TÜRKMENISTANYŇ GURLUŞYK WE BINAGÄRLIK MINISTRLIGINIŇ SEÝSMIKI ÝAGDAÝA DURNUKLY GURLUŞYK YBI-NYŇ HIL BOÝUNÇA SYÝASATY

Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk YBI-nyň işgärleri üçin esasy gymmatlyk Türkmenistanyň ilatynyň seýsmiki taýdan howpsuzlygyny üpjün etmekdir. Baý iş tejribesine, ýokary önümçilik we işgärler potensialyna eýe   bolmak bilen, Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk YBI Türkmenistanyň çäginde gurluşyk materiallarynyň we alnyp barylýan işleriň hiline edilýän gözegçilige ýolbaşçylyk etmäge dowam edýär.

         Özüniň iň gowy däp-dessurlaryna laýyklykda we hyzmatdan peýdalanýanlaryň ynamyny artdyrmak maksady bilen aşakda görkezilenleri ýerine ýetirmek arkaly Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk YBI seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk boýunça özüniň alyp barýan işini dowamly gowulandyrmaga borçlanýar:

  • Türkmenistanyň kanunçylygynyň we ISO 9001:2015 Halkara standartynyň talaplaryna laýyklykda hil menejmenti boýunça düýpli ylmy-barlag hem-de tejribe ähmiýetli işleri amala aşyrmak;
  • Gurluşyk we inžener ylmynyň dürli hünärleri boýunça ýokary hünär derejeli ylmy işgärleri taýýarlamak maksady bilen aspirantura we doktorantura bölüminiň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak;
  • Türkmenistanyň gurluşyk tejribesinde ileri tutulýan aktual temalary saýlamak we kesgitlemek;
  • Gurluşyk üçin innowasion tehnologiýalary we materiallary işläp düzmek;
  • Innowasion tehnologiýalary we materiallary ulanmak bilen eksperimental we ajaýyp gurluşyk üçin taslamalary işläp düzmek;
  • Ylmy barlaglary döwrebap enjamlar we maksatnamalaýyn serişeleri bilen üpjün etmek, ylmy gurşawyň durnuklylygyny goldamak;
  • Tejribe ähmiýeti barlaglary ösdürmek, netijeli ylmy işläp düzmeleri önümçilige ulgamlaýyn ornaşdyrmak, täze tehnalogiýalary, innowasion we ylmy tehniki işläp düzmeleri özleşdirmek boýunça işjeňligi ýokarlandyrmak;
  • Patent-ygtyýarnama işini ösdürmek;
  • Energiýa tygşytlaýjy döwrebap tehnologiýalary çekmek bilen maddy-tehniki binýadyň rejeli ulanyş tertibini üpjün etmek;
  • Kitaphanany ýörite enjamlar, iň täze milli we dünýä edebiýatlary bilen üpjün etmek;
  • Türkmenistanyň gurluşyk bazarynda milli we daşary ýurt gurluşyk firmalaryna hyzmat etmek boýunça Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk YBI-nyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak;
  • Ylmy barlaglaryň täze ugurlary boýunça barlaghanalary döretmek;
  • Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk we ilaty tebigy hem-de tehnogen täsirlerden goramak boýunça ýaş alymlaryň Barlag merkezini döretmek;
  • Türkmenistanyň kanunçylygynyň we ISO 9001:2015 Halkara standartynyň talaplaryna laýyklykda Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk YBI-nyň işgärleriniň bilim derejesini we jogapkärçiligini ýokarlandyrmak.

 

BIZIŇ MAKSADYMYZ – TÜRKMENISTANYŇ ÇÄGINDE SEÝSMIKI ÝAGDAÝA DURNUKLY GURLUŞYK PUDAGYNDA TANYMAL ÖŇDE BARYJY BOLMAK

Türkmenistanyň GweBM-niň

SYDGYB institutynyň direktorynyň w.w.ý.ý                                       B.Gurbanlyýew

     СМК-П-9001.НИИСС-12.05                                                        15.04.2017г.