Geldiýew Rahman Atanazarowiç

Geldiýew Rahman Atanazarowiç – Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik minstrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň “Gurluşyk materiallaryň häsiýetleriniň barlagy” barlaghanasynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji müdiri.

R.A.Geldiýew 2003ý.- 2007ý. aralykda  Türkmen Politehniki institutynyň nebit gazy gaýtadan işlemegiň himiki, inžener-tilsimatçy, hünärini ele aldy.

R.A.Geldiýew 2007ý.-2011ý. aralykda Tejen şäheriniň Nebit kärhanasynyň operatory, 1-nji derejeli operatory, sehiň başlygy,  1-nji derejeli haryt operatory bolup işleýär.

2011ý.- 2012ý. aralykda Ahal welaýatynyň Düýpli gurluşyk müdirliginiň tehniki gözegçisi wezipesinde işleýär.

2012ý.-2014ý. aralykda Türkmenistanyň Gurluşyk ministrliginiň “Ahalgurluşyk” önümçilik birleşiginiň hil boýunça hünärmeni wezipesinde işleýär.

R.A.Geldiýew 2014ý.-2015ý. Türkmenistanyň Gurluşyk ministrliginiň „Türkmendöwlettaslama“ döwlet taslama ylmy-önümçilik birleşiginiň  “Ahaltaslama” döwlet taslama institutynyñ Gurluşygyň hiline gözegçilik we gurama gözegçilik bölüminiñ başlygy wezipesinde, Tehniki resminamalar bölüminiñ 1-nji derejeli tehnigi wezipesinde işleýär.

2017-nji ýylyň oktýabr aýyndan başlap Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa gurluşyk durnukly ylmy-barlag institutynyň Tehniki gözegçilik bölüminiň esasy inženeri bolup işleýär, häzirki wagtda bolsa şol institutyň “GMHB” barlaghanasynyň müdiri wezipesini alyp barýar.