Kaýserli Ýelena Wasilýewna

Kaýserli Ýelena Wasilýewna – «Gidroizolýasiýa we posa garşy gorag» barlaghanasynyň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji

Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynda 2003-nji ýyldan bäri işleýär. 1994-nji ýylda Türkmen politehniki institutynyň inžener-himik-tehnolog hünäri boýunça tamamlady.

2012-nji ýylda 05.23.05 «Gurluşyk materiallary we önümleri» hünäri boýunça tehniki ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesini almak üçin aspiranturany tamamlady. Ylmy temasynyň ýolbaşçysy: t.y.k., Т.А. Dowmat. «Daşary ýurtlardan getirilýän we Türkmenistanda öndürilýän posa garşy we gidroizolýasion materiallaryň barlagy we olaryň ulanylyşy boýunça klassifikasiýany işläp düzmek» atly dissertasiýa işi 70% ýerine ýetirildi.

Dissertasiýa işi işläp düzmekligiň Meýilnamasyna laýyklykda ýerine ýetirildi, şeýle-de amaly işleri hem öz içine alýar. Dissertasiýa işiniň netijeleri wajyp we Türkmenistanyň dürli gurluşyk obýektlerinde ornaşdyryldy. Ýerli çig mal esasynda alynýan düýrlenen üçeklik we gidroizolýasion (suw geçirmeýän) materiallar Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk materiallary ministrliginiň,  «Çaly» HK, «Ussatlyk» HK «Santehönümleri» zawodlarynda goýberildi.

Dissertasiýa işi boýunça özüniň gatnaşmagynda №555 «Düýrlenen üçeklik we gidroizolýasion material «IZOBIT»» oýlap tapma üçin Çäklendirilen patent işlenip düzüldi we alyndy, Döwlet reýestrinde bellige alnyş senesi: 18.09.2012ý.-dan 18.09.2022ý. çenli.

Milli döwlet kadalaşdyryjy resminamalary işläp düzmeklige gatnaşýar, 5 sany ylmy çap etmeleri bar.