Gurtlyda ýaşaýyş jaý toplumyny gurmagyň ikinji tapgyry durmuşa geçirilýär

“Nusaý ýollary” hususy kärhanasy Aşgabadyň günbatarynda Gurtly ýaşaýyş jaý toplumynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy göz öňünde tutulýan jaýlaryň ilkinjisiniň – 40 öýli jaýyň düýbüni tutmak işine girişdi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan hususy gurluşyk kompaniýalary hersinde 40 öýden 80 öýe çenli dürli görnüşli dört gatly jaýlaryň 62-sini bina ederler. 

Täze ýaşaýyş jaý toplumy Köşi we Gurbansoltan eje köçelerine golaý 90 gektar ýerde kemala geler. Ýaşaýyş jaýlary bilen birlikde ýaşaýyş-durmuş düzümini: çagalar bagyny we mekdep, söwda-dynç alyş merkezini, ýapyk bazar we dükanlary bina etmek göz öňünde tutulýar. Inženerçilik kommunikasiýalary çekiler, sorujy, kiçi elektrik beketleri we beýleki kömekçi binalar gurlar, öýleriň töweregi abadanlaşdyrylar we daragtlar oturdylar. 

Telekeçileriň bina etjek nobatdaky şähergurluşyk taslamasynyň ýaşaýyş jaýlarynda seýsmiki durnuklylygy, gurluşyk we bezeg serişdeleriniň ekologiýa taýdan arassalagy, otaglarynyň amatly ýerleşdirilişi, ýaşamak üçin amatlylgy we oňaýlygy ýaly ýokary hil ölçegleri göz öňünde tutulýar. Toplumyň taslamasy ýerli relýefe laýyklykda taýýarlanyldy.