Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň hünärmenleri (G.B.Аnnaýew, I.М.Аhmedýarowa, L.А.Аgaýewa we W.A.Lopaşew) tarapyndan 2017-nji ýylyň 28-nji iýunynda

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň hünärmenleri (G.B.Аnnaýew, I.М.Аhmedýarowa, L.А.Аgaýewa we W.A.Lopaşew) tarapyndan 2017-nji ýylyň 28-nji iýunynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy institutynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy Guramanyň halkara hünärmeni jenap Alekseý Nikitin bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy instituty bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy Guramanyň halkara hünärmeni jenap Alekseý Nikitiniň arasynda seýsmiki töwekgelçiligiň ýagdaýyna baha bermek boýunça taslamany işläp taýýarlamak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy. A.Nikitinyň resmi saparynyň maksady – Türkmenistanyň çäginde seýsmiki töwekgelçiligi öwrenmek we oňa baha bermek boýunça ylmy işleri geçirmek babatda taslamany işläp taýýarlamak. Ol taslamanyň maksady bilen tanyşdyrdy we onuň çäklerinde 2018-nji ýyldan 2020-nji ýyllar aralygynda Aşgabat şäheriniň çäginiň seýsmiki howpuna baha bermekligi geçirmeklik meýilleşdirilýär. Bu işleri Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy institutynyň hünärmenleri we Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň hünärmenleri ýerine ýetirerler. Bu duşuşygyň gidişinde ylmy-barlag işlerini geçirmegiň meýilnamalary bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, esasan hem, Aşgabat şäheriniň käbir jaýlarynda we desgalarynda şäheriň seýsmiki howpuna baha bermek üçin inžener-seýsmometrik enjam oturdylar. Bu taslamanyň işiniň netijesi Aşgabat şäheriniň töwekgelçiligi boýunça kartasy bolar diýlip pikir alşyldy.