Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň hünärmenleri tarapyndan 2017-nji ýylyň 3-nji iýulynda Ýaponiýanyň Halkara Hyzmatdaşlyk Agentliginiň (JICA)

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň hünärmenleri tarapyndan 2017-nji ýylyň 3-nji iýulynda Ýaponiýanyň Halkara Hyzmatdaşlyk Agentliginiň (JICA) Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça müdirliginiň ikinji bölüminiň, Daşky gurşawy goramak boýunça halkara departamentiniň direktory jenap Goto Konyň hem-de “OYO Inretnational” korporasiýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory jenap Si Songdzunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasy bilen Ýaponiýanyň Halkara Hyzmatdaşlyk Agentliginiň (JICA) arasynda “Aşgabat şäherinde we onuň daş töweregindäki çäklerde (Türkmenistan) seýsmologik gözegçilikler ulgamyny döwrebaplaşdyrmak” barada taslamany durmuşa geçirmek bilen bagly işleri amala aşyrmak boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy.

Taslamanyň maksady – seýsmologik gözegçilikleri alyp barmak we seýsmiki töwekgelçiligiň ýagdaýyna baha bermek boýunça taslama resminamasyny işläp taýýarlamak bilen bagly. Taslamanyň möhleti – 2017-nji ýylyň iýulyndan 2020-nji ýylyň dekabry aralygy.

Duşuşygyň gidişinde guramaçylyk we ýerine ýetirijilik gurluşyň meseleleri, taslamanyň çäklerinde alnyp barylýan işler, şeýle hem şu Taslamanyň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taslamanyň ýerine ýetirijilik gurluşy – Ýaponiýa tarapy:

- Ýaponiýanyň ilçihanasy;

- JICA;

- Maslahatçy (Taslama topary JICA)

Тürkmenistan tarapy:

- Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy instituty;

- Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag instituty.

Taslamanyň netijeleri:

1. Hakyky wagt tertibinde seýsmologik gözegçilikleriň san ulgamyny işe girizmek.

2. Hakyky wagt tertibinde teýgumuň güýçli hereketlerine gözegçilikleriň san ulgamyny herekete girizmek.

3. Ýer titremeleriň gipomerkezini, magnitudasyny we sarsgynlaryň hasaplanan intensiwligini kesgitlemek.

4. Döwrebap tehnologiýalary peýdalanmak bilen Taslamanyň barlaghana şertlerinde eksperiment geçirilýän ýerindäki sarsgynlaryň hasaplanan intensiwliklerine berlen bahalar.

Işleri şu Taslamanyň çäklerinde geçirmek barada pikir alşyldy.