Konferensiýalar

SEÝSMIKI HOWPA BAHA BERMEK BOÝUNÇA HALKARA TASLAMA

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň

“Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi” atly žurnalynyň 4-nji sanynda Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň hünärmenleri L.Agaýewanyň, L.Aşyrowanyň we I.Toplyýewiň ylmy makalasy çap edildi.

 

SEÝSMIKI HOWPA BAHA BERMEK BOÝUNÇA HALKARA TASLAMA

 

Вerkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň Baştutanlygynda gurluşyk toplumynda hil taýdan täze üstünlikler gazanylýar. Ýurdumyz gün-günden gülleýär, Garaşsyz hem Bitarap döwletiň paýtagty Aşgabat şäherinde, welaýat we etrap merkezlerinde, obalarda, şäherlerde we şäherçelerde dürli-dürli binalaryň uly toplumlary gurulýar.

Milletiň Lideri gurluşyk ulgamynyň öňünde «Binalaryň we desgalaryň döwrebap, ýokary hilli we seýsmiki taýdan durnukly gurluşygyny üpjün etmek» boýunça täze wezipeleri goýdy. Munuň özi ýurdymyzyň seýsmiki ýagdaýyny hasaba almak bilen, gurulýan binalaryň pugtalygyny, seýsmiki howpsuzlygyny, durnuklylygyny we ygtybarlylygyny üpjün etmek boýunça gurluşyk ulgamynyň alymlarynyň we hünärmenleriniň öňünde goýulýan täze wezipelerdir. Seýsmiki howpa we töwekgelçilige baha bermek bilen meşgullanýan döwlet edaralaryň sanyna Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag instituty hem girýär.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda ylmy barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmak we tejribe ýüzünde ulanmak baradaky ýörelgesine laýyklykda, bu günki gün türkmen alymlary seýsmiki howplulygyň we töwekgelçiligiň hakyky derejesini hasaba almak, şeýle-de, tebigy betbagtçylyk bolan ýer titremäni deslapdan duýdurmak we netijelerini azaltmak boýunça meselelere aýratyn üns berýärler. Seýsmiki etraplaşdyrma kartalaryny döretmek arkaly ýer titremäniň weýrançylykly netijelerini we adam ýitgisiniň mukdaryny azaldyp bolar. Seýsmiki etraplaşdyrma – seýsmiki howpy we töwekgelçiligi kartalaşdyrmak bolup durýar. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy instituty tarapyndan 2017-nji ýylda döwrebap usulyýete laýyklykda işlenip düzülen Türkmenistanyň meýdanynyň seýsmiki milli etraplaşdyrma kartasy (TMSMEK-2017) Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginde sosial-ykdysady meýilleşdirmek, ýerden netijeli peýdalanmak we seýsmika durnukly gurluşygyň meselelerini çözmek üçin kadalaşdyryjy resminama hökmünde tassyklanyldy.

Seýsmologiýa ylmynyň täze ugry, ýagny ýer titiremesi zerarly jaýlar we desgalar, inžener ulgamlar hem adamlar bilen bolup geçjek hadysalary çaklamak institutyň hünärmenleriniň alyp barýan işi bolup durýar. Şeýlelikde, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy instituty bilen bilelikde çägiň titremesini hasaplaýan seýsmiki töwekgelçilige baha bermegiň maksatnama toplumyny işläp taýýarlamak meýilleşdirilýär.

Aşgabat şäheriniň çäginde seýsmometriki gözlegler ulgamyny gowulandyrmak boýunça Halkara taslamanyň çägindäki iş Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň 2017-nji ýyldan 2021-nji ýyllar aralygyndaky işiniň bir ugry bolar. Taslamanyň netijeleri 2015-nji ýylyň mart aýynda Sendaý şäherinde geçirilen BMG III Bütindünýä konferensiýasynda kabul edilen betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini peseltmek boýunça 2015-2030-njy ýyllar üçin Sendaý Çarçuwaly maksatnamasynyň ileri tutulýan ugurlaryny özleşdirmäge goşant goşar. Şol taslama Türkmenistanda betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini peseltmekde, aýratyn-da, seýsmologiýa gözegçilikler ulgamyny gurnamak arkaly hakyky wagt rejesinde Aşgabat şäheri üçin seýsmiki howpa baha bermekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.

Şol taslamanyň esasy maksady – adatdan daşary tebigy ýagdaýlary duýmak, şeýle-de, tutuş Aşgabat şäheri üçin seýsmiki howpa baha bermek üçin Türkmenistandaky ýer titreme baradaky ygtybarly maglumatlary dahylly guramalaryň hemmesine gyssagly ýetirmek bolup durýar.

Taslamanyň wezipesi tebigy betbagtçylyklaryň – ýer titremäniň töwekgelçiligini peseltmek;

Taslamanyň möhleti – 2017-nji ýylyň iýul aýyndan 2020-nji ýylyň dekabr aýy aralygy (42 aý);

Taslamanyň ýerine ýetiriji düzümi – Ýaponiýa tarapy:

– Ýaponiýanyň ilçihanasy;

– Halkara gatnaşyklary barada Ýapon agentligi (JICA);

– Geňeşçi (JICA taslama topary).

Türkmen tarapy – işçi toparyň düzümi (IT):

– Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy instituty;

– Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag instituty.

Halkara taslamasynyň çäginde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy institutynyň hünärmenleriniň wezipeleri şu aşakylardan ybaratdyr:

– seýsmologiýa gözegçiligi we topragyň güýçli hereketine syn;

– gözegçilik üçin enjamlaşdyrylan meýdançalarda seýsmiki howplulyga baha bermek;

– seýsmiki ölçegleri kesgitlemek (giposentri, ýer titremäniň magnitudasyny we yrgyldylaryň hasaplanylan depgini).

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň hünärmenleriniň wezipeleri seýsmiki howplulygy seljermekdir.

Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlyk Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Institutymyz halkara taslamanyň çäklerinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy instituty we Birleşen Milletiniň Guramasynyň ösüşiniň meýilnamasynyň (BMGÖM) degişli düzümleri bilen Halkara taslamasynyň çäginde hyzmatdaşdyrlar.

Gol çekilen «Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda dostlugy we hyzmatdaşlygy mundan beýäk ýaýbaňlandyrmak hakynda bilelikdäki beýanatyň» çäklerinde 2017-nji ýylyň iýul aýyndan bäri «Aşgabat şäheriniň we onuň töweregindäki meýdanda seýsmologiýa gözegçilik ulgamyny gowulandyrmak Taslamasy» durmuşa geçirilip başlandy. Ýaponiýanyň JIСА agentligi Türkmenistana häzirkizaman seýsmologiýa enjamlaryny – seýsmiki sanly beketler, güýçli yrgyldy hereketleri hasaba almak üçin hem-de alnan maglumatlary işläp taýýarlaýan we düşündirýän maksatnama serişdeleri berer. Ilkibaşda 7 sany seýsmiki sanly bekedi, topragyň güýçli hereketiniň abzal toplumyny (belent jaýlarda oturtmagy hem goşmak bilen) we ş.m. gurnamak meýilleşdirilýär. Geljekde institutyň hünärmenleri Ýaponiýada seýsmologiki maglumatlary işlemegiň döwrebap tehnologiýalaryny öwrenmek boýunça iş tejribesini geçer.

Şu halkara taslamanyň işiniň netijesinde Aşgabat şäheriniň seýsmiki howplulygyny we töwekgelçiligini etraplaşdyrmagyň kartasy düzüler. Seýsmologiýa şertleri anyklamak we seýsmiki kiçi etraplaşdyrmak işlerini toplumlaýyn inžener-geologiýa, enjamlaýyn geofiziki barlaglaryny we sintetiki seýsmogrammalary hasaplap çykarmak usuly arkaly matematiki modelirlemegi öz içine alýar.

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň halkara taslamasynyň çäginde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy instituty bu taslamanyň çägindäki dürli guramalar bilen hyzmatdaşlyk edýär.

Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň işiniň ýene bir möhüm ugry – seýsmiki howp we töwekgelçilik hasaplanylan seýsmiklige baha bermek boýunça Netijenamany işläp taýýarlamak we Türkmenistanyň seýsmiki taýdan işjeň sebitlerinde alnyp barylýan gurluşyk we taslama işlerini hasaba almak üçin ony Buýruja geçirmekdir. Bu ugurda Institutyň arhiwinde halkara taslamanyň çäklerinde ýerine ýetiriljek işde ulanyp boljak seýsmiki howpa we töwekgelçilige hakyky baha bermek ulgamynda geçirilen ylmy barlaglaryň toplanylan tejribesi saklanylýar.

Seýsmiki we geofiziki monitoring täze usulyýet çemeleşmesiniň işlenilmegini talap edýär. Ýer titremesi ýeriň jümmişinde döräp, heniz gönümel gözegçilige, ölçemelere elýeterli we adamzadyň doly tabynlygynda däl ykdysadyýete we ilata ägirt uly zyýan ýetirip bilýär. Emma ýer titremeleri hakyndaky seýsmologiýa ylmy düýpli üstünliklere ýetdi. Seýsmiki monitoring howply tebigy hadysalaryň töwekgelçiligini peseltmek tehnologiýasyna degişli bolup, ol barlanylýan çäkde üznüksiz gözegçiligiň ulgamyny gurnamaga esaslanýar. Döwrebap düşündirişde monitoring adalgasyna çaklama bahalaryna çykmak bilen, seýsmologiýa maglumatlarynyň diňe hasaba alynmagy däl, eýsem mundan beýläkki tiz işlenilmegi we düşündirilişi hem girýär. Soňky iki ýylyň dowamynda Türkmenistanyň çäginde seýsmogen zolaklarynyň geofiziki monitoringini kämilleşdirmek boýunça eýýäm birnäçe täze usulyýetler durmuşa ornaşdyrmaga taýýarlanyldy.

Ýer titremeleriň ýetirýän zyýanynyň öňüni almakda we habarly etmekde güýçleri birikdirmek we güýçlendirmek maksatlarynda halkara hyzmatdaşlygyň täze ugurlary täze hünärmenleri taýýarlamaga, daşary ýurtlarda ýurdumyzyň ylmynyň gazananlary bilen bitewi ylmy-tehniki gurşawy döretmäge goşant goşar.

Ylmy babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek işi alymlara gurşap alýan dünýäni öwrenmegiň çäklerini giňeltmäge, täze tehnologiýalary döretmäge we ornaşdyrmaga, şeýle-de, halklaryň arasyndaky işjeň gatnaşyklary berkitmäge ýardam berer. Öňdebaryjy özgertmeleriň çäginde ýurdumyzyň seýsmologiýasy öz mümkinçilikleriniň çägini esli giňeltdi we innowasiýa ösüşi üçin täze badalga aldy.