TÜRKMENISTANYŇ DÖWREBAP SPORT BINAGÄRLIGINIŇ AJAÝYP NUSGASY

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan geçirilýän «açyk gapylar» syýasatynyň netijesinde Garaşsyz Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýy gyşarnyksyz ösýär. «Sport – bu güýjüň, gözelligiň, saglygyň we ruhuň ösüşiň belentliklerine tarap ymtylmasynyň beýanydyr» diýip, döwlet baştutanymyz nygtaýar. Türkmenistanda köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegi, jemgyýetde we aýratyn-da ýaş nesliň arasynda sagdyn durmuş keşbini wagyz etmek, şeýle hem türgenleri taýýarlamak üçin ähli zerur bolan şertleri döretmek Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan sport ulgamynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň iň möhüm başlangyçlaryndan biri boldy.

2017-nji ýylda Aşgabatda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçirilýär. Aziýa sebitiniň 45 ýurtlaryndan, şeýle hem Awstraliýanyň we Okeaniýanyň 17 sany döwletlerinden müňlerçe türgenler gatnaşjak bu uly ýaryşlar Türkmenistanyň paýtagtynda gurlan Olimpiýa şäherçesinde Aziada-2017 atly maksatnama girizilen sportuň 21 görnüşi boýunça geçiriler.

Owadan we döwrebap gurlan Olimpiýa şäherçesi özüniň özboluşly binagärlik meýilnamasyna we kompozisiýasyna görä hereketliligiň täsirini döredýär. Häzirki wagtda Merkezi Aziýada meňzeşi bolmadyk bu ajaýyp toplumyň sport desgalary bir ýere toplanan we tutuş Olimpiýa şäherçesiniň üstünden geçýän okuň uzaboýuna ýerleşen.

Olimpiýa şäherçesiniň 30-dan gowrak desgalarynyň gurluşygy üç tapgyrda geçdi: 2014-nji ýylyň aprelinde tamamlanan 1-nji tapgyryň çäklerinde sport oýunlary toplumynyň dört sany türgenleşik zaly, alty müň orunlyk münberli welotrek, başa-baş söweş we söweş sungaty boýunça sport toplumy we onuň üç sany türgenleşik zaly, reabilitasion merkez, tennis, gandbol, basketbol we woleýbol bilen meşgullanmak üçin açyk sport meýdançalar we tomaşaçylar üçin ýerler guruldy. Şeýle hem, restoran, metbugat-merkezli 800 orunlyk «Sport» myhmanhanasy, 400 we 200 sany ulag ýerleşer ýaly köp gatly awtoduralgalar, restoran-baryň ýerleşýän ýerindäki köpri-ýerasty ötük arkaly Olimpiýa şäherçesi bilen birleşdirilen «Sport» söwda merkezi guruldy.

2-nji tapgyryň çäklerindäki gurluşyk işleri 2015-nji ýylyň dekabrynda tamamlandy. Şeýlelikde, bu tapgyryň desgalarynyň hatarynda – hormatly myhmanlary kabul etmek üçin 450 orunlyk «Оlimpiýskaýa» myhmanhanasy, bäş müň sany tomaşaçylar üçin ýeňil atletika toplumy, bäş müň sany tomaşaçylar üçin açyk suw toplumy we açyk howuz, 5 müň sany tomaşaçylar üçin ýapyk suw toplumy we tomaşaçylar üçin ýerleri bolan ähli mümkin bolan suw sport ýaryşlaryny geçirmek üçin açyk howuz, dört müň adamlyk münberli tennis zaly we iki müň sany tomaşaçylar üçin açyk tennis meýdançalary.

2-nji tapgyryň çäklerinde Halkara Olimpiýa Komitetiniň ýörite hyzmatdaşy - «ATOS» (Ispaniýa) kompaniýasy tarapyndan Oýunlaryň gidişinde maglumat-kommunikasion goldawy we prosesleri dolandyryş ulgamyny üpjün edýän ýokary tehnologik enjam oturdyldy. Ýene bir taýýar bolan desga medeni-dynç alyş merkezidir. Ondan başga-da, myhmanhanalar bilen bir hatarda 500 sany awtomobiller üçin köp gatly duralga guruldy, şeýle hem golaý ýerler abadanlaşdyryldy.

3-nji tapgyryň gurluşyk işleri güýçli depginler bilen alnyp barylýar, eýýäm meýilnamanyň 95 göterimden gowragy ýerine ýetirildi. 400 sany maşyn üçin köp gatly iki sany awtoduralganyň, halkara alyp görkeziliş merkeziniň, doping ylmy-barlag we okuw merkeziniň, Olimpiýa meýdançasynyň we logistik merkezleriň gurluşygy dowam edýär. Olimpiýa stadiona möhüm orun berilýär – bir tarapdan, ol futbol stadionynyň parametrleri boýunça taslama edildi, emma beýleki bir tarapdan, onda Aziada-2017 geçirilýän döwründe Oýunlaryň açylyş we ýapylyş çäreleri geçiriler. Olimpiýa şäherçesiniň binalaryny we interýerlerini bezemekde  adaty owadan türkmen gölleriniň palitrasy peýdalanyldy. Aşgabat oýunlary million sany adamlar üçin Türkmenistany halkara sport arenasynda diňe bir täzeden açman, eýsem sportuň we syýahatyň ösmegine, şeýle hem Türkmenistanyň dünýä sport hereketine integrasiýasyna  kuwwatly badalga berer.

Olimpiýa şäherçesiniň gurluşygynda ýeriň seýsmikligini hasaba alýan, Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryna laýyklykda ähli desgalaryň düýplerini berkitmek boýunça goşmaça çäreleri ulanmaklyga uly ähmiýet berildi. Seýsmiki ýagdaýa durnuky gurluşyk ylmy-barlag institutynyň «Inženerlik seýsmologiýasy» barlaghanasynyň işgärleri tarapyndan Olimpiýa şäherçesiniň gurluşyk meýdançasy boýunça hasaplanan seýsmiklige baha bermek babatda 10 sany netijenama taýýarlanyldy. Soňra seýsmikligiň hakyky bahasyny peýdalanmak bilen, «Jaýlaryň we desgalaryň seýsmika çydamlyk» barlaghanasynyň hünärmenleri tarapyndan desganyň binalaryna we desgalaryna ýetirilýän seýsmiki täsiriň reaksiýasyny azaltmak maksady bilen emeli teýkaryň inženerlik taýýarlygy boýunça 60 sany hödürnamalar işlenip taýýarlandy.

Olimpiýa şäherçesiniň gurluşyk meýdançalaryndaky inžener-geologik gözlegleri «Тürkmenobasenagattaslama» TÖK tarapyndan ýerine ýetirildi. Hünärmenleriň netijenamasyna görä, gidrogeologik ýagdaý seýsmiki taýdan gurluşyk etmek üçin amatly hasaplanýar.

Olimpiýa şäherçesiniň seýsmiki howpsuzlygyny üpjün etmek we teýgumlaryň çökýän häsiýetlerini ýok etmek üçin taslamada binýatlaryň astynda emeli teýkaryň inženerlik taýýarlygy göz öňünde tutuldy, konstruksiýalaryň seýsmika çydamlylygyny berkitmek boýunça hasaplamalar geçirildi, şeýle hem inžener-geologik gözlegleriň tapgyrynda taýýarlanylan ähli hödürnamalar nazara alyndy.

Seýsmiki ýagdaýa durnuky gurluşyk ylmy-barlag institutynyň «Gidroizolýasiýa we posa garşy gorag» barlaghanasynyň hünärmenleri tarapyndan binýadyň konstruksiýalaryny teýgumlaryň täsirinden posa garşy goragyny taslama etmek üçin hödürnamalar işlenip düzüldi, posa garşy goragyň gurluşy boýunça Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryna we ozal berlen hödürnamalara laýyk gelýän işleriň önümçilik barlagy amala aşyryldy. Olimpiýa şäherçesiniň gurluşyk meýdançasynda «Stoper», «Focus membrane», «ODE Granat» (Türkiýe önümçiligi) ýaly rulonly gidroizolýasion material hem-de çalynýan epoksid we poliuretan  «Mariseal-600» (Тürkiýe) material giňden ulanyldy. Esasy we kömekçi binalaryň pürsli binýatlarynyň izolýasiýasy üçin bentonit «Benta Shield»  (Тürkiýe) materiallar ulanyldy. Toprak bilen galtaşýan demirbeton konstruksiýalaryň dik üstlerinde izolýasion materiallary goramak üçin «4х4 DRAIN500» (Тürkiýe) drenaž plastinalar, şeýle hem Türkiýede öndürilen geotekstil we ýylylyk geçirmeýän materiallar peýdalanyldy.

Olimpiýa şäherçesiniň gurluşyk işleriniň tutuş dowamynda Seýsmiki ýagdaýa durnuky gurluşyk ylmy-barlag institutynyň işgärleri tarapyndan gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyny we gurluşyk materiallarynyň hilini barlamak üçin degişli çäreler geçirildi. Hususan-da, hendegiň barlagy we teýkaryň inženerlik taýýarlygynyň hiline gözegçilik etmeklik teýgumlaryň dykyzlygyny we yzyny gömmekligi gat-gat kesgitlemek boýunça barlagy geçirmek arkaly amala aşyryldy. Ýerine ýetirilen işleriň hili we olaryň işlenip düzülen hödürnamalara we hereket edýän kadalara laýyk gelýänligi boýunça jemleýji netijenama taýýarlanyldy we berildi. Teýkaryň taýýarlanylyş hiline gönüden-göni Olimpiýa şäherçesiniň meýdançasynda teýgumuň nusgalygyny seçip almak, seçilip alnan materialyň esasynda taýýarlanylan teýkaryň häsiýetiniň görkezijilerini we Seýsmiki ýagdaýa durnuky gurluşyk ylmy-barlag institutynyň hödürnamalaryna ýa-da taslama çözgütlerine laýyklygyny kesgitlemek arkaly gözegçilik edildi. Bu ajaýyp desganyň gurluşygynda kabul edilen bu we beýleki çäreler olary ygtybarly we durnukly edýärler hem-de 2017-nji ýylyň Aziýa oýunlaryny mynasyp derejede geçirmäge mümkinçilik berýär.

 

Larisa Agaýewa – Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnuky gurluşyk ylmy-barlag institutynyň hünärmeni.               

 

“Нейтральный Туркменистан” gazýetinde 2017-nji ýylyň 07-nji ýanwarynda çap edilen.