Konferensiýalar

ESASY ÖLÇÜT – YGTYBARLYLYK WE HIL

         Taryhy öwrenmek, bulardan başga-da, ol ýa-da beýleki hadysalaryň hakyky manysyna düşünmeklige ýardam berýänligi bilen hem peýdaly. Bu Beýik Ýüpek ýolunyň we döwlet baştutanynyň uly tagallasynyň netijesinde onuň bu günki dikeldilişiniň mysalynda aýdyň görnüp dur. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitaby türkmen halkynyň taryhy ýoluna, onuň ykdysady, ylmy we medeni ösüşe goşandyna obýektiw baha bermäge mümkinçilik berýär. Eger-de şol ýoldan ýüzýyllyklaryň dowamynda kerwenler bilen adamlaryň ýörändigi anyk belli bolmadyk bolsa, onda dag gerişleriniň arasyndan, suwsuz çölleriň içinden we jöwzaly tomsuň sütüniňi süýndüriji yssysynda we harasatly ýelli gazaply gyşyň aňzagynda beýik dagly  geçelgelerden geçmek üçin awtomobil ýoluny gurmak baradaky pikir kimiň kellesine geljek. Kimdir biri deňizde ýük daşalandan şeýle ýoluň amatly boljakdygyny tassyklamasa gerek. Emma taryh özüniň esasy sözüni aýdýar: bu mümkin hem amatly. Beýik Ýüpek ýolunyň geçen, seýsmiki taýdan howply sebitlerinde gurulýan ähli binalaryň, esasan hem kerwen-saraýlaryň we medeni desgalaryň ygtybarly we berk bolmaklary üçin gadym döwürlerde olary berkitmegiň öz usullary we emelleri bolupdyr. Biziň döwrümizde bu ugurda alymlaryň we gurluşykçylaryň uly we hemişelik işi alnyp barylýar.

         Döwlet baştutanymyz özüniň her bir çykyşynda ýurdumyzda gurulýan  desgalaryň  ählisiniň ýokary derejedäki dünýä ülňülerine doly laýyk gelmelidigini, olaryň her biriniň gurluşygyna örän oňaýly çemeleşmelidigini we taslamalaryň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän derejede işläp taýýarlamalydygyny belläp geçýär. Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk YBI-nyň işinde esasy we ugrukdyryjy çelgi bolup durýar. Gurulýan binalaryň we desgalaryň ygtybarlylygynyň, berkliginiň we seýsmiki taýdan durnuklylygynyň nähili üpjün edilýänligi, seýsmika çydamlylygyň nähili kadalarynyň ulanylýanlygy barada Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk YBI-nyň «Topraklaryň barlagynyň inžener-geologik usullary» barlaghanasynyň müdiri Laçyn Aşyrowa gürrüň berdi:

         - Häzir, täze Beýik Ýüpek ýolunda kerwen ýodalary ýokary tizlikde gidilýän şa ýollar we demir ýollar bilen çalşyryldy, kerwen-saraýlar we bazarlar bolsa ajaýyp şäherleri döwrebap kommunikasiýalar bilen çalşyrdylar.

         Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk tötänden ýüze çykmady, entek gadymy döwürde adamlar onuň esaslaryny bilýärdiler we olardan işjeň peýdalanýardylar. Hawa, Gresiýada käbir mazarlar we köşkler özüniň kämilleşen konstruktiw çözgüdine görä ýokary seýsmika çydamlylyk häsiýetine eýe bolupdyrlar, olar şu güne çenli hem dur. Bu ýerde «Ýeri yrgyldadýan» hudaýa bagyşlanan oduň medeniýeti bolupdyr. Gadymy gurluşykçylarda ýer titreme hudaýyň gaharynyň gelmegi hasaplanypdyr. Ýaşaýjylara ot hemişe islendik wagt olaryň öýleriniň üstüne inderilip biljek beladygyny ýatladypdyr. Şonuň üçin olar öz öýlerini, beýleki gurlan jaýlaryny seýsmiki täsirlerden goramak üçin çäreleri geçiripdirler.

         Şeýlelikde, desga üçin material bolup uly dykyzlygy bolan ýerli  kremnili hekdaş hyzmat edipdir. Aýratyn-da gümmezli jaýlar gurulýan wagtynda iň iri daş bloklar diwaryň aşaky böleginde ýerleşdirilipdir: diwarlar ýokary galdyryldygyça ýuka bolýardylar we daş bloklary bolsa azalýar. Gümmeziň şular ýaly çürelip gidýän konfigurasiýasy antiseýsmikanyň talaplaryna oňat laýyk gelýär. Gadymy inkleriň binagärliginiň özboluşlylygy bolsa şundan ybarat, ýagny olar diwarlary şeýle bir  dürs we dykyz galdyrypdyrlar we daş bloklary biri-birine deň getirip gurupdyrlar welin, olaryň arasynda hat-da pyçagyň tygyny hem goýup bolmandyr. Şeýle-de, geň galmaly zat, gadymy döwürde biziň şu günki günde seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşygyň esasy ýörelgeleri hasaplaýjak zadymyzy, ýagny simmetriýany hem-de agramlaryň we gatylyklaryň deňölçegli bölünmesini ulanypdyrlar.

         Bu gün seýsmika çydamly jaýlaryň gurluşygy – bu giden bir ylym. Onuň netijesinde biziň gözümiziň alnynda ýurduň diňe bir iri şäherleriniň däl, eýsem şäherçeleriň we obalaryň hem daş keşbi üýtgeýär. Şeýlelikde türkmen alymlarynyň we gurluşykçylarynyň wezipesi – betbagtçylyk zerarly gelip biljek ýitgini aňrybaş azaltmak, seýsmiki howpsuzlygy hem-de binalaryň we desgalaryň durnuklylygyny üpjün etmek.

         Dünýä tejribesiniň görkezişi ýaly, seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk häzirlikçe ýer titremeleriň netijelerinden goraýan ýeke-täk gorag bolup durýar. Binalaryň we desgalaryň abat saklanmagynyň kepilnamasy – bu adamlaryň ýaşaýşynyň howpsuzlygynyň kepilnamasydyr. Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk pudagynda türkmen alymlarynyň üstünlikleri desgalaryň hasaplaşyk usullarynyň kämilleşdirilmegi, ýerli çig maldan täze gurluşyk materiallarynyň alynmagy we olaryň esasynda seýsmika çydamly konstruksiýalaryň işlenip düzülmegi netijesinde gazanyldy.

         Türkmenistan seýsmiklik bar bolan zolakda ýerleşýär, bu bolsa ýer titremelrden goramak boýunça adekwat çäreleriň kabul edilmeginiň zerurlygyny döredýär. Gurluşygyň ähli obýektlerinde hereket edýän kadalaryň berjaý edilmegine Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk YBI-nyň we Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň beýleki bölümleriniň hünärmenleri hemişe gözegçilik edýärler. Binalaryň we desgalaryň seýsmika çydamlylygyna düýpgöter täze konstruktiw innowasion ulgamlary we kadalaşdyryjy-hasaplaşyk binýadyny ulanmak bilen ýetilýär, ýagny olar seýsmiki täsirlere has uly garşylyk görkezijiligi üpjün etmäge mümkinçilik berýärler. Obýektleri seýsmiki taýdan goramagyň netijeli çäresi binýatlaryň durnukly emeli teýkaryny döretmek we taslama edilýän gurluşyk meýdançalarynyň seýsmikligine hakyky baha bermekde esaslanan konstruksiýalary berkitmekdir.

         Seýsmiki howpa we töwekgelçilige hakyky baha bermek inžener-geologik gözlegleriň we ýörite instrumental-geofiziki işleriň hakyky materiallarynyň esasynda esaslanýar. Şu döwürde işleriň şolar ýaly görnüşleri Türkmenbaşy şäherinde amala aşyrylýar, bu ýerde golaý ýerlerini abadanlaşdyrmak bilen Halkara deňiz porty ýaly iri obýektyň gurluşygy alnyp barylýar.

         Häzirki wagtda biz «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda, Aşgabat şäherinde, Ahal welaýatynda, şol sanda «Polimeks», «Gap inşaat», «Buig», «Çalyk», «Rönesans» ýaly we beýleki kompaniýalaryň sargamasy boýunça inžener-geologik barlaglary ýerine ýetirýäris.

         Ähli gurluşyk işleri wagtynda we oňat hilli ýerine ýetirilýär. Munuň üçin biziň barlaghanamyzyň hünärmenleri gurluşyk meýdançasyna gidýärler – ýeri kesgitleýärler we topragyň dykyzlygyna we çyglylygyna nusgalary alýarlar. Soňra biz eýýäm öz institutymyzyň barlaghanasynda topragyň nusgalyklarynyň süýşýän, compression synaglaryny geçirýäris, ondan soň alnan netijeleri hödürnamalar görnüşinde buýrujylara berýäris.

         Biziň ýurdumyzda, Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz portunyň gurluşygyndan başga, ýene-de iki sany iri obýektleriň: Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde karbamid zawodynyň (buýrujy - «Gap inşaat»), şeýle hem Ahal welaýatynda tebigy gazy benzine gaýtadan işleýän zawodyň (buýrujy - «Rönesans» kompaniýasy) gurluşygy alnyp barylýar. Şu obýektleriň hemmesinde «Topraklaryň barlagynyň inžener-geologik usullary» barlaghanasynyň hünärmenleri tarapyndan teýkaryň «jet-group» görnüşli pürsler arkaly dykyzlandyrylan teýgumlarynyň fiziki-mehaniki häsiýetleriniň görkezijilerini kesgitlemegiň netijeleri boýunça teýgumlaryň meýdan we barlaghana barlaglarynyň netijelerini statistiki taýdan işläp bejermek amala aşyryldy. Şeýle-de, biziň barlaghanamyzyň hünärmenleri tarapyndan her bir obýektyň gönüden-göni gurluşyk meýdançasynda teýgumlaryň gat-gat dykyzlandyrmasy yzygiderli kesgitlenilýär.

         Diňe 2017-nji ýylda biziň barlaghanamyzyň işgärleri karbamid zawodynyň gurluşyk meýdançasy boýunça nusgalaryň (1000-den gowrak nusgalyk) synaglarynyň 140 sany beýanlaryny, Ahal welaýatynda tebigy gazy benzine gaýtadan işleýän zawod boýunça – synaglaryň (4000-e golaý nusgalyk) 400 sany beýanlaryny taýýarladylar we buýruja berdiler we Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryna laýyklygy boýunça netijenamalary we hödürnamalary berdiler.

         Şeýle hem, Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk YBI-nyň hünärmenleri tarapyndan binalara we desgalara ýetirilýän seýsmiki täsiriň reaksiýasyny azaltmak maksady bilen «düşek» diýlip atlandyrylýan emeli teýkaryň inženerlik taýýarlygy boýunça hödürnamalar berilýär. Ähli gurulýan binalaryň we desgalaryň uly möçberliligi we jogapkärçilikliligi, gurluşyk obýektlerine bildirilýän talaplar, Türkmenistanyň kadalaşdyryjy binýady we Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk YBI-nyň barlaghanalarynyň obýekt gurulýan döwründe ýerine ýetirýän işleriniň görnüşleri her bir obýektde işleriň görnüşleriniň tutuň toplumyny geçirmekligiň zerurdygyny şertlendirýär. Ýerine ýetirilýän işleriň her bir görnüşiniň möçberleri Türkmenistanyň kadalaşdyryjy resminamalaryna laýyklykda kesgitlenilýär.

         Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda ýaýbaňlanýan gurluşyk depginlerine, köplenç, seýsmika garşy täze innowasion usullary işläp düzmek we durmuşa ornaşdyrmak boýunça alymlaryň we gurluşykçylaryň bilelikdäki tagallalary netijesinde ýetilýär. Emma ýer titremeleriň we beýleki tebigy betbagtçylyklaryň netijeleriniň öňüni almak üçin diňe ylym we tehnika ýeterlik bolar diýsek hakykata laýyk bolmazdy. Türkmen alymlary öz goşantlaryny barlaglaryň geçirilmeginde görýärler, ol barlaglar tebigy betbagtçylyklaryň howplulyk derejesine baha bermäge we öz wagtynda degişli çäreleri we olaryň netijeleriniň öňüni almak üçin hödürnamalary kabul etmäge mümkinçilik bererler.

 

«Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti, 2018-nji ýylyň 3-nji ýanwary