Möwlamberdi Eýeberdiýewiç Möwlamow Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň direktoryň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi.

Möwlamberdi Eýeberdiýewiç Möwlamow 2007-nji ýylda Türkmen Politehniki institutynyň inžener-gurluşykçy hünäri boýunça tamamlady. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň Döwlet apparatynyň gullukçylarynyň hünärini ýokarlandyrmak okuwyny (möhleti bäş aý) okap gutardy.  Ol Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň edara-kärhanalarynda dürli wezipelerde işledi.

2009-njy ýylda “Türkmendöwlettaslama” döwlet taslama ylmy-önümçilik birleşiginiň “Ahaltaslama” döwlet taslama institutynyň taslamanyň baş inženeri.

2009-2014-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň Gurluşyk ministrliginiň Döwlet  ygtyýarlylandyrylyş we hile gözegçilik merkeziniň Gurluşygyň hiline gözegçilik boýunça bölüminiň iş alyp baryjy hünärmeni, baş hünärmeni, bölümiň başlygy, merkeziň başlygy.

2014-2015-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň “Türkmendöwlettaslama”  döwlet taslama ylmy önümçilik birleşiginiň  9-njy binagärlik-gurluşyk bölüminiň başlygy.

2016-2017-nji ýyllarda Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň  “Hiliň gözegçiligi boýunça” bölüminiň baş hünärmeni.

2017-nji ýyldan Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň  Tehniki-gözegçilik bölüminiň başlygy, institutynyň  direktoryň orunbasary wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi.

31.07.2017-nji ýylyň häzirki  wagta çenli   Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň  direktoryň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji