Maksadymyz – hil durnuklylygy

Gurluşyk pudagy Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň diňe bir paýtagaty Aşgabat şäheri ösdürilip, onuň durkunyň düýpli abadanlaşdyrylmagy bilen çäklenilmän, şäherlerimiziň hem oba-kentlerimiziň keşbi düýpli döwrebaplaşdyrylýar. Ýurdumyzda senagat we raýat maksatly binalaryň we desgalaryň gurluşygy giň gerimde alnyp barylýar. Gurluşyk işlerini alyp barmakda öňe sürülýän ilkinji, gaýragoýulmasyz wezipeleriň biride, gurluşyk işleriniň ygtybarlylygyny, uzak ömürliligini hem seýsmiki taýdan durnuklylygyny üpjün etmek bilen baglydyr.

Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşygyň hilini yzygiderli kämilleşdirmäge gönükdirilen iň täze, innowasiýaly tehnologiýalaryň giň gerimde ornaşdyrylýandygyny nazara almak bilen, Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň binýadynda şol institutyň w.ý.ý. direktory B.Gurbanlyýewiň başlangyjy esasynda Hil ulgamyndaky syýasat işlenip taýýarlanyldy. Bu syýasat diňe bir barlaghanalarda geçirilýän synaglaryň hilini gowulandyrmaga itergi bermek bilen çäklenmän, işleri ýerine ýetirmegiň möhletlerini gysgaltmaga, şonuň ýalyda, Türkmenistanyň çäginde hereket edýän Gurluşyk kadalarynyň gyşarnyksyz berjaý edilmegine gözegçiligi hil taýdan ýokarlandyrmaga, netijede bolsa, institutyň ykdysady görkezijilerini düýpli artdyrmaga ýardam berer.

2016-njy ýylyň maý aýynda Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň ISO 9001:2015 Halkara standartyny ornaşdyrmak boýunça iri möçberli taslama badalga berildi. Bu taslama hil menejmenti ulgamyny ýokary halkara ülňülerine laýyklykda guramakda, uzagyndan bolsa, halkara sertifikatlaşdyrmak ulgamynyň işini ýola goýmakda möhüm ädim bolar.

Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutyna «Netijelilik» (MСT AgenсyTM) HJ –niň işewür-maslahatçylary ýakyndan kömek berýärler. Taslamany amala aşyrmak işleri menejment boýunça audit barlagyny geçirmekden hem-de institutyň işgärler düzüminden ýörite iş toparyny döretmekden başlandy. Bu topar tutuş institutyň iş tertibini we resminamalar dolanyşygynyň düzgünini işläp taýýarlamak we olary halkara ülňüleriniň kadalaryna kybaplaşdyrmak meseleleriniň üstünde işlär. Şonuň ýalyda, «Netijelilik» HJ-niň işewür-maslahatçylary tarapyndan bu iş topary üçin halkara standartynyň many-mazmunyny düşündirmek hem-de hil menejmenti ulgamyny işläp taýýarlamagyň we ornaşdyrmagyň usullarynyň özleşdirilmegini gazanmak maksady bilen ýörite amaly okuwlary guramak we geçirmek göz öňünde tutulýar.

Özbaşdak ylmy-barlag düzüm gurluşy hökmünde Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag instituty häzirki görnüşinde 2009-njy ýylda öz işine başlady. Institutyň dörediliş taryhy has uzak döwürlere siňip gidýänligine garamazdan (seýsmiki taýdan gurluşygyň ilkinji bölümi barypha 1949-njy ýylda döredildi), institutyň işiniň gaýtadan dikeldilen senesi diýip 2009-njy ýylyň 12-nji iýulyny hasaplap bolar, çünki hut şu senede Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutyny döretmek baradaky Karara gol çekildi.

Institutyň işgärleriniň öňünde bellenilen baş wezipe – Türkmenistanyň çägindäki ýaşaýyş we ýaşaýyş däl binalaryň we desgalaryň ulanylmagynyň ilat üçin howpsuz bolmagyny üpjün etmekden ybaratdyr. Bu wezipe gurluşyk materiallarynyň hil barlagy, binalaryň we desgalaryň tehnologik ýagdaýyna baha bermek, şonuň ýalyda, ýurdumyzyň çäginde gurluşyk işlerini alyp barmakda ileri tutulýan hem-de seýsmiki täsirleri mümkin boldugyça peseltmäge gönükdirilen netijenamalary we maslahatlary işläp taýýarlamak ýaly möhüm çäreleri öz içine alýar.

Altmyş ýyldan hem köpräk döwrüň içinde toplanan baý iş tejribesine, ýokary ussatlyk derejeli işgärleriň bilimine hem başarnygynya, şeýlede, kuwwatly ylmy-barlag goruna daýanmak bilen, Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag instituty gurluşyk materiallaryny dürli ugurlar boýunça synagdan geçirmek, ylmy taýdan esaslandyrylan netijenamalary we maslahatlary işläp taýýarlamak hem-de bermek boýunça özboluşly tehniki çözgütleri netijeli durmuşa geçirýär we özüniň gündelik işinde iň täze tehnologiýalary peýdalanýar. Ýeterlik derejedäki önümçilik kuwwatlyklarynyň bolmagy, önümçilik gurluşynyň aňrybaş çeýeligi, onda zähmet çekýän hünärmenleriň ýokary ussatlyk derejesi Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutyna öwrenmek üçin berlen nusgalaryň zerur bolan barlaghana synaglaryny, hil derňewini TGK (Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryna) hem-de tehnologiýalara döwrebap derejesine doly laýyklykda, bellenilen möhletlerde we ýokary hilli geçirmäge giň mümkinçilik döredýär.

Amala aşyrylýan gurluşyk işleriniň hilini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça döwletimiz tarapyndan öňe sürlen talaplary gyşarnyksyz durmuşa geçirmek bilen, institutyň bilermenleri Türkmenistanyň çäginde köp sanly desgalarda gurluşyk işlerini alyp barýan ýerli we halkara kompaniýalaryna edilýän hyzmatlaryň hilini yzygiderli kämilleşdirmek barada çynlakaý alada edýär.

Hil menejmenti ulgamyny işläp taýýarlamak we uzagy bilen işe ornaşdyrmak çäreleri «Netijelilik» («MCT Agency» söwda kysymy) HJ konsalting kompaniýasy tarapyndan berilýän tehnologiýa esasynda amala aşyrylýar. Bu tehnologiýada göz öňünde tutulan tapgyrlara laýyklykda, Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň binýadynda institutyň dürli barlaghanalarynyň we bölümleriniň wekillerinden ýörite iş topary düzüldi. Toparyň agzalarynyň ygtyýarlyklary we jogapkärçiligi institut boýunça çykarylan buýruk bilen berkidildi. Iş topary öz öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmegi onuň agzalary üçin ýokary hünärli maslahatçylar tarapyndan guralan amaly okuwlary geçirmekden başlady. Bu okuwlaryň barşynda toparyň agzalary:

– ISO 9001:2015 halkara standartynyň talaplary;

– hil menejmenti ulgamyny (HMU) döretmek ugrunda peýdalanylýan ýörite adalgalar;

– hili dolandyrmak ulgamynda bar bolan töwekgelçilikleri we mümkinçilikleri gözläp tapmagyň hem-de olara baha bermegiň usullary;

– öňde duran maksatlary SMART şertlerine laýyklykda bellemegiň usuly;

– gyzyklanma bildirýän taraplaryň bähbitleriniň hasaba alynmagyna esaslanýan strategik menejmentiň binýatlaýyn konsepsiýalary;

– hili dolandyrmak ulgamynda düýpli çözgütleri kabul etmek maksady bilen bitewi maglumatlar giňişligini kemala getirmegiň kadalary;

– menejment ulgamyny ISO 9001: 2015 Halkara standartynyň talaplaryna laýyklykda işläp taýýarlamagyň we ornaşdyrmagyň tertibi hem-de usullary bilen tanyşdyryldy.

Institutyň binýadynda döredilen hil boýunýça iş topary «Netijelilik» HJ-niň maslahatçylary bilen bilelikde hil menejmenti ulgamyny işläp taýýarlamak boýunça netijeli işleri alyp barýarlar. Çylşyrymly, şol bir wagtyň özünde düýpli döredijilikli çemeleşmäni talap edýän bu wezipe institutyň ýokary hünärli işgärlerinden öz alyp barýan işlerini ISO 9001:2015 Halkara standartynyň talaplaryna laýyk getirmek maksady bilen yzygiderli seljermegi hem-de onuň hilini ýokarlandyrmagyň ýollarynyň gözleginde bolmagy talap edýär.

Taslamanyň netijeli we doly möçberde amala aşyrylmagy Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutyna ISO 9001:2015 standartynyň talaplaryna laýyklyk boýunça halkara sertifikatlaşdyrmasyny üstünlikli geçmäge mümkinçilik berer. Degişli şahadatnamanyň berilmegi Institutda menejment işiniň kämil derejede ýola goýlandygynyň hem-de müşderiler bilen alnyp barylýan işleriň ýokary hil derejesinde guralandygynyň aýdyň ykrarnamasy bolar.

Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň hil boýunça iş toparynyň agzalary eýýäm birnäçe aýyň dowamynda bilelikde şu ugurlar boýunça netijeli iş alyp barýarlar:

– STGYBI-nyň hili dolandyrmak ulgamyndaky strategiýasyny kemala getirmek;

– institutyň tutuş özi we aýry-aýry barlaghanalary üçin hil ulgamyndaky maksatlary bellemek, teswirlemek, beýan etmek hem-de giňden ýaýbaňlandyrmak;

– institutyň barlaghanalarynda alnyp barylýan iş ýagdaýyny beýan etmek hem-de yzygiderli kämilleşdirmek, şeýle-de, ISO 9001:2015 standartynyň talaplaryna laýyk gelýän täze iş düzgünlerini işläp taýýarlamak;

– institut tarapyndan ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň sarp edijilerine hem-de olaryň kanagatlandyrylyşyna baha bermäge gönükdirilen çäreleriň many-mazmunyny teswirlemek hem-de beýan etmek;

– hili dolandyrmak ulgamynda bar bolan mümkinçilikleri gözläp tapmagyň hem-de olara baha bermegiň usullaryny kesgitlemek;

– institutyň hil menejmenti ulgamyny yzygiderli gowulandyrmaga alyp barýan şertleri kemala getirmek.

Guramanyň ýolbaşçylyk düzüminiň hili dolandyrmak ulgamyny kemala getirmek boýunça taslama babatynda ileri tutýan meýilleri ISO 9001:2015 Halkara standartynyň binýadynda goýlan esasy ýörelgeleriň biri bolup durýar. Bu ýörelgäniň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegini üpjün etmek bilen, Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň ýolbaşçylary institutda hil menejment ulgamyny işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak baradaky taslamanyň netijeli durmuşa geçirilmegine ýakyndan gatnaşýar, amala aşyrylýan oňyn özgertmeleri goldaýar, geljekki ösüş ugurlaryny hem-de hili dolandyrmak meseleleriniň bu ösüşde tutýan ornuny takyk kesgitleýär.

Ýokarda bellenilişi ýaly, hil menejmenti ulgamyny ISO 9001:2015 Halkara standartynyň talaplaryna laýyklykda işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak boýunça taslama bu ugurdaky işleriň birnäçe tapgyrda alnyp barylmagyny göz öňünde tutýar. Institutyň hil boýunça iş toparynyň agzalary we maslahatçylar tarapyndan şu aşakda görkezilen ugurlar boýunça netijeli işler amala aşyryldy:

– institutyň iş tejribesine laýyklyk baradaky degişli resminamalar işlenip taýýarlanyldy hem-de olar boýunça göz öňünde tutulan degişli ýazgylar yzygiderli esasda alnyp barylýar;

– içerki audit (gözegçilik we barlag) gullugy döredildi, ilkinji audit barlagy geçirildi we degişli hasabat işlenip taýýarlanyldy;

– institutyň hil menejmenti ulgamy baradaky resminamalar toplumy sertifikatlaşdyrmany amala aşyrýan gurama tarapyndan geçiriljek audit barlagyna doly taýýar edildi;

– ýolbaşçylar düzümi tarapyndan institutyň hil menejmenti ulgamynyň hereket edişiniň ilkinji düýpli seljermesi geçirildi hem-de degişli hasabat taýýarlanyldy;

Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň hil boýunça iş toparynyň agzalary tarapyndan çylşyrymly, şol bir wagtyň özünde ýokary ähmiýetli, diýseň gyzykly we özüniň many-mazmuny boýunça döredijilikli iş ýerine ýetirildi.

Häzirki döwürde ISO 9001:2015 Halkara hil standartyny ornaşdyrmak işleri tamamlaýjy tapgyra gadam basdy. Munuň özi institutda ornaşdyrylýan düýpli özgerişlikleriň durnukly ösüşlere itergi berjekdigini, seýsmiki taýdan durnukly gurluşyk ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilýändigini açyp görkezýändigini aýtmaga doly esas berýär.

 

Larisa AGAÝEWA,

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň «Inženerçilik seýsmologiýasy» barlaghanasynyň müdüriniň w.ý.ý.

 

Daniil MAÝKOWSKIÝ,

«Netijelilik» HJ-niň direktory