Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda we onuň töwereklerinde dowam edýän gurluşyklarda işleriň barşy bilen tanyşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçardan paýtagtymyzda alnyp barylýan iri gurluşyk meýdançalarynda birnäçe desgalarda, Ahal welaýatynyň ekerançylyk meýdanlarynda işleriň ýagdaýy bilen tanşyp, durmuş ulgamyny has-da kämilleşdirmek boýunça öňde durýan möhüm wezipeleriň ýerine ýetirilişine aýratyn üns berdi.

Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn şähergurluşyk maksatnamasyny yzygiderli durmuşa geçirmäge gönükdirilen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine uly ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, gurulýan desgalarda milli binagärlik ýörelgeleri bilen bir hatarda, häzirki zaman tejribelerini utgaşdyrmak, bina edilýän desgalaryň ýokary hil derejesini üpjün etmek hem-de olary öz wagtynda ulanmaga bermek esasy talaplar bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça guşuçar belentlikden ak mermerli Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan täze döredijilikli maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde paýtagtymyz sazlaşykly ösüp, dünýäniň owadan hem-de ýaşamak üçin amatly şertleri özünde jemleýän şäherleriniň hatarynda öz ornuny pugtalandyrdy. Aşgabat öz çäklerini ýylsaýyn giňeldýär, onuň binagärlik toplumynyň üsti bolsa täze jaýlar we desgalar bilen ýetirilýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dikuçary paýtagtymyzyň günorta-gündogar künjegine tarap ugur aldy. Aşgabadyň sazlaşykly ösüş ýoluna düşen künjegi bolan Parahat — 7 ýaşaýyş toplumynda alnyp barylýan işler häzirki döwrüň talabyna laýyk gelýär. Bu ýerde dürli maksatly binalar yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýär. Şolaryň hatarynda şäheriň binagärlik keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýän döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, şähergurluşyk maksatnamasy toplumlaýyn esasda, şol sanda ugurdaş, ilkinji nobatda, durmuş düzümini döretmek bilen amala aşyrylýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarynda öz beýanyny tapan syýasatyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Milli Liderimiz ilatyň döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak, şunuň bilen baglylykda, ähli amatlyklary özünde jemleýän häzirki zaman ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň depginlerini ýokarlandyrmak meselelerine örän jogapkärli çemeleşilmelidigini belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň uçuşy şäheriň demirgazyk künjegi boýunça dowam etdi. Bu ýerde Aşgabady ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynyň çäklerinde täze şäheri gurmak meýilleşdirildi. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde amala aşyryljak gurluşyk işlerine ylmy esasda çemeleşmegiň zerurdygyny belledi we munuň üçin degişli düzümler bilen bilelikde iş alyp barmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz gurluşygyň gerimini nazara almak bilen, ony tapgyrlaýyn esasda amala aşyrmagyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Täze binalar we desgalar gurlanda olaryň maksadyny we ulanyş häsiýetnamalaryny, zerur bolan ýaşaýyş-durmuş, inženerçilik-tehniki we ulag-aragatnaşyk düzüminiň döredilmegini göz öňünde tutmaly diýip, hormatly Prezidentimiz bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, täze guruljak ähli binalar paýtagtymyzyň ajaýyp binagärlik toplumy bilen utgaşyp, bu künjegiň tebigy aýratynlyklary bilen sazlaşmalydyr. Şolaryň daşky we içki bezelişinde, otaglarynda milli nagyşlary giňden ulanmak gerek, munuň özi binalara aýratyn öwüşgin çaýýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Şonuň bilen birlikde, adam hakyndaky alada esasy ölçeg bolmalydyr.

Şeýle hem milli Liderimiz Gurtly köli we onuň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak bilen baglanyşykly meselelere degip geçmek bilen, bu künjekde dynç almak üçin amatly şertleriň döredilmeginiň, suwa düşülýän ýerleriň gurulmagynyň wajypdygyna ünsi çekip, häkime anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz uçuşyň dowamynda paýtagtymyzyň Halkara howa menziliniň golaýynda bina edilýän «Garagum» myhmanhanasynyň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanşyp, gurluşykda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi we desganyň bellenen möhletlerde ulanylmaga berilmegi bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiziň dikuçary Köşä tarap ugur aldy, bu ýerde Aşgabady ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde gurluşyk işleri batly depginde alnyp barylýar, bu taslama durmuş maksatly desgalaryň iri toplumyny, şol sanda birnäçe gatly, köp öýli ýaşaýyş jaýlarynyň hem gurluşygyny özünde jemleýär. Bu ýerde işler desgalaryň ygtybarlylygyny we seýsmiki durnuklylygyny hem-de howpsuzlygyny nazara almak bilen döwrüň talabyna laýyklykda amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow guşuçar belentlikden täze gurulýan desgalarda işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Dikuçaryň üstünden ýöriteleşdirilen tehnikalary ulanmak bilen bellenilen tertibe laýyklykda alnyp barylýan işleriň gerimi aýdyň görünýär.

Şeýle hem şäheriň bu künjeginde döwrebap ýol-ulag düzümi, adamlaryň ýaşaýşy üçin aňrybaş şertleri üpjün edýän inženerçilik-aragatnaşyk ulgamy döretmek göz öňünde tutulýar. Binalaryň gurluşygy bilen bir hatarda, bu ýerde seýilgähler, gök zolaklar peýda bolar, binalaryň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyrylar. Döwlet Baştutanymyz amatly ekologiýa gurşawynyň döredilmeginiň paýtagtymyzy ösdürmegiň esasy şertleriniň biri bolup durýandygyny belläp, bu meseläni berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzda durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna aýratyn üns bermek bilen, adamlaryň durmuşynyň ähli ugurlary babatda abadan we mynasyp durmuşyň üpjün edilmegine uly ähmiýet berýär. Milli Liderimiz uçuşyň barşynda şol işleri üns merkezinde saklamagyň möhümdigini belläp, bu babatda häkime anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze gurulýan söwda toplumynyň binagärlik çözgüdine ünsi çekip, onda satyjylaryň işlemegi, şeýle hem alyjylaryň amatlylygy üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigini aýtdy hem-de bu babatda häkime degişli tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň günorta künjeginde alnyp barylýan işler bilen gyzyklanyp, dag eteginde Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň ýerleşdirilmegi meýilleşdirilýän meýdançada ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işleriň barşy bilen tanyşdy. Milli Liderimiz türkmen halkynyň beýik oglunyň — döredijilik mirasy dünýäniň medeni genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan Gündogaryň görnükli şahyrynyň we akyldarynyň keşbini ebedileşdirýän ýadygärligiň ähmiýetini belläp, bu taslama amala aşyrylanda, milli ýörelgeler bilen häzirki zaman tejribesiniň utgaşdyrylmalydygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz uçuşy dowam edip, «Welosiped» binasynyň gurulmagy meýilleşdirilýän ýeri synlady. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde sportuň ekologiýa taýdan arassa görnüşi hasaplanylýan welosiped sporty ýurdumyzda netijeli ösdürilýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etdi, munuň özi döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän asylly başlangyçlarynyň halkara derejede ykrar edilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Çandybil şaýolunyň ugrunda Türkmenistanyň öňden gelýän işewür hyzmatdaşy bolan Fransiýanyň «Buig Batiman» kompaniýasyna ynanylan desgalaryň gurluşygy ýaýbaňlandyryldy.

Häzirki döwürde Aşgabat sebit we halkara hyzmatdaşlygynyň ykrar edilen merkezine öwrülip, türkmen halkynyň baý medeni-taryhy we häzirki döwürde ýeten derejesi bilen has ýakyndan tanyşmaga isleg bildirýän daşary ýurtly syýahatçylaryň we jahankeşdeleriň gelýän ýerine öwrüldi.

Täze gurulýan desgalaryň hatarynda Halkara kongres merkeziniň binasy we kaşaň myhmanhana bar. Bu häzirki zaman binalarynyň Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna mynasyp toý sowgatlaryna öwrüljekdigini bellemeli. Şeýle hem şäheriň bu künjeginde öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün ediljek «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň we «Senagat» paýdarlar-täjirçilik bankynyň edara binalary gurulýar. Ýakyn wagtda olar şäheriň binagärlik toplumlary bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirer.

Soňky ýyllarda Aşgabadyň sebit we dünýä derejesindäki iri forumlaryň yzygiderli geçirilýän ýerine öwrülendigini nazara almak bilen, bu ýerde gurulýan desgalaryň derejesi ýokary halkara ülňülere doly laýyk gelýär. Wajyp gurluşyk taslamalarynyň başyny başlamak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şolary taýýarlamak we durmuşa geçirmek boýunça ähli tapgyrlary yzygiderli gözegçilikde saklaýar hem-de öňde durýan wezipeleriň çözgüdine täzeçil, hemmetaraplaýyn we oýlanyşykly çemeleşmegiň ähmiýetini belleýär.

Şunda, milli Liderimiziň belleýşi ýaly, binalaryň gözelligi, ekologiýa taýdan ähmiýeti, ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagy, zerur ýaşaýyş-durmuş, inženerçilik-tehniki we ulag-aragatnaşyk düzümleriniň döredilmegi, adamlaryň döredijilikli zähmet çekmegi, göwnejaý dynç almagy üçin ähli şertleriň üpjün edilmegi döwrüň möhüm talaby bolup durýar.

Milli Liderimiz täze taryhy eýýamda Türkmenistany dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň birine öwürmek boýunça toplumlaýyn strategiýanyň amala aşyrylýandygyny belläp, milli ykdysadyýetimiziň köpugurly esasda ösdürilmegi we önümçilige täzeçil tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy barada aýratyn durup geçdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň we taslamalarynyň ählisiniň eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine, durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegine we mähriban halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilmelidigini belläp, uçuşy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew bilen dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçaryň üstünden Ahal welaýatyna degişli ekerançylyk meýdanlarynda häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy hem-de bu künjekde gurulýan dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Milli Liderimiz Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini belläp, wise-premýere degişli görkezmeleri berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz oba hojalygynyň ösdürilmeginde häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň peýdalanylmagy, pudaga degişli ylmy institutlaryň işiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiziň kabul eden Kararyna laýyklykda, 2019-njy ýyldan başlap, bugdaýyň we pagtanyň döwlet tarapyndan satyn alnyş bahalary ýokarlandyryldy. Munuň özi obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleriň hil taýdan täze derejä çykarylmagyna, ýurdumyzyň oba hojalygynyň kuwwatyny doly peýdalanmaga giň ýol açdy. Pudakda oba hojalyk önümlerini öndürijiler üçin döwlet tarapyndan ýeňillikli şertleriň döredilmegi hem öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmegine ýardam edýär.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda oba zähmetkeşlerine döwlet tarapyndan ýeňillikleriň dürli görnüşleriniň, şol sanda önümçilik harajatlarynyň azaldylmagyna gönükdirilen ýeňillikleriň berilýändigini hem bellemeli. Hususan-da, ekerançylara ýer üçin iň pes töleg bellenildi, olar salgyt tölemekden doly boşadyldy. Kärendeçileri we daýhan birleşiklerini tehnika, tohumlar, mineral dökünler, suw hem-de hyzmatlaryň beýleki görnüşleri bilen üpjün etmek işi hem ýeňillikli şertlerde amala aşyrylýar.

Şeýlelikde, oba hojalygynyň işini kämilleşdirmek boýunça möhüm ädimler ädildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow uçuşyň dowamynda ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän ekiş möwsüminiň guramaçylyk derejesi, bugdaýa edilýän ideg işleri bilen gyzyklandy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, daýhanlaryň öndürijilikli zähmet çekmegi üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi, oba hojalygynyň okgunly ösdürilmegi we pudagyň düşewüntliliginiň ýokarlandyrylmagy bilen baglanyşykly meseleler hemişe gözegçilikde saklanylmalydyr.

Şu günler gowaça we beýleki ekinleriň ekişi bilen bir hatarda, güýzlük bugdaýa agrotehnikanyň talaplaryna laýyk derejede ideg işleri ýaýbaňlandyryldy. Bu işleriň bellenilen möhletde we ýokary hilli geçirilmegi bereketli hasylyň kepili bolup durýar. Milli Liderimiz degişli düzümleriň takyk we sazlaşykly işlemegini üpjün etmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz sebitiň suwaryş ulgamlarynyň we degişli desgalaryň, şeýle hem suw howdanlarynyň ýagdaýyna yzygiderli gözegçiligiň ýola goýulmalydygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz ýerli aýratynlyklar nazara alnyp, köpçülikleýin bag nahallarynyň oturdylmagyna aýratyn ähmiýet berilmelidigini aýtdy. Mysal üçin, Garagum derýasynyň ýakasynda tut nahallarynyň ekilmegi onuň kenarlaryny berkitmek bilen bir hatarda, ekologiýa oňaýly täsirini ýetirer. Şunuň bilen baglylykda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaryna degişli görkezmeler berildi.

Zähmeti ýokary derejede mehanizmleşdirmek we awtomatlaşdyrmak oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini artdyrmagyň hem-de daýhanlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmagyň möhüm şertidir. Bu ulgamdaky maksada gönükdirilen çäreler oba hojalygynda alnyp barylýan işleriň depgininiň artdyrylmagyna, ýerleriň hasyllylygynyň ýokarlandyrylmagyna, hojalygy dolandyrmagyň öňdebaryjy usullarynyň ornaşdyrylmagyna gönükdirilmelidir diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Pudaga sanly elektron resminama dolandyryş ulgamyny, täze tehnologiýalary hem-de innowasiýalary girizmek, ekerançylygy mehanizmleşdirmegiň derejesini ýokarlandyrmagyň, gaýtadan işleýän pudagy döwrebaplaşdyrmagyň we ösdürmegiň hasabyna zähmet öndürijiligini artdyrmak ýaly ugurlara aýratyn ähmiýet berilmelidir. Munuň özi ýurdumyzyň oba hojalyk syýasatynda ileri tutulýan ugurlardyr.

Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek we eksport harytlarynyň möçberini artdyrmak boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde, welaýatlaryň her birinde häzirki zaman ekerançylyk hem-de maldarçylyk toplumlary döredilmelidir. Şeýle hem oba hojalyk önümçiliginde telekeçilere aýratyn orun degişli bolmalydyr. Wise-premýeriň habar berşi ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzyň telekeçileri obasenagat toplumynda has-da işjeňlik görkezýärler.

Şeýlelikde, döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzy we sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işleriň ýagdaýyny hemişe üns merkezinde saklaýar. Munuň özi ýurdumyzyň ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösdürilmegini, halkymyz üçin ýokary derejeli ýaşaýyş-durmuş ulgamynyň üpjün edilmegini şertlendirýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow uçuşy tamamlap, öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmegi üçin ähli tagallalary etmegiň möhümdigini belledi.

http://www.turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=12520