Esenow Emil Mahtumowiç

Esenow Emil Mahtumowiç, geologik-mineralogik ylymlarynyň doktory, «Inženerlik seýsmologiýasy» barlaghanasynyň baş ylmy işgäri.

Esenow Emil Mahtumowiç – 300-den gowrak ylmy makalalaryň we 5 sany monografiýalaryň awtory, ol ylmyň gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmak boýunça 30-dan gowrak delilnamalary aldy. Onuň ýolbaşçylyk etmeginde we gatnaşmagynda işlenip düzülen işleriň usulyýeti we seýsmiki mikroetraplaşdyrma boýunça kartalar kadalaşdyryjy resminamalar hökmünde tassyklandy hem-de Türkmenistanyň şäher çäklerini ösdürmekligiň baş meýilnamalarynyň esasyny düzmek bilen, seýsmiki taýdan güýçli sebitlerde taslama etmekligi we gurluşyk işlerini alyp barmagy durmuşa geçirilýär.

1994-nji ýylda Esenow Emil Mahtumowiç geologik-mineralogik ylymlarynyň doktory diýen alymlyk derejesini almak üçin dissertasiýasyny üstünlikli gorady, Uly ylmy işgär diýen ylmy adyň eýesi.

1992-1996-njy ýyllarda Emil Mahtumowiç Esenow Eýranyň we Yzraýylyň çäklerindäki birnäçe dürli obýektleriň meýdançalarynyň seýsmiki howplulygyna baha bermek boýunça işlerde halkara bilermen we jogapkär ýerine ýetiriji hökmünde çykyş etdi.