“MIRASA SARPA GOÝMAK, WATANY ÖZGERTMEK ÝYLYNDA GURLUŞYK WE BINAGÄRLIK PUDAGYNYŇ YLMY GADAMLARY”

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ylym-bilim kuwwatyny artdyrmak üçin ähli zerur şertler döredýär. Bu ugurda milli Liderimiziň başlangyçlary bilen ýurdumyzda ýygy-ýygydan geçirilýän halkara forumlaryň, sergileriň we ylmy maslahatlaryň ähmiýeti uludyr.

Ylymlar gününe bagyşlanyp 2016-njy ýylyň 8-nji iýunynda Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginde açylan “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda gurluşyk we binagärlik pudagynyň ylmy gadamlary” atly ylmy-amaly maslahat we sergi hem muny aýdyň tassyk etdi.

 

 Ylmy-amaly maslahata Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň, Jemagat hojalygy ministrliginiň, “Türkmenhowaýollary” Döwlet konserniniň, Aşgabat şäher häkimliginiň edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institrutynyň, Türkmen Döwlet çeperçilik akademiýasynyň, Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

         Dabaraly çärede Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň “Akmermer” we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň “Oguzlar” aýdym-saz toparynyň çykyşylary ýaňlandy.

         Ylmy-amaly mashaty Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministri Çary Ataýew açyp, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda gazanylýan ýokary üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler, ähli ösüşleriň özeni bolan ylym-bilim ulgamynyň ähmiýeti, ähli ulgamlar bilen bir hatarda, ýurdumyzyň gurluşyk ulgamynda amal edilýän işler barada söhbet açyp, bu işleriň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyza çäksiz hoşallyk sözlerini beýan etdi.

 Häzirki döwürde ýurdumyzyň her bir güni ýokary ösüşlere beslenýär. Gözel mekanymyzyň görküne görk goşýan belent-belent binalar, ýaşaýyş jaýlary, desgalar göwün göteriji gözelligi bilen halkymyzyň döretmek, gurmak, bina galdyrmak isleglerini artdyrýar. Maslahata gatnaşyjylara ýurdumyzda güýçli depginde alnyp barylýan gurluşyk işlerinden söhbet açýan wideofilm görkezildi.

 

Maslahatda ylmy nutuklara giňden orun berlip, onda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory, tehniki ylymlaryň kandidaty Baýrammyrat Atamanow, institutyň uly mugallymy Amangeldi Orazow, Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institrutynyň kafedra müdiri, dosent Jumagylyç Mämmedow, Türkmen Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ylmy işler boýunça prorektory, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Nurýagdy Ýagşymyradow çykyş etdiler.

Soňra düzülen meýilnama laýyklykda ylmy-amaly maslahat öz işini bölümler boýunça dowam etdi.

 

Maslahata gatnaşyjylar agşam çuňňur Hormatlanýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna agyz açar naharyna çagyryldy.  

 Şeýlelikde, “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda gurluşyk we binagärlik pudagynyň ylmy gadamlary” atly ylmy-amaly maslahatyň birinji iş güni tamamlanyp, 9-njy iýunda ol öz işini dowam etdirer.