TÜRKMENISTAN – RUHUBELETNLIGIŇ WE SAGDYNLYGYŇ ÝURDY

UGUR – AZIADA – 2017-A TARAP

 

                                 TÜRKMENISTAN – RUHUBELETNLIGIŇ WE SAGDYNLYGYŇ ÝURDY 

 

Dünýä sportunda täze sahypany saçjak Aziada – 2017-ä taýýarlykly barmak üçin ýurdumyzda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallasy bilen uly işler alnyp barylýar. Ministrlikleriň we pudak edaralarynyň işgärleriniň arasynda ruhubeletnligi, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuşy ýörelgesini durmuşa giňden ornaşdyrmak, zehinli, güýçli, başarjaň türgenleri seçip-saýlap almak, olaryň Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzüminde çykyş etmegini gazanmak maksady bilen “Türkmenistan – ruhubeletnligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly sport ýaryşlarynyň geçirilmegi hem bu ugurda ýaýbaňlanýan işleriň esasylarynyň biridir.

Türkmenistanyň ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň işgärleriniň arasynda sportuň görnüşleri boýunça “Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly VIII- sport ýaryşlarynyň jemleýji ýaryşlary 2017-nji ýylyň aprel-maý aýlarynda Aşgabat şäheriniň sport desgalarynda geçirildi.

   Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda ýaýbaňlanýan dürli sport ýaryşlaryna Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň “Gurluşyk we binagärlik sport kluby” hojalyk müdirliginiň türgenleri yzygiderli gatnaşyp, üstünlikli çykyş edip gelýärler. Ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň arasynda gyzgyn goldaw tapan bu ýaryşda hem olar ýokary netijeleri görkezmegi başardylar. (ýaryşyň netijeleri aşakdaky tablisalarda görkezilýär).

Ýeri gelende, Türkmenistanyň başlangyç orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp ýaşlaryň arasynda yglan edilen “Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly VIII- sport ýaryşlarynda Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň “Mermer” ýygyndy toparynyň hem ýokary üstülige eýe bolandygyny belläp geçmek isleýäris. Bu topar özüniň gujur-gaýraty bilen ähli orta we başlangyç hünär okuw mekdeplerinden saýlanyp, 103 utuk aratapawut bilen jemi 450 utuk gazanmak arkaly I orna çykmagy başardy.

Sport ýaryşynyň jemleýji tapgyrynyň ýeňijileri bolan toparlar we türgenler Türkmenistanyň Prezidentiniň ýörite baýragy, Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň Hormat hatlary hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasy, Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkezi, ýurdumyzyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan Kuboklar we medallar bilen sylaglandylar. 

Her bir gazanylan ýeňiş – täze üstünliklere badalga. Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň “Gurluşyk we binagärlik sport kluby” hojalyk müdirliginiň türgenleriniň gazanan bu ýokary ýeňişi olary şu ýylyň sentýabr aýynda paýtagtymyz Aşgabatda geçiriljek Aziada – 2017-de täze üstünliklere eýe bolmaga ruhlandyrýar.

Çary IŞANGULYÝEW,  

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň “Gurluşyk we binagärlik sport kluby” hojalyk müdirliginiň baş hünärmeni,

Bazar ALLAKOW,

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň sport ýolbaşçysy.

 

 

 

 

                          

                “Türkrkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly VIII- sport ýaryşlarynyň jemleri

 

Toparlaryň ady

 

 

Woleýbol

05-09 -  aprel

Ýeňil atletika

06-08 -  aprel

Suwda ýüzmek

14-16 -  aprel

Küşt

 

14-19 -aprel

Kiçi futbol

17-23 -aprel

Stol

tennisi

18-20 -aprel

Milli göreş

19-21

-aprel

Basketbol

19-23 - aprel

Tennis

 

24-27

-aprel

Jemi

utuk

sany

Umumu eýelän ýeri

 

Erkek

 

 

Zenan

 

 

Erkek

 

 

Zenan

 

 

Erkek

 

 

Zenan

 

Erkek

 

 

Zenan

 

  1.  

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi

III

8 bal

I

10 bal

I

10 bal

I

10 bal

I

10 bal

I

10 bal

I

10 bal

I

10 bal

I

10 bal

I

10 bal

I

10 bal

I

10 bal

I

10 bal

 

128

 

I

 

  1.  

Türkmenistanyň Bilim ministrligi

IV

7 bal

II

9 bal

II

9 bal

II

9 bal

III

8 bal

II

9 bal

II

9 bal

III

8 bal

III

8 bal

III

8 bal

IV

7 bal

III

8 bal

II

9 bal

108

II

  1.  

Türkmenistanyň Maliýe ministrligi

----

----

III

8 bal

III

8 bal

IV

7 bal

VI

5 bal

V

6 bal

-----

II

9 bal

II

9 bal

III

8 bal

II

9 bal

IV

7 bal

76

III

 

 

 

 

 

  “Türkrkmenistan-ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly VIII-Milli Spartakiadasynyň Milli göreş görnüşinden jemleýji ýaryşynyň netijesi

57kg.

agramda

62kg.

agramda

68kg.

agramda

74kg.

agramda

82kg.

agramda

90kg. agramda

100kg. agramda

+100kg. agramda

I-orun

I-orun

I-orun

I-orun

II-orun

I-orun

I-orun

II-orun