“Sagdynlygyň we Ruhubelentligiň ýylynda gurluşyk we binagärlik ulgamyny ösdürmek” atly geçirilen okuw maslahaty

2017-nji ýylyň 29-nji aprelinda Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň mejlisler zalynda “Sagdynlygyň we Ruhubelentligiň ýylynda gurluşyk we binagärlik ulgamyny ösdürmek”  atly geçirilen okuw maslahatynda Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň “Inženerlik seýsmologiýasy” barlaghanasynyň uly laboranty Ýusup Çaryýew “Аşgabat şäheriniň käbir topraklarynyň HVSR-seljermesiniň maglumatlary boýunça seýsmiki häsiýetleri” atly temasy boýunça doklat bilen çykyş etdi.