Orazniýazow Niýazmuhammet Geldimämmedowiç

Orazniýazow Niýazmuhammet Geldimämmedowiç – Türkmenistanyň Gurluşyk we binagӓrlik ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň direktorynyň orunbasary.

       1983-1984-nji ýyllar aralygynda Ahal welaýatynyň Gäwers raýonynyň 15-nji dükanynyň satyjysy bolup işledi.

       1986-njy ýylyň dekabr aýyndan 1987-nji ýylyň iýul aýyna çenli Ahal welaýatynyň Gäwers raýonynyň 53-nji dükanynyň satyjysy bolup işledi.

       1987-nji ýylyň iýul aýyndan 1992-nji ýylyň maý aýyna çenli Ahal welaýatynyň Gäwers etrap ispolkomynyň Bagabat oba sowetiniň hasabat bölüminiň başlygy, baş hasapçysy bolup işledi.

       1992-1995-nji ýyllarda Ahal welaýatynyň Änew şäherçesiniň 8-nji dükanynyň 3-nji derejeli satyjysy, müdiri bolup işledi.

       1995-nji ýylyň iýul aýyndan başlap 2004-nji ýylyň fewral aýynyň 02-ne çenli Ahal welaýatynyň Baş Ykdysadyýet we maliýe müdirliginiň senagat, ulag we aragatnaşyk ykdysadyýeti bölüminiň alyp baryjy hünärmeni, nyrhlara gözegçilik edýän bölüminiň baş döwlet inspektory, başlygy, maýa goýumlar bölüminiň baş hünärmeni bolup işledi.

      2004-nji ýylyň dekabr aýyna çenli  “Tylla” hususy kärhananyň hasapçysy bolup işledi.

      2004–2005-nji ýyl aralygynda Ahal welaýat häkimliginiň “Ahalobagurluşyk” Önümçilik birleşiginiň baş hasapçysynyň orunbasary-derňewçisi bolup işledi.

       2005-nji ýylyň aprel aýyndan Türkmenistanyň Gurluşyk we gurluşyk materiallary senagaty ministrliginiň Aşgabat şäherindäki “Demirbetonönümleri” zawodyna uly ussa bolup işledi, 2005-nji ýylyň iýun aýynda şol zawodyň direktory wezipesine geçirildi.

       2007-nji ýylyň noýabr aýyndan Türkmenistanyň Gurluşyk we gurluşyk materiallary senagaty ministrliginiň Türkmenýörite-mehanizasiýa” döwlet kärhanasynyň iş dolandyryjysy bolup işledi.

2008-nji ýylyň maý aýyndan 2012-nji ýylyň iýul aýyna çenli Türkmenistanyň Gurluşyk materiallary senagaty ministrliginiň “Türkmendemirbetonönümleri” Önümçilik birleşiginiň Aşgabat şäheriniň “Demirbetonkonstruksiýa” zawodynyň direktory wezipesinde işledi.

        2009-njy ýylda Türkmenistanyň Ýaşulularynyň ХVII-nji we 2011-nji ýylda IХ-njy Ýaşulularynyň maslahatynyň, 2015-nji ýylyň dekabr  aýynyň 12-ne Kongressler merkezinde geçirilen halkara maslahatynyň wekili hem-de 2018-nji ýylyň sentýabr aýynda Aşgabat şäherinde geçirilen Halk maslahatynyň wekili boldy.  

         2018-nji ýylyň aprel aýyndan 2018-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli Aşgabat şäher häkimliginiň Düýpli gurluşygynyň dolandyryş müdirliginiň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirjisi wesipesinde işledi.