäher gurşawy toplumlaýyn häsiýete eýe boldy.

“Türkmendemirbetonönümleri” önümçilik birleşiginiň Daşoguzdaky demir-beton önümleri kärhanasy sebitiň gurluşyk pudagynda esasy orun eýeleýär. Iki ýyl mundan ozal bu ýerde geçirilen kärhananyň durkuny täzelemek işleriniň netijesinde çykarylýan önümleriň sanawy artdyryldy. Sehleriň aglabasynyň enjamlary döwrebaplaşdyryldy, olarda häzirkizaman asma kranlar, çapyjy we egreldiji, dartyjy we takyk kebşirleýji, armaturalary işlemegiň beýleki görnüşleri üçin gerekli stanoklar, şeýle hem ýokary öndürijilikli multi-kast, beton garyjy, täze kompressor we bug generatory hem-de beýleki enjamlar oturdyldy. Kärhananyň tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrylmagy demir-beton önümleriniň hilini ýokarlanmagyna, netijede girdejiniň artmagyna getirdi. Sebitiň gurluşyk guramalarynyň ösýän talabyna laýyklykda önüm öndürilişi ýylda 25 müň kub metre ýetirildi. Netijeli marketing strategiýasy we täze önümleri öndürmegi özleşdirmek – girdejiniň artmagynyň esasy girewidir.

Birleşigiň bölümleriniň biri jaýlary bina etmäge ýörüteleşdirilen. Binalaryň panelleriniň şu ýerde öndürilmegi taslamalary durmuşa geçirmäge çykdajylaryň ep-esli azalmagyna getirýär. Häzirki wagtda ýörüteleşdirilen kärhana dört gatly jaýlaryň üçüsiniň: 32 öýli jaýlaryň 2-siniň we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyralan 48 öýli 1 jaýyň gurluşygyny alyp barýar.

 

http://www.turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=11424