Türkmenistanyň Gurluşyk ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň döreýiş taryhy

Aşgabatda bolup geçen ýer titremesi seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk we seýsmologiýa pudagynda hünärmenlerde ylmy barlaglary güýçlendirmegini oýardy hem-de seýsmiki täsirler ýetirilýän binalaryň we desgalaryň hasaplanyş we taslama ediliş usullaryna, şeýle hem gurluşyk materiallarynyň hiline täze talaplary bildirdi. Ýer titremeden soň tiz wagtyň içinde ýurdumyzyň paýtagtyny dikeltmek we seýsmikligi ýokary bolan sebitde täze şäheri döretmek meselesi keserip durdy. Bu jogapkärçilikli meseläniň çözgüdi taslama edilýän we gurulýan binalaryň ygtybarlylygynyň kepillendirilmesini, ilatyň doly howpsuzlygynyň üpjün edilmegini we maddy gymmatlyklaryň goralyp saklanylmagyny talap etdi.

Seýsmiki sebitlerde gurluşyk işlerini alyp barmak bilen baglanyşykly meseleleri çözmeklik üçin SSSR Ylymlar akademiýasynyň Türkmen şahamçasynyň Fiziki-tehniki institutynyň ýanynda 1949-njy ýylyň aprelinde antiseýsmiki gurluşyk boýunça bölüm döredildi. Bölümiň ylmy barlaglarynyň tematikasy ilkibaşda diňe binalaryň seýsmika çydamlylygy we gurluşyk materiallaryny almagyň tehnologiýasy babatdaky meseleleri öz içine aldy. Emma şeýle-de bolsa, seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşygyň möçberleriniň we oňa bildirilýän talaplaryň artmagy antiseýsmiki gurluşyk boýunça bölümini Türkmenistan SSR-niň Ylymlar akademiýasynyň antiseýsmiki gurluşyk boýunça ýöriteleşdirilen ylmy-barlag institutyna özgertmek (1951ý.) üçin esas bolup hyzmat etdi, ýagny 1962-nji ýylda Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk instituty diýlip ady üýtgedildi, 1963-nji ýylda bolsa  Türkmenistan SSR-niň Döwlet gurluşygynyň (TSSR Döwletgurluşyk SÝDGYBI) alyp barmagyna berildi.

 

 

Institutda aşakdaky bölümler döredildi:

Barlaghanalar:

  • jaýlaryň we desgalaryň seýsmika çydamlyk
  • inženerlik desgalaryň we seýsmika çydamly konstruksiýalaryň seýsmika çydamlylygy
  • beton we demirbeton, berkidiji we bezeg materiallary
  • gurluşyk materiallarynyň uzak möhletliligi boýunça fiziki-mehaniki synag usullary
  • bazalt süýümi

Bölümler:

  • inženerlik seýsmometriýa we synag tehnikasy
  • tehnologiki synaglar
  • ornaşdyrma bölümi

Bölümçeler:

  • ylmy-tehniki habar-beriş we patent öwreniş,
  • hasaplaýyş tehnikasy. 

Institutyň 200 sany işgärlerinden 20 sany işgäriň ylymlaryň kandidaty diýen alymlyk derejesi bardy.

 

Eksperimental barlaglary geçirmek üçin institutda seýsmiki täsirlere meňzedýän wibrasiýa maşynlaryň we partlama energiýasynyň kömegi bilen elektron mikroskopdan başlap, binalaryň we desgalaryň synaglaryna çenli tebigy ululykda barlaglary geçirmäge mümkinçilik berýän, oňat enjamlaşdyrylan barlaghana binýady bar.

Institutyň ylmy esasy ugruna laýyklykda ähli barlaglar umumy bir meseläniň çözgüdine – binalaryň we desgalaryň seýsmika çydamlylygyny üpjün etmeklige tabyndyr. Institutyň iş salyşýan we çözýän meseleleriniň göwrümi örän giň we binalara we desgalara ýetirilýän seýsmiki täsirleri hasaplamagyň usullaryny kämilleşdirmek, ýerli çig mal esasynda täze gurluşyk materiallaryny we olaryň esasynda seýsmika çydamly konstruksiýalary almak, olaryň häsiýetlerini öwrenmek, seýsmika çydamly desgalaryň uzak möhletliligini we ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleleri öz içine alypdyr.  Institut ýurtda ilkinjileriň biri bolup, inžener-seýsmometrik beketleri döretmäge girişdi, olaryň ýaýbaňlanan ulgamy SSSR-iň beketleriniň ýeke-täk ulgamyna giripdir. Beketler dürli konstruktiw shemaly ýaşaýyş we jemgyýetçilik binalarda we dürli teýgumlarda, hususan-da, seýsmoamortizatorda gurlan ajaýyp jaýda gurlupdyr. Ýer titremeler wagtynda bolan yrgyldylaryň ilkinji ýazgylary alnypdyr.

Eksperimental barlaglary geçirmek üçin institutda seýsmiki täsirlere meňzedýän wibrasiýa maşynlaryň we partlama energiýasynyň kömegi bilen elektron mikroskopdan başlap, binalaryň we desgalaryň synaglaryna çenli tebigy ululykda barlaglary geçirmäge mümkinçilik berýän, oňat enjamlaşdyrylan barlaghana binýady bar.

Institutyň ylmy esasy ugruna laýyklykda ähli barlaglar umumy bir meseläniň çözgüdine – binalaryň we desgalaryň seýsmika çydamlylygyny üpjün etmeklige tabyndyr. Institutyň iş salyşýan we çözýän meseleleriniň göwrümi örän giň we binalara we desgalara ýetirilýän seýsmiki täsirleri hasaplamagyň usullaryny kämilleşdirmek, ýerli çig mal esasynda täze gurluşyk materiallaryny we olaryň esasynda seýsmika çydamly konstruksiýalary almak, olaryň häsiýetlerini öwrenmek, seýsmika çydamly desgalaryň uzak möhletliligini we ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleleri öz içine alypdyr.  Institut ýurtda ilkinjileriň biri bolup, inžener-seýsmometrik beketleri döretmäge girişdi, olaryň ýaýbaňlanan ulgamy SSSR-iň beketleriniň ýeke-täk ulgamyna giripdir. Beketler dürli konstruktiw shemaly ýaşaýyş we jemgyýetçilik binalarda we dürli teýgumlarda, hususan-da, seýsmoamortizatorda gurlan ajaýyp jaýda gurlupdyr. Ýer titremeler wagtynda bolan yrgyldylaryň ilkinji ýazgylary alnypdyr.
 

Işgärleriň bir topary argillitlerden ýeňil öýjükli dolduryjylary almagyň usulyny işläp düzendikleri üçin Türkmenistan SSR-niň Döwlet baýragynyň eýeleri diýen ada mynasyp boldular. Institutyň barlaglary hem desgalary daşky gurşawyň täsirlerinden goramagyň usullaryny gözlemeklige gönükdirildi. Şu maksat bilen, polimer materiallar we ýerli materiallaryň esasynda alynýan dürli mastikalar peýdalanyldy. Muňa gidroizolýasiýa posa garşy etinol mastika, könelmezek polimer mastika, gidroizolýasiýa işler we ýumşak üçek üçin sowuk asfalt mastika mysal bolup biler. Bu materiallaryň täzeligi awtorlyk şahadatnamalary bilen berkidilen, mastikalaryň özleri bolsa ýurduň birnäçe halk hojalygy desgalarynda giňden ulanyldy. Institut Türkmenistanyň dürli ýataklaryndan alynýan mineral çig maly peýdalanmak boýunça uly işleri ýerine ýetirdi. TSSR Ministrler Sowetiniň Geologiýa müdirligine 14 sany çig mal ýataklarynyň senagat ýaramlylygyna baha bermek boýunça, aýratyn-da, ýagman argillitleri we Krasnowodyň bazaltlary ýaly geljekde gerek bolan materiallar boýunça netijenamalar berlipdir. Institutda tebigy konstruksiýalar we desgalar üçin şol döwürde döwrebap hasaplanan baza döredildi. Güýç meýdany bolan önümçilik binasynyň gurluşygy tamamlanypdyr, institutyň çäginde barlaghana görnüşli açyk poligonlar, kanalyň ugrunda uzaboýuna meýdan şertlerinde poligonlar, zawod poligonlar we şäheriň çäginde tebigy synaglaryň iri obýektleri peýdalanyldy. 1997-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Türkmenistanyň Gurluşyk ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag instituty Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa ylmy-barlag instituty bilen birleşdi we olaryň esasynda Gurluşyk we gurluşyk senagat materiallary ministrliginiň Seýsmologiýa YBI döredildi. Institutda seýsmiki howpa baha bermek we Türkmenistanyň çägini seýsmiki etraplaşdyrma we mikroetraplaşdyrma boýunça kartalary döretmek, umumydöwlet ähmiýetli önümçilik we önümçilik däl maksatly gurluşyk obýektleriniň we peýdaly gazylyp alynýan ýataklaryň senagat taýdan özleşdiriliş sebitleri üçin seýsmogen we tehnogen ýer titremeleri çaklamak we olara baha bermek boýunça,  ýer gabygynyň dinamikasy bilen baglanyşykly fiziki hadysalary öwrenmegiň esasynda ýer titremeleri çaklamagyň ylmy usullaryny işläp düzmek, seýsmiki sebitlerde sebitleýin seýsmologiýa we gurluşyk boýunça, şeýle hem gurluşyk materiallarynyň önümçiligi boýunça işler dowam etdi. Taslama etmek we gurluşyk etmek boýunça standartlaryň, tehniki şertleriň, gurluşyk kadalarynyň we düzgünleriniň berjaý edilişine döwlet gözegçiligi, şeýle hem binalaryň we desgalaryň durnuklylygyny we ygtybarlylygyny ýokarlandyrýan kadalaşdyryjy-tehniki resminamalary we täze hasaplama usullaryny işläp düzmek seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk boýunça hünärmenler tarapyndan çözülýän esasy meseleleriň hataryna girdi. Institutda beýleki ýurtlaryň ylmy merkezlerinden bolan bilermenler bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça işler alnyp baryldy. 2008-nji ýylda Aşgabatda bolup geçen ýer titremäniň 60 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi.

2009-njy ýylyň 12-nji iýunyndan başlap, özbaşdak ylmy-barlag gurluş hökmünde Instituty gaýtadan dikeltmeklik başlandy, sebäbi hut şol gün, Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Türkmenistanyň Gurluşyk ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutyny döretmek hakynda 2009-njy ýylyň 12-nji iýunynda 10464 belgili Karara gol çekildi. Türkmenistanyň Gurluşyk ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň dikeldilmegi Beýik Galkynyş eýýamynda gaýtadan dikeldilen, ikinji gezek dünýä inen ylym, bilim, medeni we däp-dessurlar ýaly gymmatlyklaryň hatarynda ýene bir halka boldy. Has dogrusy, institutyň döredilmeginiň özi milli ylym pudagynda, şol sanda, Türkmenistanyň sebitleýin şertlerini nazara almak bilen, seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk boýunça ylmy-amaly barlaglaryň intensifikasiýasyna aýratyn üns berilýänliginiň şaýadydyr.