OLIMPIÝA ŞÄHERJIGI –ŞATLYGYŇ MEKANY

       SAGDYNLYK.

                                RUHUBELENTLIK.

                                                                  DOSTLUK.        

            

               OLIMPIÝA ŞÄHERJIGI –ŞATLYGYŇ MEKANY

 

Arkadag Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ýurdumyzyň halkara abraýynyň gün-günden artýandygy bagtyýarlygyň gujagynda ýaşap, gurýan, döredýän halkymyzda çuňňur buýsanç duýgularyny oýarýar. Berkakar ýurdumyzyň bu at-abraýy Merkezi Aziýanyň merjeni şäherine öwrülen gözel paýtagtymyz Aşgabatda milli Liderimiziň başlangyjy bilen şu ýylyň 17-nji sentýabrynda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary bilen has-da belende göterilýär. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly: “Aziýa oýunlarynyň ýokary derejede geçirilmegi biziň Bitarap  ýurdumyz üçin uly ähmiýete eýedir”.

 

  Aziada – 2017 hakynda gürrüň edilende, öňi bilen, paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginiň häzirki zaman dünýäsiniň iň kämil sport şäherçeleriniň nusgalary esasynda, milli äheňde gurulýandygyny bellemek wajypdyr. Gysga döwrüň içinde ýaýbaňlandyrylan şäherçäniň aýratynlygy esasy iki ugurda – işleriň diýseň çalt depginler bilen öňe ilerlemeginde hem-de milli nusgalaryň işjeň ornaşdyrylmagynda ýüze çykýar.

Ilki bilen işleriň diýseň çalt depginler bilen öňe ilerlemeginiň netijeli aýratynlyklaryna garap geçeliň.

Bilşimiz ýaly, milli Liderimiziň sport hereketini ösdürmäge uly üns bermegi netijesinde Olimpiýa şäherjiginiň düýbi 2010-njy ýylyň noýabr aýynda tutulypdy. Şeýlelikde, 157 gektar ýeri öz içine alýan şäherjikde Halkara Olimpiýa komiteti tarapyndan köpugurly sport desgalaryna bildirilýän ähli talaplara laýyklykda Merkezi Aziýada deňi-taýy bolmadyk 30-dan gowrak dürli görnüşli sport desgalary gurmak meýilleşdirildi. 

 Döwlet Baştutanymyz Olimpiýa toplumyny peýdalanmagyň uzakmöhletli geljegini nazarda tutup, ähli binalaryň gözellik keşbiniň, onuň binagärliginiň uzak döwrüň dowamynda möhümligini ýitirmän galmagyny gazanmak babatda anyk wezipeleri öňde goýdy. Şeýlelikde, Olimpiýa şäherjiginiň ýakymly simmetrik görnüşi, binalaryň görnükli, tekiz aýratynlyklara eýe bolan keşbi daş-töwerekdäki tebigy giňişlik bilen sazlaşygyny emele getirmek ýola goýuldy.

Ölçegi we möçberi taýdan ägirt uly Olimpiýa şäherjigi meýilleşdirilişiniň hem-de gurluşynyň netijesinde akgynlylygyň, hereketliligiň täsirini döredýär. Orta Aziýada häzirki günde deňi-taýy bolmadyk täsin toplumyň desgalary Olimpiýa stadionynyň töwereginde jemlenendir.

 Meýilnama laýyklykda, Olimpiýa şäherjiginiň desgalarynyň gurluşygy üç tapgyrda alnyp baryldy Gurluşygy 2014-nji ýylyň aprelinde tamamlanan 1-nji nobatdaky tapgyryň çäklerinde 15 müň tomaşaça niýetlenen türgenleşik zallarynyň 4-si, 6 müň tomaşaça niýetlenen welotrek, 5 müň tomaşaçy üçin başa-baş söweşleriň hem-de söweş sungaty boýunça sport toplumy we onuň türgenleşik zallarynyň 3-si, dikeldiş merkezi, 1 müň tomaşaça niýetlenen tennis, gandbol, basketbol hem-de woleýbol bilen meşgullanmak üçin açyk sport meýdançalary bina edildi. Şeýle hem, 1 müň orunlyk restoran, metbugat merkezi bolan 800 orunlyk «Sport» myhmanhanasy, 400 hem-de 200 awtomobil üçin köpgatly awtoduralga, içinde 370 orunlyk restoran-bar ýerleşdirilen köpri-galereýa arkaly Olimpiýa şäherjigi bilen birleşdirilen «Sport» işewürlik merkezi guruldy.

 2-nji nobatdaky tapgyryň çäklerinde alnyp barlan gurluşyk işleri 2015-nji ýylyň dekabrynda tamamlandy. Bu tapgyryň desgalarynyň hatarynda ýokary derejeli myhmanlary kabul etmek üçin 450 orunlyk «Olimpiýa» myhmanhanasy, 5000 tomaşaça niýetlenen ýeňil atletika toplumy, 5000 tomaşaçy orunlyk ýapyk suw toplumy hem-de  1200 tomaşaça niýetlenen suw sport ýaryşlary geçirilýän açyk howuz, 4000 tomaşaçy orny bolan tennis zaly hem-de 2000 tomaşaça niýetlenen açyk tennis meýdançalary bar.

 3-nji nobatdaky tapgyryň gurluşygyna türgenler üçin 12 müň orunlyk myhmanhana, 400 orunlyk köpgatly awtoduralganyň ikisi, halkara ýaýlyma beriş merkeziniň, doping ylmy-barlag we okuw merkeziniň, Olimpiýa meýdançasynyň hem-de logistika merkezleriniň gurluşyklary, Olimpiýa stadionynyň üçegini gurnamak we öň tarapyny timarlamak işleri girýär. 

Olimpiýa şäherjiginde “Aşgabat” olimpiýa stadionyna aýratyn orun degişlidir. Ol futbol stadionynyň talaplary boýunça taslamalaşdyrylyp, onda oýunlaryň aýdyň öwüşginli açylyş we ýapylyş dabaralaryny geçirmek meýilleşdirilendir. Tutuşlygyna alnanda, Olimpiýa şäherjiginiň konsepsiýasynyň XXI asyryň tebigatyň, ekologiýa ýagdaýynyň talaplaryna laýyklykda «täze şäherleşme» taglymaty esasynda işlenip taýýarlanylandygyny bellemelidiris.

Olimpiýa şäherjiginiň binalarynda we olaryň çäkleriniň bezeginde ýerli binagärlik – bezeg ýörelgeleriniň öwüşginleri uly orny eýeleýär.

Türkmen paýtagtynyň we ýurdumyzyň durnukly ösüşini we abadançylygyny üpjün etmek üçin «Aşgabat–2017» taslamasynyň mümkinçiliklerini has doly peýdalanmak hormatly Prezidentimiziň öňde goýan esasy wezipeleriniň biridir. Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlary müňlerçe täze iş orunlaryny döreder, içerki we halkara söwda dolanyşygynyň möçberlerini, işewürlik hem-de syýahatçylyk işlerini, Türkmenistanyň «howa derwezeleriniň» geçirijilik ukybyny ýokarlandyrar.

Häzirki döwürde Aziada–2017-ni guramaçylykly geçirmegiň hukuk esaslary hem gün-günden aýdyň düzgüne eýe bolýar. Muny 2016-njy ýylyň 26-njy martynda «Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Azia oýunlary guramak we geçirmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi hem aýdyň görkezýär.

Aşgabatda geçiriljek oýunlar halkara teleýaýlymlarda we internet giňişliginde Türkmenistanyň dünýä sport binagärliginiň taýsyz nusgasydygyny hem äleme ýaýar.

 Indi bolsa, Olimpiýa şäherjiginde  “Sagdynlyk, Ruhubelentlik, Dostluk” şygary astynda geçiriljek iri sport forumyny milli esaslaryn nazar salalyň.

 Ahalteke bedewi halkymyzyň milli gymmatlygydyr.  Ahalteke atynyň keşbiniň, onuň öňünden aýlanan ýarymaý görnüşli ýaşyl zolagyň, bedewiň boýnunyň aşak ýanyndan ýazylan “Türkmenistan. Aşgabat 2017” diýlip ýazylan ýazgynyň ýurdumyzda sport aňlatmasy hökmünde bezege öwrülendigini bellemelidiris.

Şu işleriň ulgamynda V Aziýa oýunlarynyň resmi  keşbinde bil tutuşyp duran pälwanlaryň şekiliniň, gül-reýhana gurşalan daglarymyzyň, ýaýlalarymyzyň,   türkmen ak öýleriniň, gadymy binalaryň, ürgün çägelikde gadam urup gelýän düýeleriň, eli dutarly bagşylaryň keşbiniň, haly-kilmleriniň ülüşleriniň, Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilen “Älem”medeni-dynç alyş merleziniň, taslamalary “Internasional Prorety Awards Europe” atly abraýly halkara baýragyna mynasyp bolan “Bagt köşgüniň”, “Ýyldyz” myhmanasynyň, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen ähli beýleki gymmatlyklaryň orta çykmagy diýseň buýsançlydyr. Bu gymmatlyklar umumylykda resmi keşbiň many-mazmun çuňluklaryny emele getirýär.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunýa V Aziýa oýunlarynyň şekili hökmünde türkmen alabaýynyň seçilip alynmagy çuňňur many-mazmuna eýedir. Çünki, türkmen alabaýy pähimdar pederlerimiziň uzak asyrlaryň dowamynda dünýä medeni giňişliginde ýetişdiren taýsyz nusgasydyr. Bütin onýuň dowamynda Alabaý iti milli lybasda oýunlaryň tumary bolup orta çykar.

Hormatly Prezidentimiz 9-njy fewralda Olimpiýa şäherjigine baryp, V Aziýa oýunlarynyň geçiriljek toplumyň desgalarynda barylýan işler bilen tanyşlygynyň barşynda tutuş toplumyň türkmen medeniýetiniň milli häsiýetleri bilen gurşalmagy babatda garaýyşlaryny beýan etdi. Milli Liderimiz milli dessurlara çuňňur gadyr goýmak bilen, Olimpiýa alawy üçin niýetlenen çanagyň kompozisiýa bezeginiň ýüzärligiň baldaklary bilen bezelmelidigini, şeýle hem älem giňişligine nuruny çaýjak alawy ýakylmazdan öň, onda ýüzärligiň jana melhem ak tüssesi goýberilse çuňňur many-mazmuna eýe boljakdygyny nygtady. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, munuň özi – tutuljak tutumly işde üstünlikleriň hemra bolmagynyň, şonuň bilen bir hatarda, ak tüssäniň halkymyzyň hoşniýetli isleg-arzuwlarynyň päkiligini, dostlugy, ruhubelentligi alamatlandyrar.

 Hawa, Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetiniň Prezidenti, Aziýa Olimpiýa geňeşiniň Hormat ordeniniň eýesi, Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda gurulýan Olimpiýa şäherjigindäki geçiriljek dabaraly hem-de ýatdan çykmajak taryhy wakalar ýene-de sanlyja aýlardan Aziadanyň täze ýaňy bolup, bütin äleme dolar. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň umumy jemleri milli öwüşginlere baý, çuň many-mazmuna eýe bolup, bu halkara sport çäresi ýatdan çykmajak wakalara baý bolar.

Kadyrberdi ANNAÇARYÝEW,

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi.