Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi: usulyýet we amalyýet

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de diňe bir paýtagtymyzda däl, eýsem, welaýat merkezlerini, etraplardaky şäherçeleri we şypahana zolaklaryny gurşap alan binagärlik-şähergurluşyk işi okgunly ösdürilýär. Döwlet Baştutanymyz diňe bir gurluşyk işleriniň hiline däl, eýsem, häzirki zaman binagärliginiň bezegine, bu pudakda daşary ýurtlaryň oňyn tejribesini hem-de ylmy pikiriň we tehniki ösüşiň gazananlaryny özleşdirmäge hem aýratyn üns berýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň hünärmenleri ýer titremesine durnukly gurluşyk ulgamynda ylmy barlaglary işjeňleşdirdiler, milli binagärligiň däplerini nazara almak bilen, iň täze gurluşyk serişdelerini we gurluşlaryny ornaşdyrmaga uly üns berýärler. Bularyň ählisi her çärýekde çykýan “Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi” atly žurnalyň sahypalarynda öz beýanyny tapýar. Golaýda bu neşiriň nobatdaky sany çapdan çykdy. 

Žurnal owadan suratlar bilen bezelen, Amyderýanyň üstünden çekilen awtomobil we demir ýol köprüleri baradaky makala bilen açylýar. Bu desgalar inžener-tehniki taslamalaşdyrmakda innowasiýalary alamatlandyrýar. Türkmenistanda ulag ulgamynyň ösdürilmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyz taryhyň dowamynda kemala gelen yklymyň möhüm söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşýär we onuň halkara ulag çatrygy hökmündäki ähmiýeti biziň döwrümizde has-da artýar. Türkmenistan köpri gurmak babatda dünýä tejribesini üstünlikli özleşdirýär. Täze köprüleriň ikisiniň açylmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Okyjylar žurnalyň sahypalarynda olar barada anyk maglumatlary tapyp bilerler, onda ýerleşdirilen suratlar bolsa olaryň bezeginiň aýratynlyklary bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. 

Ýurdumyzyň paýtagty täze gurulýan desgalaryň hasabyna çäklerini giňeldýär. Şäherde her ýyl ajaýyp desgalaryň – edara, jemgyýetçilik we ýaşaýyş jaýlaryndan ybarat ak mermere beslenen döwrebap binagärlik toplumlarynyň onlarçasy, Ýewropanyň ýokary ölçeglerine kybap gelýän seýilgähler hem-de seýilbaglar ýokary tizlikli täze ýollar, ýerasty we ýerüsti geçelgeler hem-de köprüler gurulýar, ýadygärlikler bina edilýär, şäherýakalary abadanlaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Aşgabady dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwürmek boýunça öňde goýan anyk wezipesi durmuşa geçirilýär. 

Paýtagtymyzyň günorta böleginde, öňki boş ýerlerde peýda bolan “Parahat—7” täze ýaşaýyş toplumyna bagyşlanan makalada Köpetdagyň eteginde “Parahat—7” döwrebap ýaşaýyş toplumynyň täsin jaýlarynyň nurana keşbiniň şäheri okgunly ösdürmek ýörelgesiniň hem-de Aşgabadyň baş gurluşyk meýilnamasynyň çalt depginler bilen durmuşa geçirilýändiginiň nyşany bolup durýandygy bellenilýär. Täze belent jaýlar şäheriň şu künjeginde gurlan beýleki jaýlardan diňe gurluşyk tehnologiýasy bilen däl, eýsem, binagärligi, öýleriniň toplumy, olaryň meýdany we potologynyň beýikligi bilen tapawutlanýar. 

Žurnalyň şu sanynyň beýleki makalalarynda ýurdumyzda şähergurluşyk-binagärlik işleriniň kanunçylyk esaslaryna garalýar, golaýda kabul edilen “Binagärlik işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň esasy düzgünleri düşündirilýär. Onda binagärlik işiniň amala aşyrylmagynyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslary kesgitlenilýär hem-de adamyň ýaşaýşynyň amatly durmuş gurşawynyň döredilmegine, binalaryň, desgalaryň we olaryň toplumlarynyň estetiki täsirliliginiň, ygtybarlylygynyň gazanylmagyna gönükdirilendir. 

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýolbaşçylaryň ünsüni şähergurluşyk maksatnamasynda ileri tutulýan durmuş meselelerine çekmek bilen, onuň esasy ölçegleriniň adamlaryň gündelik ýaşaýyş-durmuşy, zähmet çekmegi we dynç almagy üçin aňrybaş oňaýly şertleriň döredilmegi bilen baglanyşyklydygyny nygtaýar. Milli Liderimiz gurluşyk serişdeleriniň hilinden we ekologiýa taýdan amatlylygyndan başlap, adamlaryň aňrybaş oňaýlylygy üçin ugurdaş şertleriň hemmesiniň döredilmegine çenli iri gurluşyk taslamalaryny düýpli seljerýär. 

Bu babatda otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-dynç alyş, seýilgäh we sport toplumlarynyň gurulmagyny mysal görkezmek bolar. 

Uly halkara baýramçylygynyň – Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň öňüsyrasynda Aşgabatda şäheri abadanlaşdyrmak, etraplary döwrebap ülňülere kybap getirmek boýunça uly işler geçirilýär. Şunda şähergurluşyk desgalarynyň ählisinde bir kysymlylykdan gaça durmaga we täze döwrüň ruhuny aýan etmäge mümkinçilik berýän milli binagärligiň däpleri öňdebaryjy çözgütler bilen utgaşdyrylýar. 

Aşgabat ajaýyplygy we amatlylygy, binagärlik ýörelgesiniň çeper bezeginiň utgaşyklylygy bilen haýran galdyrýar. Şäheriň çäkleri yzygiderli giňelýär, täze ajaýyp desgalaryň hasabyna has abadanlaşdyrylýar. Esasy ulag ýollarynyň durky täzelenildi, göni we aýlawly awtomobil ýollary, ýol aýrytlary hem-de ýerasty duralgalar peýda boldy, köp zolakly ýollaryň gurluşygy dowam edýär. Žurnalyň şu sanyndaky makalalaryň biri Nurmuhammet Andalyp köçesiniň ugrundaky çatryklaryň üçüsiniň merkezinde ýerleşdirilen täze özboluşly binalara bagyşlanýar. 

Neşiriň “Ylym” bölüminde ýerleşdirilen “Türkmenistanda häzirki zaman şäherleriniň kemala gelşi” atly makalada XIX—XX asyrlaryň sepgitlerinde ýurdumyzyň Atamyrat, Baýramaly, Serdar, Türkmenabat, Türkmenbaşy ýaly kiçi şäherleriniň gurlup başlanmagy barada gürrüň berilýär. Şol döwürde Ýewropa şähergurluşygynyň ýörelgelerine esaslanýan binagärlik düzüminiň esaslary goýuldy. Şol şäherlerde bir asyr mundan ozal gurlan binalaryň köpüsi özboluşlylygy bilen tapawutlanýar we häzirki döwürde binagärligiň täsin ýadygärlikleri hökmünde döwlet hasabynda durýar. 

Makalalaryň bir toplumy energetika meselelerine bagyşlanýar. Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwrüň iň wajyp meseleleriniň biri bolan energiýa serişdeleriniň dünýä ýurtlary üçin ygtybarly ulgamyny döretmekde halkara hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berýär. Ýurdumyz energiýa serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýedir. Türkmenistanyň bu ulgamdaky syýasatynyň esasy bolsa içerki sarp edijileri tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek hem-de energiýa serişdelerini beýleki ýurtlara eksport etmek bilen baglanyşyklydyr. Bular barada “Türkmenistan we Energetika Hartiýasy”, “Binanyň energiýa üpjünçiliginiň seljermesi — çözgütleri kabul etmegiň işjeň guraly” atly makalalarda gürrüň berilýär. 

Okyjylar žurnalyň “Nazaryýet” bölüminde howa şertleriniň binagärlige täsiri, dürli döwürleriň we halklaryň gurluşyk işiniň milli özboluşlylygy baradaky makala bilen tanşyp bilerler. Awtoryň nygtaýşy ýaly, gadymy döwürlerden bäri howa şertleri adamlardan ýerli howa şertlerine mahsus bolan ol ýa-da beýleki desgalaryň gurulmagyny talap edipdir. Howa ýagdaýy hem-de elýeterli gurluşyk serişdeleri hemişe dünýäniň her bir anyk sebitinde binagärlik usullarynyň gaýtalanmazlygyny kesgitläpdir. Hut şol şertler köp babatda şäherleriň we obalaryň häzirki zaman binagärligini hem kemala getirmelidir, olaryň “meňzeşlik” diýen adalga bilen kesgitlenýän özboluşly hilini şertlendirmelidir. 

“Nazaryýet” bölüminde ýerleşdirilen “Taslama gurluşyk desgasynyň özenidir” atly makalada taslamalary işläp düzüjilere “Türkmenistanyň gurluşyk kadalarynyň” talaplary düşündirilýär hem-de taslamanyň öň ýanyndaky resminamalary ýygnamakdan başlap, gurulýan desgada awtor gözegçiligine çenli işleriň ähli tapgyrlary beýan edilýär. 

Žurnalyň beýleki makalalarynda seýsmiki sebitlerde gurluşygyň esasy kadalaşdyryjy resminamasy, suwarylýan çäkleriň ekologiýa gözegçiliginiň gowulandyrylmagyna gönükdirilen gurluşyk meseleleri beýan edilýär. 

Aşgabat täsin binalaryň we desgalaryň hasabyna özüniň gaýtalanmajak keşbini täzeläp, gün-günden gözelleşýär. “Ertekilerdäki ýaly owadan şäher!” diýip, paýtagtymyza ilkinji gezek gelýän adamlar haýran galmak bilen aýdýarlar. Ak mermerli Aşgabat Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň paýtagty diýen belent ada mynasyp bolmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýdýar. Türkmen şähergurluşykçylary durmuş-ykdysady ösüşleriň okgunly depginini nazara almak bilen, ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmek boýunça işleriň depgininiň has ýokary bolmagy üçin ähli tagallalary edýärler.