TÜRKMENISTANYŇ AWTOÝOLLARY: DÜNÝÄ STANDARTLARYNYŇ DEREJESINE

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň alyp barýan işinde kesgitleýji boldular. Köp ýyllaryň dowamynda hut şu institut gurluşygyň ylmy-kadalaşdyryjy binýadyny işläp düzmek we kämilleşdirmek boýunça Türkmenistanda esasy edara bolup durýar.

Institutyň işgärleri kadalaşdyryjy resminamalary, ylmy işläp düzmeleri, emeli teýkaryň gurluşy boýunça binalara we desgalara ýetirilýän seýsmiki täsiri azaltmaga mümkinçilik berýän hödürnamalary işläp taýýarlamak we gurluşyk tejribesine ornaşdyrmak bilen meşgullanýarlar. Olaryň hakyky işe ukyplylygynyň we ulanyş hiliniň fiziki taýdan könelme derejesini ýüze çykarmak bilen, gurluşyk konstruksiýalarynyň tehniki ýagdaýynyň barlagyny üstünlikli geçirýärler, şeýle hem gurluşyk obýektleriniň, şol sanda Türkmenistanda gurulýan awtomobil ýollarynyň hiline gözegçilik etmegi amala aşyrýarlar.

Paýtagtyň ähli ýol-ulag infrastrukturasyny kämilleşdirmekligiň geljekdäki işleri barada Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk YBI-nyň «Asfalt materiallary» barlaghanasynyň müdiri Sapargeldi Gylyjow gürrüň berýär:

- Awtomobil ýollarynyň gurluşygy boýunça Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan işler diňe bir döwlet we hususy jogapkär kärhanalar däl, eýsem daşary ýurt kompaniýalary tarapyndan hem durmuşa geçirilýär.

Döwlet baştutanynyň hususy telekeçilige berýän goldawynyň netijesinde soňky ýyllarda ýollaryň we köprüleriň gurluşygynda ýerli döwlet we hususy kärhanalaryň paýlary köpeldi. Şu günki günde hususy kärhanalar islendik çylşyrymly awtoýollary taslama etmegi we gurmagy ýokary hilli we öz güýçleri bilen amala aşyrýarlar.

Paýtagtda awtomagistrallary uly möçberde döwrebaplaşdyrmak, awtomobil köprülerini, ýol çözülişlerini, ýerasty pyýada geçelgeleri gurmak, inžener-kommunikasion ulgamlaryny çalşyrmak we hereketiň döwrebap howpsuzlyk ulgamlaryny ornaşdyrmak ýaly işler dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň ýol-ulag infrastrukturasynyň ähli awtomagistrallary we obýektleri hem hili boýunça, hem ýol hereketiniň howpsuzlyk şertleri boýunça ýokary halkara standartlaryna laýyk gelmelidirler diýip, birnäçe gezek nygtaýar. Arçabil şaýoluny – şu döwürde türkmen paýtagtynyň «ýüzüni görkezýän» dünýä derejesindäki awtobany täze taryhy eýýamyň aýdyň nyşanlarynyň biri hökmünde doly aýtmak bolar.

Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk YBI-nyň alymlary we hünärmenleri biziň ýurdumyzdaky ähli awtoýollaryň we şäherara awtotrassalaryň gurluşygynyň hiline yzygiderli gözegçilik edýärler. Bu ugurda maksada gönükdirilen işleri geçirmek bilen, biziň işgärlerimiz innowasion tehnologiýalardan we öňdebaryjy dünýä tejribesinden ugur alýarlar. Biziň ýurdumyzda häzirki wagtda ýol gurluşygynda ýol örtükleri hökmünde asfaltbeton örtükler giňden ulanylýar.

Şeýlelikde, asfalt örtükleri örän berk we suw syzdyrmaýan, gyzgyn howada bolsa, ýylylyga çydamly bolmalydyr we uzak wagtlap öz häsiýetlerini ýitirmeli däldir, konstruksiýasy ýarsan wagtynda, ýagny şekili üýtgän ýagdaýynda ýarylmaly däldir, çökme halatynda ýa-da seýsmiki hadysalar bolanda bolsa, ýarylyp jaýryklar emele getirmezden we opurylmazdan deformirlenmelidir. Häzirki wagtda asfaltbeton garyndysyny taýýarlamak üçin çagyldan, çägeden we bitumdan durýan kompozision gurluşyk materiallaryny peýdalanýarlar. Bu düzümi düzüjilerden her biriniň hili degişlilikde asfaltbetonyň hilini, netijede bolsa, awtomobil ýollarynyň hilini kesgitleýär. Ondan başga-da, onuň häsiýetleri Türkmenistanyň klimatyny (howa şertlerini) nazara alyp, ulag serişdeleriniň hereketiniň şertlerine laýyk gelmelidir.

Asfaltbetonyň iň möhüm komponentleriniň (goşundylarynyň) biri toz-dolduryjy bolup, ol iki wezipäni ýerine ýetirýär – bu çägesow-çagylly karkasyň boşluklaryny doldurmak we mineral esasyň dykyzlygyny ýokarlandyrmak. Dolduryjy nebit bitumy bilen garyşdyrylan ýagdaýynda berk berkidiji madda emele gelýär, ýagny ol çägäniň we çagylyň dänesini dykyz we berk monolite birleşdirýän ýelim bolup durýar. Asfaltbetonyň önümçiliginde Ruhabadyň, Abadanyň we Berekediň känlerinde işlenip taýýarlanylýan çagyly peýdalanýarlar. Asfaltbeton garyndysynyň ikinji düzüjisi çägelerdir. Türkmenistan – bu şular ýaly gurluşyk materialyna baý ýurtdyr. Onuň hili mineral-petrografik düzümi, şol sanda düzüminde toýunsow-tozansow bölejikleri saklaýanlygy, dykyzlygy, göwrüm (dökülen) agramy, süzüjilik ukyby, çyglylygy we düzümindäki organiki garyndylary bilen kesgitlenilýär.

Mineral tozy dolduryjy hökmünde asfaltbetonyň berkligini ýokarlandyrýar, emma şonuň bilen birlikde hem onuň döwlenligini (portlugyny) artdyrýar, şonuň üçin mineral tozunyň garyndydaky düzümi diňe asfaltbetona kadaly dykyzlygy we berkligi bermek üçin ýeterlik, örän az derejede bolmalydyr. Düzüminde mineral tozy artykmaç bolan ýagdaýynda örtükleriň süýşmeklige durnuklylygy çalt peselýär. Bu ýollaryň gurluşygynda esasy material bolup durýar. Onuň esasy ulanylýan ýeri – asfaltbeton zawodlarynda asfalt taýýarlanylýan ýerde mineral toz bitumyň berkidiji we ýelmeşegen ukybyny ýokarlandyrýan dolduryjy hökmünde hyzmat edýär. Bitumyň köp bölegini özüne siňdiriji ösen üstüniň netijesinde mineral tozy asfaltbetona zerur bolan häsiýetleri, ýagny mehaniki berkligi, çeýe we maýyşgak deformasiýalara ukyplylyk berýär, bu bolsa ýol örtüginiň hilini gowulandyrýar, onuň hyzmat ediş möhletini artdyrýar we ulanyşda ep-esli tygşytlylyk berýär.

Hekdaşlardan ýa-da dolomit jynslardan öndürilen tozyň birnäçe gowy artykmaçlyklary bar – ol bitum bilen oňat örtülýär we galtaşma üstde birnäçe himiki birleşmeleri emele getirýär, olar suw bilen eremeýärler we asfaltbetonyň hyzmat ediş möhletini ýokarlandyrýar, şeýle hem berkligi we ýylylyga çydamlylygy boýunça görkezijilerini gowulandyrýar. Bütin dünýäde bu günki gün tehnologiki proses galyndysyz ekotehnologik ulgam hökmünde meýilleşdirilýär. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow: “daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklary köpeltmek, Watanymyzyň mundan beýläk gülläp ösmegi üçin olary aýawly peýdalanmak – geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy maksatlary” diýip nygtaýar. Senagatda esasy önümi almak bilen bir hatarda köp mukdarda galyndylar hem bar, ýagny bu galyndylaryň gaýtadan ulanylmak zerurlygyny döredýär. Mysal üçin, Gyzyl-Gaýa ýatagynyň gumdaşlary peýdalanylanda gaýtadan işlenilýän çig malyň diňe 20-40 göterimi taýýar önümi – ak kaolini çykarýar, galan bölegi bolsa, galyndylary – ýuwlan kwars çägesini düzýär, ol asfaltbeton garyndysynyň ýokary hilli çägesow düzümi hökmünde hödürlenýär.

Biziň institutymyzyň alymlary mineral goşundylaryň häzirki wagtda Türkmenistanda ulanylýan asfalt garyndylaryna edýän täsirini barlaýarlar. Asfaltbetonyň hilini ýokarlandyrmakda olaryň tutýan orny örän ähmiýetli, sebäbi nebit bitumyny berk asfalt maddasyna öwürmäge mümkinçilik berýär – ýelime meňzeş bolup, ol örtükleriň biziň howa şertlerimizde örän wajyp bolan süýşmeklige durnuklylygyny çalt peseldip, çägäniň we çagylyň dänesini dykyz we berk monolite birleşdirýär. Biziň alymlarymyzyň bu ähli işläp düzmeleri asfaltbetona berklik bermäge, onuň hyzmat ediş möhletini 15-20 ýyla çenli artdyrmaga awtomobil ýolunyň ulanyşynda ep-esli tygşytlylygy almaga mümkinçilik berýärler. «Аsfalt materiallary» barlaghanasy zerur bolan barlaghana abzallary we enjamlary bilen enjamlaşdyrylyp, olar bilen alymlar we hünär derejesi ýokarlandyrylan hünärmenler işleýärler. Bilimlerini we ussatlygyny kämilleşdirmek üçin ýaş hünärmenlere uly üns berilýär. Asfaltbeton garyndysynyň parametrlerini (häsiýetlerini), olary almaklygyň usullaryny öwrenmek bilen, biz özümiziň mundan beýläkki düýpli ylmy barlaglarymyzy ýol gurluşygy boýunça täze tehnologiýalary işläp düzmeklige gönükdirdik.

Bu gün Türkmenistanda awtomobil ýollarynyň gurluşygy özüniň inžener-tehniki parametrleri boýunça halkara standartlaryna (ülňülerine) laýyk gelýär, ýagny ýük göterijilik ukyby, hereketiň tizligi, ýokary seýsmika çydamlylyk we beýleki tehniki häsiýetnamalary göz öňünde tutulýar. Häzirki zaman ýol-ulag infrastrukturasy döwletiň üstünlikli ösüşiniň aýrylmaz we wajyp faktorydyr.

 

«Нейтральный Туркменистан» gazeti

                                                                     2017-nji ýylyň 8-nji noýabry