SEÝSMIKI SEBITLERDE GURLUŞYGYŇ ESASY KADALAŞDYRYJY RESMINAMASY

«Seýsmiki sebitlerde gurluşyk geçirmek. 1-nji bölüm: Ýaşaýyş, jemgyýetçilik, önümçilik binalar we desgalar» TGK 2.01.08-99* Türkmenistanyň seýsmiki sebitlerinde täze, durky täzelenýän we dikeldilýän binalary we desgalary taslama etmek boýunça meseleleri esaslandyrýan esasy kadalaşdyryjy resminamalaryň biri bolup durýar.

Seýsmiki sebitler diýlip, Türkmenistanyň seýsmiki etraplaşdyrma boýunça Milli kartasynda we şu TGK-nyň 1-nji we 2-nji Goşmaçalarynda getirilen ilatly nokatlaryň sanawynda kesgitlenilýän, MSK-64 şkala boýunça ýer titremeleriň kadalaşdyrylan intensiwligi 6, 7, 8 we 9 bal bolan sebitlere aýdylýar we olarda taslama etmek işleri şu TGK-nyň talaplary nazara alnyp geçirilmelidir.

Gurluşyk meýdançasynyň seýsmikligini seýsmiki mikroetraplaşdyrma kartalarynyň (SME boýunça kartalaryň) esasynda, olar ýok bolan ýagdaýynda bolsa, teýgumlaryň seýsmiki häsiýetleri boýunça derejelerine baglylykda TGK-nyň 1-nji tablisasyna görä kesgitlemelidir.

7.0-dan gowrak magnitudaly ýer titremeleriň merkezleriniň ýüze çykmagy mümkin bolan zolaklarda (ÝMÝÇ zolaklary), şeýle hem seýsmikligi TGK-nyň 1-nji tablisasyna görä 9 baldan ýokary kesgitlenen gurluşyk meýdançalarynda 0.1 bala çenli bolan seýsmikligi takyklamak boýunça goşmaça barlaglary geçirmelidir.

Seýsmika çydamly binalar intensiwligi hasaplanan ýer titremeler ýüze çykan mahallarynda adamlaryň howpsuzlygyny, gymmatly enjamlaryň abat saklanyp galmagyny, daşky gurşawyň howpsuzlygyny we ýer titremeleriň ýetirýän zyýanlaryny aýyrmaklygyň mümkinçiligini, intensiwligi çaklanandakydan pes ýer titremelerde gurnawlaryň kadaly ulanyş we abatlamaga ýaramly saklanmak mümkinçiligini üpjün etmelidir.

Seýsmiki täsirler boýunça çaklamalar şu TGK-nyň 2-nji bölüminiň talaplaryna laýyklykda spektral usul boýunça we hakyky ýer titremeleriň akselerogrammalaryny ýa-da şu görnüşli binalar ýa-da desgalar üçin has howply bolan sintezirlenen akselerogrammalary peýdalanmak bilen amala aşyrylmalydyr. Şeýlelikde, spektral usul boýunça çaklamalar (hasaplamalar) ähli binalar üçin, akselerogrammalar boýunça bolsa, düýbünden täze konstruktiw çözgütler, belent (60m-den ýokary) binalar hem-de seýsmoizolýasiýany ulanmak bilen gurulýan binalar üçin ýerine ýetirilmelidir.

Spektral usulyň esasynda gurnawyň dinamiklik koeffisiýenti «β» hasaba alnyp, keseligine, dikligine we eňňitligine kesgitlenilýän seýsmiki güýçleri boýunça hasaplamasy ýatyr. Koeffisiýent «β» öz yrgyldylaryna ýetirilýän seýsmiki täsirini üznüksiz üýtgedip durýan tapgyrly bir massaly dissipatiw ulgamyň (çyzykly ostsilýator) reaksiýasy bolup durýan spektral gyşyk çyzyk arkaly kesgitlenýär. Seýsmiki häsiýetleri boýunça dürli derejeli teýgumlar üçin «β» koeffisiýentiň spektral gyşyk çyzyklary dürli-dürli, olaryň maksimumlary teýgum massiwleriniň yrgyldylarynyň öz ýygylyklarynyň eýelik edýän çäginde ýerleşýärler. «β» koeffisiýentiň spektral gyşyk çyzyklarynyň seýsmiki täsir etmeleriň hakyky häsiýetlerine we gurluşyk meýdançalarynyň toprak şertlerine golaý bolmagy seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşykda ylmy barlaglaryň esasy meselelerinden biri bolup durýar.

«β» koeffisiýent bilen bir hatarda, ýer titreme bilen spektral usul boýunça kesgitlenilýän bina ýetirilýän seýsmiki täsiriň arasyndaky üznüksiz arabaglanyşyk ballarda hasaplanan seýsmiklige baglylykda kabul edilýän «А» seýsmiklik koeffisiýenti arkaly, şeýle hem anyk seýsmiki sebitde intensiwligi kadalaşdyrylan ýer titremeleriň ortaça gaýtalanmasyny häsiýetlendirýän sarsgynlyk derejesiniň indeksine baglylykda kabul edilýän «Кg» gaýtalanma koeffisiýenti arkaly amala aşyrylýar.

Spektral usul boýunça seýsmiki güýjüň ululygyny kesgitleýän formula (1-nji formula) girýän beýleki galan koeffisiýentler binanyň gurnaw çözgüdine ýa-da funksional maksadyna baglydyrlar. Bular binanyň jogapkärçilik koeffisiýenti «Ко», binanyň konstruktiw çözgüdiniň koeffisiýenti «Кz», şeýle hem seýsmiki güýçleriň täsiriniň astynda ulgamyň ýarsma görnüşleriniň ulgamyň öz yrgyldylarynyň görnüşlerine meňzeşligini häsiýetlendirýän koeffisiýenti «ƞ».

Binanyň gurnawynyň böleginde seýsmiki güýçleriň täsirinden emele gelýän güýçlenmäniň hasaplanan bahasy yrgyldylaryň her bir görnüşi boýunça güýçleriň kwadratlarynyň jeminden emele gelýän, «r» reduksiýa koeffisiýentine köpeldilen, çäkli ýagdaýyň döremegi üçin gurnawynyň jogapkärçilik toparyna baglylykda kabul edilýän kwadrat kök hökmünde kesgitlenýär.

Akselerogrammalary peýdalanmak bilen seýsmiki täsir etmeleriň hasaplamalaryny göni integrirlemedäki ýaly, öz yrgyldylarynyň görnüşleri boýunça ulgamyň bölünmesi arkaly geçirmeklige rugsat berilýär. Dempfirlemesiz ulgamlaryň hasaplamalarynda (konserwatiw ulgamlar) akselerogrammanyň ordinatalaryny r = 0.3 reduksiýa koeffisiýentine köpeltmelidir. Seýsmoizolýasiýaly ulgamlaryň hasaplamalarynda reduksiýa koeffisiýenti r = 1 deň kabul edilýär, seýsmoizolýatorlaryň pugtalygy boýunça we dempfirleme häsiýetleri bolsa olaryň tehniki maglumatlaryna görä kesgitlenýär.

Binalaryň seýsmika çydamlylygy gurnawlaryň elementlerine ýetirilýän seýsmiki täsirleriň hasaplamasynyň netijeleri boýunça bellenilişi ýaly, şu TGK-nyň 3-nji bölüminde beýan edilen gurnaw talaplaryň ýerine ýetirilişi bilen hem üpjün edilýär.

Gurnaw talaplaryň umumy düzgünleri binalaryň meýilleşdirilişi, göwrümleri, gurnaw çözgüdiniň saýlanyp alnyşy, antiseýsmiki sepleriniň we aýry-aýry elementleriniň gurluşy, olaryň dik gurnawly binalar bilen birikýän ýerleriniň berkligini we örtgileriniň pugtalygyny üpjün etmek boýunça hödürnamalary öz içine alýar.

Seýsmiki häsiýetleri boýunça III derejeli teýgumlardan ybarat meýdançalarda salynýan belent (60m-den ýokary) binalaryň gurluşygyna çäklendirmeler goýulýar. Şular ýaly binalar gurulmazdan öň gurluşyk meýdançasynyň III derejeli teýgumlary II derejeli teýgumlara gaýtadan işlenilmelidir. Belent binalaryň binýatlaryny, adatça, tutuş binýatly plitany gazykly binýat görnüşinde taslama etmelidir.

Dürli konstruktiw görnüşli binalaryň gurluşy boýunça ýer titremelere garşy çärelere bildirilýän talaplar getirildi. Kerpiçden ýa-da daşdan örülen göterýän diwarly binalarda daş örüminiň berkligini üpjün etmek, antiseýsmiki guşaklaryň gurluşy, diwarlaryň we penjire ýerleriniň ininiň arasyndaky aralyklary çäklendirmek boýunça edilýän talaplar esasylar bolup durýarlar. Birguýma karkassyz binalarda gatyň belentliginiň göterýän diwaryň galyňlygyna bolan gatnaşygy, şeýle hem iki penjire aralygynyň beýikliginiň onuň inine bolan gatnaşygy çäklendirilýär, diwarlaryň armaturaly torlarynyň dikligine we keseligine özenleriniň aňryçäk kiçi diametrleri we aňryçäk uly aralyklary esaslandyrylýar. Karkasly demirbeton binalarda karkasyň elementleriniň we diafragmalaryň gurluşy boýunça gurnaw talaplardan başga-da, deşikler bilen bölünýän we karkasa ýetirilýän seýsmiki agramlaryň işine gatnaşmaýan daş bilen doldurylýan diwaryň gurluşy boýunça talaplary özünde saklaýar. Polat karkasly binalarda esasy üns karkasyň sütünleriniň tekizliginde bolşy ýaly, örtginiň deňinde hem birikýän ýerleriň gurluşyna berilýär, bu bolsa seýsmiki agramlar täsir eden mahalynda binanyň gurnawynyň pugta bolmagyny üpjün etmelidir.

Seýsmikligi 9 baldan ýokary bolan meýdançalarda taslama etmeklik seýsmiki reaksiýanyň ululygyny peseltmek, binanyň teýkaryny we konstruksiýasyny berkitmek boýunça çäreler toplumyny ulanmak bilen amala aşyrylmalydyr. Seýsmikligi 9 baldan ýokary

bolan meýdançalarda agzalan çäreleri geçirmezden aýratyn jogapkärçilikli binalary we zeper ýetmesi aýratyn agyr netijeler bilen bagly bolan binalary gurmaklyga rugsat berilmeýär. Jogapkärçiligi başga derejä degişli bolan binalara göwrümleri we konstruktiw çözgütleri babatda goşmaça çäklendirmeler goýulýar.

Seýsmiki sebitlerde gurulýan binalary dikeltmek we durkuny täzelemek ýaly işler ylmy-barlag we taslama edaralarynyň seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk pudagynda hünär öwrenýän hünärmenler tarapyndan obýektiň gurluşyk gurnawlarynyň tehniki ýagdaýyna baha berlip, barlag edilenden soň geçirilmelidir. Ýykmaklyk baradaky çözgüt obýektiň dikeldilen görnüşini tehniki-ykdysady jähtden deňeşdirmegiň esasynda degişli edaralar bilen ylalaşyp, obýektiň hojaýyny tarapyndan kabul edilýär. Eger obýektiň dikeldilmegi üçin çykdajylar (onuň sökülmegi üçin çykdajylary hasap etmezden) onuň bahasynyň 50 göteriminden geçýän bolsa, adatça, obýekt ýykylmaga degişli edilýär.

Şu TGK-nyň goşmaçalarynda aşakdakylar getirilen: Türkmenistanyň 2000-nji ýyldaky seýsmiki etraplaşdyrma boýunça Milli kartasy (1-nji Goşmaça); Türkmenistanyň seýsmiki taýdan howply sebitlerde ýerleşýän ilatly nokatlarynyň olar üçin ballarda kabul edilen seýsmikligini we sarsgynlaryň gaýtalanma indeksini görkezýän sanawy (2-nji Goşmaça); «g» paýlardaky «NS» akselerogrammanyň grafigi we ordinatalary (3-nji Goşmaça); Binalaryň görnüşleriniň klassifikasiýasy we binalaryň zeper ýetme derejesine baha bermek (4-nji Goşmaça).

«NS» akselerogrammanyň aşakdaky amplituda-ýygylyk häsiýetleri bar: tizlenmäniň aňryçäk uly (maksimal) amplitudasy 0.446g, 2.2÷4.2 гц diapazonda ýerleşýän agalyk edýän hususy ýygylyklaryň spektri, täsir etmegiň dowamlylygy 40s, diskretizasiýa aralygy 0.05s. Akselerogramma seýsmiki häsiýetleri boýunça II derejeli teýgumlarda gurulýan binalaryň göni dinamiki hasaplamasy üçin hödürlenýär (TGK-nyň 2.2 b. bellik).

Binalaryň klassifikasiýasy olaryň seýsmika çydamlylygy boýunça diwarlary palçyk materiallardan salnan öýlerden diwarlary ýeňil doldurylan metal gurnawlarda ýerine ýetirilen binalara çenli binalaryň 9 sany görnüşini özünde saklaýar. Ýer titremäniň ballardaky (6 baldan 9-dan ýokary bala çenli) intensiwligine baglylykda göterýän gurnawlaryň zeper ýetme derejesine baha berlen tablisa mysal getirilýär (MSK-64 şkalanyň klassifikasiýasy boýunça 6 sany zeper ýetme derejesi). Klassifikasiýa barlaglar geçirilen mahalynda binanyň gurnaw çözgüdi boýunça onuň seýsmika çydamlylygyny kesgitlemäge mümkinçilik berýär.

 

Guwanç ANNAÝEW,

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk

ylmy-barlag institutynyň direktorynyň ylym boýunça orunbasary