Heläkçilikleriň töwekgelçiliklerini azaltmak meselelerinde halkara meýilleri we ýapon tejribesi ulgamynda bilimleri alyşmak

2017-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň uly mejlisler zalynda “Heläkçilikleriň töwekgelçiliklerini azaltmak meselelerinde halkara meýilleri we ýapon tejribesi ulgamynda bilimleri alyşmak” atly ylmy-amaly maslahatyna institutyň hünärmenleri gatnaşyp pikir alyşdylar.

 

Maslahat “Aşgabat şäherinde we onuň daş-töweregindäki çäklerde seýsmologik gözegçilikler ulgamyny döwrebaplaşdyrmak” barada Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Ýaponiýanyň Halkara Hyzmatdaşlyk Agentliginiň arasynda baglaşylan şertnamanyň çäklerinde geçirilýär.

Maslahatyň guramaçylary:

  •  Ýaponiýanyň Halkara Hyzmatdaşlyk Agentligi (ЛСД);
  •  Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy instituty.

Maslahatyň maksady:

Betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini azaltmak ulgamynda halkara meýilleri we ýapon tejribesi bilen tanyşdyrmak, heläkçilikleriň öňüniň alynmagyna jogap berýän ähli edaralara aragatnaşyk ýaýlymlary boýunça ýertitremelere edilen gözegçilikler barada ygtybarly maglumatyň getirilmegini üpjün etmek, olara dessine seslenmek we heläkçilikleriň netijelerini ýok etmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak bolup durýar.

Maslahatyň wezipeleri:

  •  Heläkçilikleriň töwekgelçiliklerini azaltmak ulgamynda halkara meýillerini we ýapon tejribesini hödürlemek;
  •  “Aşgabat şäherinde we onuň daş-töweregindäki çäklerde seýsmologik gözegçilikler ulgamyny döwrebaplaşdyrmak” taslamasy bilen tanyşdyrmak;
  •  Seýsmologiýa, seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ulgamynda işleýän ylmy edaralaryň we Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky guramalaryň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak;
  •  Has amatly aragatnaşyk serişdelerini saýlap almak we aragatnaşyk ýaýlymlary boýunça gözegçilikleriň maglumatlaryny geçirmegi guramak boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşmak;

- Maslahata gatnaşyjylaryň arasynda pikir alyşmak.

Maslahatda Taslamany durmuşa geçirmek, ýertitremelere gözegçilikler ulgamyny, topragyň güýçli süýşmeleriniň gözegçilikler ulgamyny we ýertitremeler hem-de onuň hasaplanylan işjeňligi barada maglumatlary ýaýratmak ulgamyny, şeýle hem şäherleşen çäklerde seýsmiki töwekgelçilikler ulgamyny gowulandyrmak meselelerine garaldy.

 

 

«HELÄKÇILIKLERIŇ TÖWEKGELÇILIKLI AZALTMAK

MESELELERINDE HALKARA MEÝILLERI WE

ÝAPON ТЕЛШ ULGAMYNDA BILIMLERI ALYŞMAK»

atly ylmy-amaly maslahatyň

IŞ MAKSATNAMASY

I. 9.30-10.00 - Maslahata gatnaşyjylary bellige almak

Maslahatyň açylyşy.

Giriş sözi: M.H. Aşyrbaýew

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýa prezidenti

Kasumata Takahiko

Yaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan с we doly ygtyýarly ilçisi

II. Umumy mejlisde çykyşlar:

10.25 Astanow R.M., Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat goragy we halas ediş işleri müdirliginiň saglygy goraýyş bölüminiň başlyg Türkmenistanda heläkçilikleriň töwekgelçiliklerini azaltmak boýunça tagallalar bilen tanyşdyrmak.

11.00 Goto Kon, Yaponiýanyň Halkara Hyzmatdaşlyk Agentliginiň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça müdirliginiň ikinji bölüminiň, Daşky gurşawy goramak boýunça halkara departamentiniň direktory  Heläkçilikleriň töwekgelçiliklerini azaltmak meselelerinde halkara meýilleri we yapon tejribesi ulgamynda bilimleri alyşmak.

11.50 Saryýewa G.Ç., Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy institutynyň direktory «Aşgabat şäherinde we onuň daş-töweregindäki çäklerde seýsmologik gözegçilikler ulgamyny döwrebaplaşdyrmak» taslamasy bilen tanyşdyrmak

12.15 Hojaýew A., Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy institutynyň uly ylmy işgäri Taslama boýunça iş toparlarynyň häzirki wagta çenli geçiren işleriniň netijeleri barada

                 12.35  Meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy, piker alyşmalar.

 

 

Türkmenistanyň «Heläkçilikleriň töwekgelçiliklerini

azaltmak meselelerinde halkara meýilleri we ýapon tejribesi ulgamynda

bilimleri alyşmak» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşýan

edaralaryň we guramalaryň sanawy:

 

1.   Ýapon Halkara hyzmatdaşlygy agentligi (JICA).

2.   Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy.

3.   Aşgabat şäher häkimligi.

4.   Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi.

5.   Türkmenistanyň Bilim ministrligi.

6.   «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugy.

7.   Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi.

8.   Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi.

9.   «Türkmengaz» döwlet konsemi.

10.«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy.

11.Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat goragy we halas ediş işleri müdirligi.

12. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy instituty.

13.Halkara nebit we gaz uniwersiteti.

14.«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengaz- üpjünçilik» birleşiginiň «Aşgabatgaz» müdirligi.

15. Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa dumukly gurluşyk ylmy-barlag instituty.

16.Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnolo- giýalar uniwersiteti.

17. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlary.