HILIŇ HALKARA STANDARTLARY BOÝUNÇA

«Desgalaryň birnäçe ýyllaryň dowamynda halka hyzmat etmegi üçin gurluşyk işleriniň ýokary hilini üpjün etmeklige aýratyn üns bermek zerur. Gurluşygyň buýrujylary bolup çykyş edýän edaralaryň we kärhanalaryň hökmany suratda degişli halkara sertifikaty bolmalydyr. - Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisleriniň birinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýdan bu sözleri Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk YBI-nyň alyp barýan işinde gollanma bolup hyzmat edýär.

         Döwlet baştutanynyň bu tabşyrygy bilen baglylykda, Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk YBI-nyň işgärler topary öz öňlerinde maksat goýdy – institutda Hil dolandyryş ulgamyny (HDU) işläp düzmek we ornaşdyrmak we “Taslamalaryň, jaýlaryň we desgalaryň barlagy. Gurluşyk materiallarynyň seljermeleri we synaglary” boýunça ISO 9001:2015 halkara sertifikaty almak.  

         Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk YBI-nyň hil dolandyryş ulgamynyň seljermesi boýunça resminamalar toplumy Şweýsariýanyň akkreditasiýalaşma edarasynyň tehniki komiteti («SGS» kompaniýasy) tarapyndan tassyklanyldy. Institutyň işgärlerinden (14 adam) ybarat işçi topary tarapyndan hil dolandyryş ulgamyny işläp düzmek we ornaşdyrmak üçin hem-de halkara derejesinde sertifikatlaşdyrmak üçin ähli zerur bolan resminamalar ýygnaldy. Biziň eden tagallalarymyzyň we işlerimiziň netijesinde ISO 9001:2015 standartyň talaplaryna laýyk gelýän СН17/0675 belgili halkara sertifikaty alyndy.

         Halkara sertifikaty ISO 9001:2015 – bu Institutda ornaşdyrylýan täzelikleriň Türkmenistanda seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşygyň durnukly ösüşde bolmagyna we ösüşiň ýokary depginlerini mese-mälim görkezmäge mümkinçilik berýänliginiň subutnamasydyr. Galyberse-de, bu biziň Institutymyzda hil dolandyryş ulgamynyň ýokary halkara derejesinde ykrar edilmeginiň subutnamasydyr.   

         Şweýsariýanyň «SGS» kompaniýasy 1878-nji ýylda esaslandyryldy, ştab-kwartirasy (esasy nokady) Ženewa şäherinde ýerleşýär. Kompaniýanyň şu güne çenli dünýäniň 135 sany ýurtlarynda 85 müňden gowrak işgärleri, 1800-den  köp ofisleri bar. 1995-nji ýyldan bäri «SGS» kompaniýanyň Aşgabat şäherinde öz ofisi bar.

      ISO 9001:2015 standartyň esasynda ýatan baş ýörelge - bu edaranyň ýolbaşçysynyň taslamada hil dolandyryş ulgamyny döretmek boýunça taglymatydyr. Hut, şu taglymatyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek bilen, Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk YBI-nyň ýolbaşçysy Institutda HDU-ny durmuşa geçirmäge we ornaşdyrmaga işjeň gatnaşýar. Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşygyň hiliniň kämilleşdirilmegine gönükdirilen innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna üns bermek bilen, biziň Institutymyzda “Hil boýunça syýasaty”

 işlenip düzüldi we tassyklanyldy hem-de Institutyň saýtynda (seysmostroy.gov.tm) görkezilen ”biziň maksadymyz–çäginde seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk pudagynda tanymal öňde baryjy bolmak” kesgitlenildi.

Hil dolandyryş ulgamynyň mundan beýläk işlemegi we onuň prosesleriniň dolandyrylmagy üçin iş toparynyň düzümine HDU-ny ornaşdyrmak boýunça Institutyň ähli barlaghanalaryndan hünärmenler goşuldy. Olaryň hemmesiniň köp ýyllyk iş tejribesi bar, şeýle hem olar ISO 9001:2015 standartyň talaplary boýunça trening formatyndaky maslahat görnüşinde okuw geçdiler. Bularyň hemmesi geçirilen barlaghana synaglarynyň diňe bir gowy hilliligini gowulandyrmaga ýardam etmän, eýsem işleri ýerine ýetirmegiň möhletlerini azaltmaga, Türkmenistanyň çäginde hereket edýän Gurluşyk kadalarynyň we düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçiligi ýokarlandyrmaga  mümkinçilik berer.

         Biziň Institutymyzyň döreýiş taryhynyň çuň kökleri bar, ýöne Institutyň häzirki dikeldilen wagtynyň başlangyjyny 2009-njy ýylyň 12-nji iýuny hasaplamak bolar, sebäbi hut, şol gün çuňňur hormatlanýan Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutyny (SÝDGYBI) döretmek baradaky Karara gol çekildi. Häzirki wagtda bu seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk, gurluşyk materiallary we inženerlik seýsmologiýasy boýunça düýpli we amaly barlaglary amala aşyrýan  ýöriteleşdirilen ylmy-barlag edaradyr. Altmyş ýyldan gowrak iş tejribesi, ýokary hünär derejeli işgärleri we düýpli ylmy-barlag binýady bolan Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk YBI-nyň işgärler topary hakyky tehniki konstruktorçylyk çözgütleri durmuşa geçirýär we ylmy taýdan esaslandyrylan hödürnamalary bermek üçin gurluşyk materiallaryny synag etmek babatda iň täze tehnologiýalary ulanýar. Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk YBI-nyň döwrebap öndürijilik kuwwatlylyklary, onuň gurluşy, işgärleriň ýokary hünär derejeliligi bellenen möhletlerde barlaghana synaglaryny, şeýle hem gurluşyk materiallarynyň berlen nusgalarynyň Türkmenistanyň gurluşyk kadalarynyň we düzgünleriniň talaplaryna laýyklygynyň ýokary hilli seljermesini geçirmäge mümkinçilik berýärler.

         Institutyň işgärleri öz öňlerinde köp ähmiýetli we talap edilýän wezipeleri goýýarlar – ýagny, Türkmenistanyň çägindäki ýaşalýan we ýaşalmaýan binalaryň we desgalaryň ulanyşynda ilatyň howpsuzlygyny üpjün etmek. Bu hem gurluşyk materiallarynyň hiline gözegçilik etmek, hem binalaryň we desgalaryň tehnologiki ýagdaýyna baha bermek, şeýle hem seýsmiki täsiri azaltmak üçin netijenamalary we hödürnamalary işläp taýýarlamak, bulara laýyklykda biziň ýurdumyzyň çäginde gurluşyk işleri alnyp barylýar. Ondan başga-da, Institut Türkmenistanyň sebitleýin, seýsmiki we howa şertleriniň aýratynlyklaryny nazara alyp, gurluşyk pudagynda ylmy-barlag işleri geçirmek, gurluşygyň kadalaşdyryjy binýadyny kämilleşdirmek bilen meşgullanýar. Gurluşygyň hilini gowulandyrmak boýunça döwletiň talaplaryny durmuşa geçirmek bilen, Institut şeýle-de ýerli müşderilere bolşy ýaly, Türkmenistanyň çäginde işleýän daşary ýurtly gurluşyk firmalaryna edilýän hyzmatlaryň hem hilini gowulandyrmak bilen meşgullanýar.

         Institutda alnyp barylýan işleri amala aşyrmak üçin ýedi sany ylmy-barlag barlaghanalar bar. Institutyň iki sany barlaghanasy – bular «Beton we demirbeton» we «Gidroizolýasiýa we posa garşy gorag» barlaghanalary «Türkmenstandartlary» Baş döwlet gullugy tarapyndan akkreditleşdirilen, üç sany – «Asfalt materiallary», «Topraklaryň barlagynyň inžener-geologiýa usullary», «Gurluşyk materiallarynyň häsiýetleriniň barlagy» barlaghanalary bolsa, barlaghana synaglaryny geçirmeklige hukuk almak üçin attestatlaşdyrylan, bu bolsa olaryň alyp barýan işleriniň ýokary hilliligini tassyklaýar.

         Institutyň ýolbaşçysy HDU-nyň durnukly bolmagy üçin goşmaça binalary almak üçin her ýyl işleri meýilleşdirýär, mysal üçin, işgärler halkara maslahatlara, seminarlara, simpoziumlara gatnaşýarlar, şeýle hem Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk YBI-nyň Ýygyndylaryny yzygiderli neşir edýärler. Bu seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk çygrynda Türkmenistanyň bazarynda we halkara bazarynda bäsdeşlik edip bilmäge ukyply edara bolmak üçin zerurdyr.

          Netijede Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk YBI-nda işlenip taýýarlanylan, ornaşdyrylan we üstünlikli işleýän Hil dolandyryş ulgamy, ISO 9001:2015 halkara standartlaryna laýyk gelmek bilen, biziň Institutymyzyň alyp barýan işiniň netijeliligini hemişe ýokarlandyrmagyň degerli guraly boldy. Halkara sertifikatlaşma Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk YBI-na müşderi-buýrujylar bilen işini gowulandyrmaga we biziň Institutymyzyň ylmy-tehniki hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga şübhesiz mümkinçilik berer.

 

Guwanç Аnnaýew - Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk

 YBI-nyň direktorynyň orunbasary

 

«Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti,

2017-nji ýylyň 2-nji dekabry