Sagdynlygyň we Ruhubelentligiň ýylynda gurluşyk we binagärlik pudagynyň ylmy gadamlary

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň mejlisler zalynda “Sagdynlygyň we Ruhubelentligiň ýylynda gurluşyk we binagärlik pudagynyň ylmy gadamlary” atly geçirilen okuw maslahatynda “Binalarda, desgalarda ýüze çykýan duz poslamasyny we şorlamasyny öwrenmegiň wajyplygy” atly mowzuk bilen institutyň “Gurluşyk materiallarynyň häsiýetleriniň barlagy” barlaghanasynyň müdiri Aýjahan Saparowa çykyş etdi.

Binalarda, desgalarda ýüze çykýan duz poslamasyny we şorlanmasyny öwrenmekligiň wajyplygy

Gurluşykda iň wajyp meseleleriň biri desgalaryň uzak möhletliligini ýokarlandyrmak we olaryň düýpli abatlaýyş işlerine sarp edilýän çykdajylary azaltmak bolup durýar. Bu biziň ýurdumyzda giň möçberli senagat, ýaşaýyş jaýlary we hususy gurluşyk bilen şertlendirilendir.

Gurluşyk işleriniň alnyp barylýan döwründe we ulanyş şertlerinde binalar we desgalar hemişe daşky gurşawyň ýowuz täsirine – temperaturalaryň üýtgäp durmalaryna, suwuň we yzgaryň, dürli himiki düzümli gazlaryň we aerozollaryň täsirine sezewar bolýarlar. Gurluşyk materiallarynyň poslama (korroziýa) hadysalary suwly ýagdaýda geçirilýär we himiýanyň nukdaýnazaryndan bu neýtrallaşma ýa-da öwrülişikli reaksiýalary bolup, olara gurluşyk materialyndan we suwda erän maddalardan ybarat bolan komponentler gatnaşýarlar. Adatça, tebigy suwlarda duzlar, senagat suwuk gurşawlarda bolsa – ýönekeý kislotalardan we aşgarlardan çylşyrymly birleşmelere çenli dürli birleşmeler ereýär.

Dürli gurluşyk materiallarynyň daşky gurşawyň ýowuz täsirlerine çydamlylygy ilki bilen olaryň himiki düzümi – reaksiýa ukyplylygy arkaly kesgitlenýär.

Poslama hadysasynyň ugry täsir ediji maddalaryň reaksiýa önümleriniň häsiýetleri esasynda kesgitlener. Poslama hadysasynda emele gelýän maddalaryň häsiýetleri we bölünýän ýeri birnäçe korrozion hadysalaryň intensiwligini kesgitleýärler.

Organiki däl gurluşyk materiallary – tebigy daş materiallary, gurluşyk keramikasy we betonlar – olaryň gurluşynyň umumylygyny birleşdirýärler, olaryň ählisi kapilýar-öýjükli jisimler:

a) Tebigy daş materiallar: atylyp çykýan dag jynslary – himiki jähtden örän inertli we öýjükliligiň pes bahalaryna eýedir, çöküji karbonat jynslaryň bolsa, has ýokary açyk öýjükliligi bolup, kislotalara çydamsyzdyr.

b) Keramika himiki jähtden çydamly, emma onuň öýjükliligi maksadyna (keramiki kerpiç, keramzit we ş.m.) baglylykda giň gerimde göterimiň onlarça paýyndan 10-20% çenli üýtgäp biler, şonuň üçin öýjüklerde toplanýan duzly erginlerdäki hadysalar hem keramika weýran ediji täsir edýär.

c) Betonyň sement daşy himiki jähtden has işjeň bolup, ýokary (30% çenli) öýjükliligi bilen häsiýetlendirilýär. Bu öýjüklilik örän ýokary dispersiýaly, ol bolsa

betonyň göwrümine daşky gurşawyň ýowuz (zyýanly) komponentleriniň aralaşmagyna garşylyk görkezijiligi ýokarlandyrýar.

Suwuk ýowuz ýagdaýlar sement daşyna ýa-da betona täsir eden halatynda esasy korrozion hadysalar üç görnüşe, topara bölünýärler:

Poslanmanyň birinji görnüşine - betonyň üsti bilen süzülýän ýa-da desgany ýuwýan suwdaky hadysalar degişlidir, sement daşyň düzüm bölekleri, ilki bilen kalsiý okisiniň gidraty ony betonyň üstüne çykaryp we ak gatlaklary emele getirip ereýärler

Ikinji görnüşe gurşawyň komponentleriniň we suwda ereýän önümleri emele getirýän sement daşynyň arasyndaky öwrülişikli reaksiýasyndan ybarat bolan korrozion hadysalar degişlidir, olar gurluşyndan ýa-da zeýler görnüşinde onuň içinde ýa-da onuň üstünde galýan ýumşak (port), berkidiji häsiýetlere eýe bolmadyk önümlerden çykarylyp bilner.

Üçünji görnüşe – şeýle hadysalar degişli bolup, olarda esasy weýran ediji faktor betonyň öýjüklerinde, jaýryklarynda we kapillýarlarynda toplanýan duzlar bolup durýar, olar belli bir şertlerde betony dargadyp bilerler.

Diýmek, zeýler näme we zeýleriň emele gelmeginiň nähili sebäpleri bar?

Zeýler – duz erginleriniň materialynyň öýjüklerindäki kapillýar diffuziýanyň netijesi we suw bugaranda (guranda) gurluşyk önümleriniň üstki gatlagynda olaryň yzyndan gelýän kristallizasiýa.

Beton konstruksiýalarda (gurnawlarda), binalaryň fasadlarynda zeýleriň emele gelmeginiň sebäplerini ýüze çykarmak üçin birnäçe barlaglar esasynda berkidiji materiallaryň, dolduryjylaryň, betonlar üçin goşundylaryň, gatadyjy suwuň we kerpijiň “ak gatlagy” emele getirýän mehanizmiň we weýran ediji täsiriniň ýerine ýetirýän wezipesi öwrenildi.

Barlaglar arkaly zeýleriň emele gelmeginiň sebäpleri anyklandy:

- deslapky materiallarda (sementde, dolduryjyda, gatadyjy suwda, goşundylarda - gatamagy çaltlandyryjylarda we sowuga garşy goşundylarda, kerpiçde we keramiki bloklarda) ereýän maddalaryň ýokary derejede saklanmagy;

- materiallarda suwuň ýokary derejede saklanmagy we konstruksiýalaryň materialyny suw bilen (atmosfera ygallary ýa-da bogazlar) goşmaça ýumşatma;

- çygly-temperatura şertleriniň netijesinde konstruksiýanyň üstki gatlagynda yzgaryň materialdan haýal we uzak bugaryp çykmagy;

- howanyň duzly suw erginlerinden duzlaryň ygal ýagmasyna getirýän peselen we pes temperaturasy;

- betonlaryň we örtükleme materiallarynyň öýjükliligi, ýagny atmosferadan yzgaryň kapillýar usulda çekijiligine, şeýle hem betonyň inçe kapillýarlary boýunça ýerasty suwlaryň ýokary galmagyna getirýär.

Zeýler sement erginleriniň öýjükli gurluşynda toplanyp bilýärler, mysal üçin suwag işlerinde, kemçilikleriň ýüze çykmagynyň – üstki gatlagyň owranmagynyň we hat-da weýran bolmagynyň sebäbi bolup biler. Şeýle ýagdaýda olar suwda ereýän duzlaryň (sulfatlaryň, karbonatlaryň, nitratlaryň, hloridleriň) täsiri astynda sement daşynyň himiki jähtden poslamasynyň mese-mälim bölegi bolup durýar. Duzly kristallar mikroboşlugy dolduryp, materialyň içinde ösýärler we bugarýan yzgar bilen bilelikde diwarlaryň üstki gatlagyna çykýarlar. Suw bugarýar, duzlar bolsa, zeýler görnüşinde diwarda galmak bilen kristallaşýarlar. Olar, köplenç, kristal organiki däl duzlaryň ýumşak massasy bolup durýarlar we dekoratiw görnüşiniň ýitmegine we gurluşyk konstruksiýalarynyň kemçiliklerine getirýär.

Şeýle-de, gatlak az syzdyrýan bezelen gatlaklaryň (şpatlýowka, reňkler) aşagynda emele gelip biler we duz poslamasynyň döremegine sebäp bolup biler. Materialyň öýjükleriniň göwrüminden geçirýän göwrümleriň ulalmagy bilen köp suwly kristallygidratlaryň emele gelmegi gatlaklanma arkaly gurluşyk materialyny zaýalaýan basyşyň ýüze çykmagyna getirýär. Duz poslamasynyň daşky alamatlary ýüz tarapky kerpijiň daşynyň sypyrylmasy we owranyp düşmesidir, tüňňerme, jaýryklar we örtükleme materiallaryň gopup gaçmagydyr.

Duz poslamasynyň täsiri astynda desgalar 15-20 ýyldan weýran bolup başlaýarlar, ýogsam olaryň hyzmat ediş möhleti ep-esli uzak möhlete – 50-100 ýyl göz öňünde tutulyp niýetlenendir.

Gurluşyk konstruksiýalarynda zeýleriň emele gelmegi şu aşakdakylardan ybarat. Garyndy ýerleşdirilen ýa-da önümiň opalubkasy aýrylan badyna derrew yzgaryň atmosfera bugarmasynyň we bu betonyň (erginiň) galtaşýan gurluşyk konstruksiýalaryna suwuň akmasynyň hasabyna gurama başlaýar ( mysal üçin kerpiç örümi). Önümleriň we konstruksiýalaryň üstündäki suw bugaran halatynda ondaky mineral duzlaryň konsentrasiýasy ösýär we olaryň ereýjiligi has güýçlenende bu duzlar üstki gatlaklarda we onuň golaýyndaky öýjüklerde kristallaşyp başlaýarlar. Duzlaryň kristallaryndan durýan şor ak gatlak emele gelýär. Bu netijä - ilkinji zeý emele gelmesi diýilýär.

Sementiň mundan beýläk gatadylan ýagdaýynda hekiň uly mukdary emele gelip, atmosferanyň kömürturşy gazy we awtoulaglaryň çykarýan gazlary bilen aňsat reaksiýa girýär. Bu karbonatlaryň we kalsiý bikarbonatlaryň emele gelmegine getirýär, şeýle hem ygallarda (ýagyş, gar, ümür) ereýän tehnogen gazlar bilen özara täsirde sulfatlar we kalsiýniň hloridleri emele gelýärler. Şeýlelikde, ikinji zeý emele gelmesi başlanýar. Duzlar ýene-de göçýän yzgar bilen bilelikde üstki gatlaga, käwagt hat-da birinji zeý emele gelmedäkä garanda hem has köp “çykýarlar”.

Ozal aýdylyp geçilişi ýaly, gurluşyk materiallarynyň üstki gatlaklarynda galyp toplanýan duzlar diňe bir olaryň daşky görnüşini erbetleşdirmän, eýsem güýçli weýran ediji täsir etmek bilen olar üçin hakyky howpy hem döredýärler.

Zeýleriň emele gelmeginiň sebäplerini nazara alyp, bu hadysadan goramak boýunça aňrybaş çäreleri kabul etmek zerurdyr:

1. Aşgarlaryň saklanmagyny azaltmak we sementde poslamanyň we sement-beton materiallarda zeýleriň döremeginiň öňüni almagyň iň wajyp usuly bolup durýar. Şu nukdaýnazarlardan, zeýleriň emele gelmegine ýol berilmeýän konstruksiýalary taýýarlamak üçin ulanylýan sementleriň düzümleri kadalaşdyrylmalydyr we düzüminde sulfata çydamlylygyna täsir edýän üç kalsiýli alýuminatyň aňryçäk az mukdaryny we iýiji aşgarlary K2O we Na2O saklamalydyr, üstesine-de, olaryň mukdary agramy boýunça Na2O hasaplamada 0,6%-den geçmeli däldir;

2. Dolduryjylar düzüminde ereýän duzlaryň örän az mukdaryny saklamalydyr. Ownuk daşda we çagylda hloryň ionynyň hasaplamasynda agramy boýunça 0,1% çenli galloid birleşmeleriň saklanmagyna rugsat berilýär, çägede bolsa – 0,15%-den köp bolmaly däl.

3. Ereýän duzlaryň has köp mukdaryny elektrolit-goşundylar – gatamagy çaltlandyryjylar we sowuga garşy goşundylar (Na2SO4, CaCl2 we ş.m.) düzýärler. Aşgarlar plastifisirleýji goşundylarda bolup bilerler. Ergine we goşundyly betona goşulýan kristallogidratlary (aşgarlar, sulfatlar, nitratlar, nitritler, karbonatlar) emele getirmäge ukyply bolan ereýän duzlaryň mukdary sementiň agramynyň 0,1%-den geçmeli däl;

4. Betonlaryň gatadylmagy üçin ulanylýan suw düzümi boýunça TDS-nyň talaplaryna laýyk gelmelidir;

5. Beton, mümkin boldugy-ça, suwuň örän az mukdarynda taýýarlanylmalydyr, ondan başga-da, bu örän berk we ýokary hilli beton bolar, onda kapillýarlar juda az bolar, diýmek, ýokary gatlaklarda duzuň geçmesi hem az bolar we netijede zeýler, aýratyn-da ikilenji zeýler örän azalar;

6. Gatadylýan ergini we betony edil wagtyndan öň guradylýan ýagdaýdaky ýaly (göni düşýän gün şöhlesi, ýel), artkmaç çyglylykdan (ýagyş, ümür) hem gorap saklamalydyr. Ýyly we çygly atmosfera gatadylmagyň iň amatly şertleri bolup durýarlar;

7. Desgalary ýerasty suwlaryň ýaramaz täsirlerinden goramak üçin zerur bolan çäreleri ýerine ýetirmeli. Ýerasty suwlaryň täsiriniň netijesinde konstruksion materialyň zaýalanmagy diňe bir kalsiý gidroksidiniň fiziki taýdan ýuwulmasy däl, eýsem materialda duzlaryň toplanmagy bilen hem şertlendirilendir;

Şeýle hem gurluşyk materiallarynyň düzümine yzgaryň kapillýar göçmesiniň öňüni alýan gidrofobizirleýji goşundylary goşmak hödürlenýär.

Konstruksion materiallaryň we örtükleriň gidrofob goragyny mejbury abatlama işlerini geçirmäge garaşman we umumy kabul edilen estetiki kadalara laýyklykda obýektyň daşky we içki görnüşini tertibe getirmek üçin gutulgysyz goşmaça çykdajylary sarp etmezden gurluşygyň eýýäm başlangyç tapgyrynda ýerine ýetirmek zerurdyr.

Külli türkmen halkyny şeýle eşretli zamanada ýaşadýan Hormatly Arhitektor Prezidentimize biz gurluşykçylaryň adyndan uly Sag bolsun aýdýäryn.

Goý, Hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, halkymyzyň röwşen geljeginiň hatyrasyna amala aşyrýan işlerinde hemişe rowaçlyklar arzuw edýärin.

 

На семинаре с докладом: “Binalarda, desgalarda ýüze çykýan duz poslamasyny we şorlamasyny öwrenmegiň wajyplygy” выступила сотрудник Научно-исследовательского института Сейсмостойкого строительства – заведующий лаборатории «Исследования свойств строительных материалов» Айжахан Сапарова.