«Türkmengurluşyk — 2018» atly halkara sergä we «Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi» atly maslahata gatnaşyjylara

 

Hor­mat­ly ser­gä we mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­lar! 

Ga­dyr­ly myh­man­lar! 

Si­zi «Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi» diý­lip at­lan­dy­ry­lan ýyl­da «Türk­men­gur­lu­şyk — 2018» at­ly hal­ka­ra ser­gi­niň hem-de «Türk­me­nis­ta­nyň gur­lu­şyk pu­da­gy­nyň ösü­şi» at­ly mas­la­ha­tyň açyl­ma­gy bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn. 

Ýur­du­my­zyň gur­lu­şyk pu­da­gy­nyň ta­ry­hyn­da uly yz gal­dyr­jak wa­ka bo­lan bu hal­ka­ra ser­gi­niň we mas­la­ha­tyň üs­tün­lik­li ge­çi­ril­me­gi­ni ar­zuw ed­ýä­rin. 

Mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň tu­tan­ýer­li zäh­me­ti bi­len Ga­raş­syz Wa­ta­ny­myz äh­li ugur­lar­da dün­ýä­niň dur­nuk­ly ös­ýän döw­let­le­ri­niň bi­ri­ne öw­rül­di. Şol ösüş­le­ri bol­sa gur­lu­şyk pu­da­gyn­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­le­ri hem-de ýe­til­jek sep­git­le­ri ha­sa­ba al­maz­dan, göz öňü­ne ge­tir­mek müm­kin däl­dir. 

Ber­ka­rar döw­le­ti­miz­de al­nyp ba­ryl­ýan gur­lu­şyk iş­le­ri­niň möç­be­ri­niň yzy­gi­der­li art­ma­gy bu pu­da­gyň ýur­du­myz­da ön­dü­ril­ýän gur­lu­şyk ma­te­rial­la­ry bi­len bök­denç­siz üp­jün edil­me­gi­ni ta­lap ed­ýär. Bu iş­ler gur­lu­şyk ma­te­rial­la­ry­ny ön­dür­ýän tä­ze kär­ha­na­la­ry gur­mak, he­re­ket ed­ýän kär­ha­na­la­ryň dur­ku­ny tä­ze­le­mek we döw­re­bap­laş­dyr­mak, önüm­çi­li­ge tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ry we en­jam­la­ry or­naş­dyr­mak ar­ka­ly ýo­la go­ýul­ýar. 

Tä­ze işe gi­ri­zil­ýän kuw­wat­ly kär­ha­na­la­ryň ön­dür­ýän ýo­ka­ry hil­li önüm­le­ri ýur­du­my­zyň gur­lu­şyk we se­na­gat pu­da­gy­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny has-da pug­ta­lan­dyr­ýar. 

Bu bol­sa ýur­du­my­zyň gur­lu­şyk pu­da­gy­nyň işi­ni döw­re­bap de­re­je­de ös­dür­mä­ge tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär. 

Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap ýur­du­my­zyň gur­lu­şyk pu­da­gyn­da ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­le­re ba­gyş­la­nyp ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra gur­lu­şyk ser­gi­si­niň işi­ne gat­naş­ýan mil­li hü­när­men­le­riň we da­şa­ry ýurt­ly myh­man­la­ryň öza­ra tej­ri­be alyş­ma­gyn­da, gel­jek­de giň ge­rim­li hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­mak­da hem-de iki­ta­rap­la­ýyn bäh­bit­li tas­la­ma­la­ry ara alyp mas­la­hat­laş­mak­da Aş­ga­bat şä­he­rin­de gu­ral­ýan bu hal­ka­ra ser­gi­niň we mas­la­ha­tyň äh­mi­ýe­ti­niň örän uly bol­jak­dy­gy­na ynan­ýa­ryn. 

Hor­mat­ly myh­man­lar! 

Hä­zir­ki wagt­da di­ňe bir gö­zel paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da däl, eý­sem, ata Wa­ta­ny­my­zyň äh­li kün­jek­le­rin­de ýa­şa­ýyş-dur­muş we önüm­çi­lik mak­sat­ly döw­re­bap bi­na­la­ryň­dyr des­ga­la­ryň gur­lu­şyk­la­ry güýç­li dep­gin­ler bi­len al­nyp ba­ryl­ýar. Eziz 

Di­ýa­ry­myz­da al­nyp ba­ryl­ýan gur­lu­şyk­la­ryň dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän­di­gi we olar­da mil­li bi­na­gär­lik ýö­rel­ge­le­ri­niň do­wam et­di­ril­ýän­di­gi gu­wan­dyr­ýar. Bu bol­sa ýer­li hü­när­men­le­ri­mi­ziň ýyl­sa­ýyn tej­ri­be top­la­ýan­dy­gy­na hem-de ne­ti­je­li iş­le­me­gi ba­şar­ýan­dy­gy­na gü­wä geç­ýär. «Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi» diý­lip at­lan­dy­ry­lan 2018-nji ýyl­da Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň paý­tag­tyn­da gu­ral­ýan hal­ka­ra ser­gi­niň do­wa­myn­da bu ha­ky­ka­ta siz ýe­ne-de bir ge­zek do­ly göz ýe­ti­rer­si­ňiz di­ýip pi­kir ed­ýä­rin. 

Hor­mat­ly ser­gä we mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­lar! 
Ga­dyr­ly myh­man­lar! 

Si­zi «Türk­men­gur­lu­şyk — 2018» at­ly hal­ka­ra ser­gi­niň hem-de «Türk­me­nis­ta­nyň gur­lu­şyk pu­da­gy­nyň ösü­şi» at­ly mas­la­ha­tyň açyl­ma­gy bi­len ýe­ne-de bir ge­zek tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn. 

Si­ze berk jan sag­lyk we uzak ömür, gur­lu­şyk pu­da­gy­ny ös­dür­mek ug­run­da alyp bar­ýan yh­las­ly iş­le­ri­ňiz­de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw ed­ýä­rin. 

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti 
Gurbanguly Berdimuhamedow

 

http://www.turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=11487