A. Saparowa

Saparowa Aýjahan “Gurluşyk materiallarynyň häsiýetleriniň barlagy” barlaghanasynyň müdiri. Ol 2003-nji ýylda Türkmen Politehniki institutyny tamamlady, hünari boýunça – inžener-himik-tehnolog. 05.17.01 – “Organiki däl maddalaryň tehnologiýasy” hünäri boýunça aspiranturanyň gündizki bölümini tamamlady we ol 18 sany ylmy çap edilen işleriň eýesi. Dissertasiýa işi 95% taýýar. Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynda 2015-nji ýyldan bäri işleýär.

 Saparowa Aýjahan akkreditirlenen barlaghananyň oblastynda göz öňünde tutulan synaglarynyň ýerine ýetirilişiniň hiline gözegçilik edýär. Daşary ýurtlardan getirilýän (sement – Türkiýe, Eýran döwl., beton üçin goşundylary, demir magdany we beýl.) gurluşyk materiallaryna netijenamalary berýär. Onuň ýolbaşçylygynda gurluşyk materiallarynyň himiki-mineralogiki barlaglary, şeýle hem teýgum suwunyň, beton we erginler üçin suwuň himiki seljermeleri amala aşyrylýar.