Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Liderimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowy göni aragatnaşyga çagyrdy. Wise-premýer gözegçilik edýän edaralarynda işleriň ýagdaýy hem-de ätiýaçlandyryş işini kämilleşdirmekde görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer «Ätiýaçlandyryş hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda gaýtadan işlenen «Ätiýaçlandyryş bilen baglanyşykly şikesiň agyrlyk derejesine laýyklykda tölenilmäge degişli ätiýaçlandyryş pul möçberini kesgitlemegiň tertibiniň» taýýarlanandygyny habar berdi.

Bu resminamanyň taslamasynda hereket edýän kanunçylygyň düzgünleri, bu ulgamda milli ykdysadyýetimiziň aýratynlyklary we halkara tejribe nazara alyndy. Kadalaşdyryjy nama Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen ylalaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň döwrüň talaplaryna kybap gelýän täze milli ykdysady nusganyň kemala gelýän şertlerinde ähli pudaklaryň durnukly we sazlaşykly ösüşini üpjün edýändigini belledi. Şunda ähli hojalyk guralynyň zerur bölegi bolup durýan ätiýaçlandyryş işiniň kämilleşdirilmegi uly ähmiýete eýedir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň önümçilik toplumlarynda tehniki hadysalaryň öňüni almagyň, işgärlere şikes ýetmegi bilen baglanyşykly ýagdaýlaryň döremezligini üpjün etmegiň döwlet ätiýaçlandyryş edaralarynyň öňünde durýan esasy wezipedigini belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna we halkara ölçeglere laýyk derejede ýola goýulmalydygyny tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz mümkinçiligi çäkli adamlar barada döwletimiz tarapyndan uly alada edilýändigini aýdyp, olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, ýaşaýyş jaýlarynda we beýleki desgalarda olar üçin amatly durmuş gurşawyny döretmek boýunça asylly işleriň geljekde-de dowam etdiriljekdigini belledi. Milli Liderimiz häzirki zaman talaplaryna we halkara hukuk kadalara laýyklykda, tutuş halkymyzyň bolşy ýaly, mümkinçiligi çäkli adamlaryň-da durmuş goraglylygyny üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan işleriň hukuk taýdan düzgünleşdirilmegine möhüm üns berilmelidigini aýtdy.

Bu babatda durmuşa geçirilýän syýasy ugruň mazmuny «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarda öz beýanyny tapýar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Onuň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde ýurdumyz gülläp ösýän, ykdysady taýdan kuwwatly, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň yzygiderli gowulanmagyny üpjün edýän döwlete öwrülýär. Ätiýaçlandyryş şahsy we edara görnüşli taraplary töwekgelçiliklerden goramagyň netijeli guraly hökmünde ýokary durmuş ähmiýetine eýe bolup, ykdysadyýete içerki uzak möhletleýin maýa goýumlarynyň çeşmesi bolup hyzmat edýär.

Ýurdumyzda ätiýaçlandyryş bazarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmagyň möhümdigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen teklibi makullady hem-de degişli resminamanyň taslamasyny taýýarlamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hem-de Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän tebigy gazdan ýangyç öndürýän zawodyň gurluşyk we goýberiş-sazlaýyş işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu önümçilik toplumynda häzirki wagtda goýberiş synag işleri dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitgaz toplumynyň, şol sanda geologiýa pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga döwletimiz tarapyndan aýratyn üns berilýändigini we bu ugra ägirt uly serişdeleriň goýberilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz işiň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, bar bolan serişdelerden netijeli peýdalanmagyň wajypdygyny nygtap, bu babatda wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.

Şeýle hem wise-premýer Ahal welaýatynyň Owadandepe obasynyň ýanynda ýerleşýän tebigy gazdan ýangyç öndürýän zawodyň gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Häzirki wagtda bu zawodyň umumy gurluşyk işleriniň 96 göterime golaýynyň, goýberiş-sazlaýyş işleriniň bolsa 64 göterimden gowragynyň ýerine ýetirilendigi, zawodyň suw arassalaýjy we sowadyjy, lagym suwlaryny arassalaýan, bug gazanlarynda, gysylan howany öndürýän, howa bölüji desgalarynda synag işleriniň tamamlanandygy aýdyldy. Şeýle hem zawodyň gazy arassalaýjy we sintezleýji desgalarynda synag işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.

Ýakyn günlerde awtotermiki reforming desgasynyň goýberiş-sazlaýyş işlerine başlap, aprel aýynyň ikinji ongünlüginde metanolyň sintezi desgasyny işe taýýarlamak hem-de on günüň dowamynda bu desgany kadaly ýagdaýda işletmek we şondan soň ýangyjyň sintezi desgasyny işe girizmek göz öňünde tutulýar. Netijede, ýakyn wagtda Euro-5 standartynyň talaplaryna laýyk gelýän ekologiýa taýdan arassa, sintetiki ýangyjy öndürip başlamak meýilleşdirilýär.

Bulardan başga-da, zawodyň daşky eltiji ulgamlarynda gurluşyk işlerine ýerinde gözegçilik edildi. Häzirki wagtda bu zawody elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmek üçin elektrik geçirijisi çekildi. Şeýle hem zawoda barýan demir ýoluň gurluşyk-gurnama işleri tamamlanyp, demir ýoluň ýakasyna daş düşemek işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Bulardan başga-da, zawodyň suw bugardyjy howdanynyň gurluşygy tamamlandy. Ýagyş suwlaryny zeý suw akabasyna çekmek üçin suw geçiriji turbalaryň gurluşyk işleri tamamlanyp, turbalary gömmek işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýangyç-energetika toplumynyň ägirt uly çig mal serişdeleriniň, senagat hem-de ylmy kuwwatynyň bardygy netijesinde milli ykdysadyýetimizde esasy orunlaryň birini eýeleýändigini belledi. Bu pudakda ylmy-tehniki ösüşiň iň soňky gazananlarynyň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň, iň döwrebap tehnikalaryň ulanylmagy nebitgaz senagatynyň häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda ösmegini üpjün eder, ýurdumyzyň dünýäniň energetika bazarlarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrar.

Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda dünýäde ýeke-täk bolan, tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa sintetiki ýangyç öndürýän täze zawodyň gurulmagynyň ähmiýeti bellenildi. Munuň özi netijeli türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösdürilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere kärhanada geçirilýän goýberiş-sazlaýyş işlerini hemişe gözegçilikde saklamagy, şolaryň halkara ölçeglere kybap gelmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pudagyň döwrebap kärhanalarynda işlemek üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak meselelerine-de aýratyn üns bermegi talap etdi.

Hormatly Prezidentimiz ýokarda aýdylanlary jemläp, täze iri gazhimiýa toplumynyň ulanmaga berilmeginiň pudagy diwersifikasiýalaşdyrmagyň, dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan önümleri çykarýan ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim boljakdygyny nygtady.

Şeýle hem milli Liderimiz ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyna degişli düzümlerde ulanylýan belgileriň, nyşanlaryň halkara derejä laýyk gelmelidigini belläp, degişli belgileri taýýarlamakda ösen halkara tejribeden we dünýäniň häzirki zaman ýörelgelerinden, ylmyň ýokary gazananlaryndan ugur alynmalydygyny aýtdy we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew «Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedi» awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek hem-de Garabogaz kölüniň üstünden täze awtomobil köprüsini gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýeriň habar berşi ýaly, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, Türkmenbaşy şäherinden Gazagystanyň serhedine çenli uzynlygy 225 kilometr bolan awtomobil ýoluny häzirki döwrüň talaplaryna laýyk getirmek bilen, ini 22,5 metr, iki gatnawly, her tarapa iki sany hereket zolagyndan ybarat bolan täze, döwrebap awtomobil ýoluny we hyzmat ediş desgalaryny, şeýle hem Garabogaz aýlagynyň üstünden geçýän ini 21 metr, uzynlygy 354 metr bolan täze awtomobil köprüsini gurmak teklip edilýär.

Türkmen-gazak serhedine çenli bu awtomobil ýolunyň hem-de köpriniň döwrebaplaşdyrylmagy ýurdumyzyň günbatar we demirgazyk sebitleriniň, şeýle hem goňşy döwletleriň arasynda söwda-haryt dolanyşygyny, ulag we ýolagçy gatnawlaryny ýokarlandyrmaga ýardam berer.

Hasabatyň barşynda döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli desgalaryň taslamalary hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda çylşyrymly inženerçilik desgalarynyň onlarçasynyň gurulýandygyny, olaryň döwrebap we ýokary netijeli ulag düzümini döretmek işinde uly ähmiýete eýe bolup, yklymyň möhüm söwda ýollarynyň halkara merkezi hökmünde Türkmenistanyň ornuny berkitmäge ýardam edýändigini belledi.

Milli Liderimiz ýurdumyzda hereket edýän awtoulag ýollarynyň döwrebaplaşdyrylmagy, täze ýollaryň gurulmagy babatda iri taslamalaryň amala aşyrylýandygyny belläp, munuň Türkmenistanyň saýlap alan parahatçylyk söýüji daşary syýasat ugruna üýtgewsiz ygrarlydygyna, şeýlelikde, ulag-logistika düzümini döwrebaplaşdyrmak boýunça giň möçberli işleriň durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýändigini aýtdy.

Bu ugurda öňe sürülýän oňyn teklipler dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatynyň 74-nji mejlisinde «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýurdumyzyň başlangyjy bilen ozal kabul eden «Durnukly ösüş maksady bilen halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde ulag we üstaşyr geçelgeleriň orny» atly Kararnamasyna hem-de «Durnukly multimodal üstaşyr geçelgelerini döretmäge ýardam etmek maksady bilen ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn gatnaşyklary üpjün etmegiň ýolunda» Kararnamasyna salgylanandygyny bellemek möhümdir.

Şeýlelikde, ýurdumyzda gurulýan Aşgabat — Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtobanyň halkara ölçeglere doly kybap gelmegi hem-de onuň ýurdumyzyň ulag-üstaşyr geçelgesi hökmündäki ornuny berkitmegi ugrunda zerur tagallalar edilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolan Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary döwletara söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmekde aýratyn möhüm orun eýeleýän bu ulgamda özara gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilendir. Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek boýunça Türkmenistanyň amala aşyrýan taslamalary Hazar sebitiniň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam edip, multimodal gatnawlary babatda halkara hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Milli Liderimiz «Açyk gapylar» hem-de hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny alyp barýan ýurdumyzyň sebitiň hem-de dünýäniň beýleki döwletleri üçin ulag-üstaşyr geçelgelerini döredýändigini belläp, bu awtobanyň multimodal ulgamyň ähmiýetli bölegi bolmalydygyny aýratyn nygtady.

Şonuň üçin döwrebap köpriniň hem-de ýollaryň gurulmagy awtoulaglar arkaly taýýar önümleri daşamak hem-de Garabogazyň baýlyklaryny özleşdirmek üçin uly ähmiýete eýe bolar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Aşgabat — Türkmenbaşy ýokary tizlikli täze awtomobil ýolunyň bir şahasynyň Türkmenbaşy şäheriniň Halkara portuna çenli baryp ýetmelidigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz awtobanyň taslamasyna täzeden garamak hem-de bu multimodal ýoly Gazagystanyň serhedine çenli dowam etmek babatda degişli teklipleri taýýarlamak barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. Munuň özi diňe bir ykdysady taýdan däl, eýsem, syýasy taýdan-da ähmiýetli çözgüt bolar. Çünki iki ýurduň arasynda ulag ýollarynyň çekilmegi halklaryň taryhy taýdan ýola goýlan dostlukly gatnaşyklarynyň has-da ösmeginde, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmeginde möhümdir diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Hormatly Prezidentimiz bu taslamalaryň tehniki hem-de ekologiýa nukdaýnazaryndan hemmetaraplaýyn seljerilmegini talap etdi. Döwlet Baştutanymyz ekologiýanyň we howpsuzlygyň ýokary ölçeglerine kybap gelýän has oňaýly durmuş gurşawynyň döredilmeginiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyny belläp, bellenilen meýilnamalary amala aşyrmak boýunça wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz ugurdaş pudaklar bilen birlikde, ýurdumyzda ýol gurluşygy boýunça degişli düzümi döretmek babatda teklip taýýarlamagy hem-de ony Ministrler Kabinetine hödürlemegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew dag metallurgiýa önümçiligini özleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň buýurmasy boýunça «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň hünärmenleri tarapyndan ylmy-barlag işleriniň geçirilendigini, şonuň netijesinde Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Gyzylgaýa şäherçesiniň çäginde ýerleşýän Çagyl ýatagynyň Gyzylgaýa — V meýdançasynda demir magdanlarynyň ýüze çykarylandygyny belledi.

Häzirki wagtda bu çig malda sement öndürmek üçin degişli goşundylaryň bardygy tassyklanyldy hem-de eýýäm sement öndürýän zawodlarda giňden ulanylyp başlanyldy.

Geologiýa-gözleg işleriniň barşynda demir magdanynyň 70 — 75 million tonna möçberindäki gorlary ýüze çykaryldy. Demir magdanynyň düzüminde demriň mukdary 20 göterime deňdir. Şunuň bilen baglylykda, Çagyl ýatagynda alnan demir magdanynyň tehnologik synag işlerini kärhanalarda geçirmek meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimizi doly döwrebaplaşdyrmaga, kuwwatly senagat düzümini döretmäge gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmek bilen, ýurdumyzyň innowasiýalary, öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de iň gowy daşary ýurt tejribesini giňden ornaşdyrmaga ähmiýet berýändigini belledi. Öňde goýlan wezipeleriň hatarynda ýurdumyzyň baý tebigy-çig mal serişdelerini gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen döwrebap kärhanalary döretmek, ýerli çig maldan öndürilýän gurluşyk serişdeleriniň görnüşlerini giňeltmek wezipeleri bar.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda geologiýa-gözleg işlerini ylmy esasda ösdürmegiň wajypdygyna ünsi çekip, bu çäreleriň türkmen topragynda bar bolan baýlyklary, dürli magdanlaryň gorlaryny ýüze çykarmakda ähmiýetlidigini belledi. Şeýlelikde, ýurdumyzyň çäklerinde bar bolan magdan gorlarynyň we beýleki baýlyklaryň netijeli peýdalanylmagy, olaryň gaýtadan işlenilmegi bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidir.

Ösen köp pudakly senagat, ýerli çig mal serişdelerini netijeli ulanmaga esaslanan, ylmy esasda guralan önümçilik ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşini üpjün etmek boýunça wezipeleriň üstünlikli çözülmegini kesgitleýän esasy şertler bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy çig mal çykarmak hem-de gurluşyk serişdeleriniň dürli görnüşlerini öndürmek boýunça öňdäkileriň hataryna çykarmak maksady bilen, dünýäniň iň gowy tejribesini yzygiderli öwrenmegiň we özleşdirmegiň zerurdygyny aýtdy we bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gözegçilik edýän düzüminde alnyp barylýan işler, 13 — 14-nji aprelde Aşgabatda «Söwda we hyzmat — 2019» atly sergi-ýarmarkany hem-de halkara maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Sergide pudagy döwrebaplaşdyrmagyň esasy ugurlary, dükanlaryň, bazarlaryň, söwda merkezleriniň işine ornaşdyrylýan täze usullar, jemgyýetçilik iýmiti we durmuş hyzmaty bölümleriniň işini guramak bilen bagly geçirilýän işler bilen tanyşdyrylar. Giň gerimli sergi içerki bazaryň haryt bolçulygyny görkezip, ýurdumyzda öndürilýän azyk we senagat önümleriniň daşarky bazarlara iberilmegini ugur edinýär.

Serginiň çäklerinde halkara maslahaty geçirmek göz öňünde tutulýar, oňa daşary ýurt guramalarynyň we kompaniýalarynyň köp sanlysy gatnaşmaga isleg bildirdi. Türkmen tarapyndan maslahatyň işine söwda toplumyna degişli pudaklaryň, ýurdumyzyň haryt öndüriji kärhanalarynyň wekilleri, eksport babatda hünärmenler hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşarlar. Maslahatda söwda we hyzmatlar ulgamyndaky öňdebaryjy tejribäni alyşmak, şol sanda sanly hyzmatlar ulgamyny, elektron söwdalary, internet dükanlary guramagyň döwrebap usullary, marketing ugurly innowasion işläp taýýarlamalar barada meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ägirt uly eksport we maýa goýum kuwwatyny amala aşyrmak üçin pudaklaýyn sergileri we işewür maslahatlary guramagyň möhümdigini belledi. Milli Liderimiz şol çäreleriň türkmen önümlerini dünýä bazaryna çykarmagy, ýurdumyzyň haryt öndürijileriniň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmagy, daşary ýurtly önüm öndürijiler we sarp edijiler bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmegi ugur edinmelidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz guralýan sergileriň milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary boýunça geçirilmeginiň ähmiýetli boljakdygyny belledi. Munuň özi pudaklaryň ýeten derejesini äşgär etmek bilen bir hatarda, ulgama daşary ýurt maýalaryny çekmekde, özara tejribe alyşmakda we ylmyň täze gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmakda hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny işjeňleşdirmekde has-da möhümdir. Serginiň çäklerinde geçirilýän maslahatlarda ugurdaş düzümler bilen degişli ylalaşyklary gazanmak üçin oňyn mümkinçilikler döreýär diýip, milli Liderimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyz bu ugurda geçirilýän işleriň oňyn tejribesini we ony yzygiderli baýlaşdyrmagyň möhümdigini belläp, «Söwda we hyzmat — 2019» atly sergi-ýarmarkanyň hem-de halkara maslahatyň iş tertibini makullady. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şol çäreleri ýokary derejede geçirmek barada tabşyryklary berip, wise-premýeriň ünsüni olaryň esasy wezipelerine, ýagny, bazaryň ýagdaýyny we islegini öwrenmek, täze pikirleri, teklipleri hem-de netijeli çözgütleri işläp taýýarlamak, halkara hünär derejesindäki gatnaşyklary ösdürmek bilen bagly wezipelere çekdi.

Sanly wideoaragatnaşyk boýunça geçirilýän mejlis Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradowyň hasabaty bilen dowam etdi. Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, sport, medeniýet we jemagat hojalygy ugurly ýokary okuw mekdepleriniň gurluşyny kämilleşdirmek babatda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň garamagyna ýokary okuw mekdepleriniň işlerini üýtgedip gurmak barada teklipler hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ýokary bilim berýän ulgamyny has-da döwrebaplaşdyrmagyň, ony döwrüň talaplaryna laýyk gelýän hil taýdan täze derejä çykarmagyň ähmiýetini belledi. Täze taryhy döwürde ýurdumyz döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler ýoluna gadam basdy. Bu, öz nobatynda, giň gözýetimli, döwrebap bilimlere eýe bolan hem-de öňlerinde goýlan möhüm we jogapkärli wezipeleri üstünlikli çözmäge ukyply ýokary bilim hünärli işgärlere bolan islegi şertlendirýär.

Bu barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen teklipleri gutarnykly işlemegi hem-de meýilleşdirilýän özgertmeleri nazara almak bilen, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin şertleriň göz öňünde tutulmagyny tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz milli syýahatçylyk ulgamyny ösdürmek barada aýdyp hem-de bu ulgamda ýurdumyzyň uly mümkinçilikleriniň bardygyny bellemek bilen, wise-premýere bu ugur boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak barada anyk görkezmeleri berdi. Şunda milli Liderimiz talyplaryň syýahatçylyk ulgamynyň geljekki işgärleriniň türkmen halkynyň baý taryhyny we medeniýetini, özboluşly däplerini, daşary ýurt dillerini öwrenmegi bilen bagly meselelere aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa 18 — 22-nji aprelde Türkmenistanda Saud Arabystany Patyşalygynyň Medeniýet günlerini geçirmegiň guramaçylyk meseleleri barada hasabat berdi. Medeniýet günleriniň çäklerinde iki dostlukly ýurduň ynsanperwer gatnaşyklaryny ösdürmäge hem-de türkmen taryhyny we milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň medeniýet syýasatyna laýyklykda, türkmen halkynyň ruhy mirasyny wagyz etmäge gönükdirilen çäreleriň birnäçesi meýilleşdirildi.

Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde bolar. Döredijilik çäresiniň maksatnamasyna laýyklykda, «Watan» kinokonsert merkezinde Saud Arabystany Patyşalygynyň folklor toparynyň çykyşlary, Şekillendiriş sungaty muzeýinde amaly-haşam sungatynyň, milli lybaslaryň hem-de fotoişleriň sergisi guralar. Şol ýerde iki ýurduň suratkeşleriniň döredijilik duşuşygy hem-de nakgaşlyk hünäri boýunça bilim alýan talyplar üçin ussatlyk sapaklary geçiriler.

Saud Arabystanynyň alymlary Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýetine hem-de Türkmenistanyň Arap ýarym adasynyň ýurtlary bilen taryhy we medeni gatnaşyklaryna bagyşlanan çykyşlary hödürlärler.

Myhmanlary türkmen paýtagtynyň muzeý gymmatlyklary we ajaýyp ýerleri, «Gadymy Merw» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň ýadygärlikleri bilen tanyşdyrmak hem-de Saud Arabystanynyň artistleriniň Marynyň Kemine adyndaky Döwlet drama teatrynyň sahnasynda çykyşlaryny guramak göz öňünde tutulýar.

Saud Arabystanynyň resmi wekiliýeti bilen ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginde boljak duşuşygyň barşynda ynsanperwer ulgamda döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Ýakyn Gündogaryň ýurtlary, şol sanda Saud Arabystany bilen gatnaşyklary çuňlaşdyrmakda halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygyň aýratyn wajypdygyny nygtady. Munuň özi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz biziň ýurtlarymyzy doganlyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda özara bähbitli ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň giňelýändigini aýratyn nygtady.

Milli Liderimiz Saud Arabystanynyň ýurdumyzdaky Medeniýet günleriniň biziň döwletlerimiziň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilendigini aýdyp, döredijilik çäresini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew obasenagat toplumyny özgertmegiň barşy hem-de welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin işler barada hasabat berdi.

Gowaça ekişini bellenen agrotehniki möhletde guramaçylykly geçirmek, oba hojalyk tehnikalaryna yzygiderli hyzmat etmek, önüm öndürijileri ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek üçin hemme zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen birlikde, bugdaý ýetişdirilýän meýdanlara ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna şu ýyl Daşoguz we Lebap welaýatlarynda jemi 18 müň 300 gektar meýdanda şaly ekip, 82 müň 400 tonna hasyl almak maksat edinilýän kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gowaça ekişini ýokary hilli geçirmek meselesini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, bu oba hojalyk möwsümi obasenagat toplumynyň kuwwatyny has-da artdyrmakda, dokma senagatyny gymmatly çig mal bilen üpjün etmekde we degişlilikde, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýedir.

Döwlet Baştutanymyz ýakyn wagtda başlanjak bugdaý oragy möwsümine düýpli taýýarlyk görmegi hem-de bag ekmek boýunça geçirilen ýazky ýowaryň barşynda oturdylan ýaş bag nahallaryna ideg edilişine aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz oba hojalygynda suwdan rejeli peýdalanmak, suw tygşytlaýjy öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak barada hem wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. Ýurdumyzda suw üpjünçilik we suwdan oýlanyşykly peýdalanmak babatda işleri has-da kämilleşdirmek üçin suw hojalygy baradaky döwlet komiteti döredildi. Bu komitet oba hojalygyny we ilaty suw bilen üpjün etmek meseleleri bilen meşgullanýar.

Bellenilişi ýaly, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň suw serişdelerini netijeli peýdalanmak meseleleri aýratyn üns berilmäge mynasypdyr. Şol meseleleri çözmäge ösen tejribeleriň we ylmyň täze gazananlarynyň esasynda çemeleşilmelidir. Lagym suwlaryň emeli howdana akdyrylmagy hem-de olaryň mundan beýläk arassalanylmagy boýunça işleri dowam etmek gerek. Şunlukda, Garagum sährasynyň täsinligini hem-de ilkibaşky gözelligini saklap, ýurdumyzyň tebigy-howa aýratynlyklaryny nazara alyp, ekologiýa meselelerini göz öňünde tutmak gerek.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda 2019-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky Karara gol çekip, wise-premýere resminamany takyk durmuşa geçirmek boýunça degişli tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz mejlisi wideo-konferensiýa görnüşinde dowam edip, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň başlygy G.Myradowa söz berdi. G.Myradow Mejlisiň deputatlarynyň, Halk maslahatynyň we geňeşleriň agzalarynyň 31-nji martda geçirilen saýlawlarynyň jemleri barada hasabat berdi.

Saýlawlar köp partiýalylyk, ählumumy, deň, göni, gizlin, erkin saýlamak hukugynyň şertlerinde, bäsdeşlik we demokratik esaslarda milli kanunçylyga hem-de halkara hukugyň umumy kabul edilen kadalaryna pugta laýyklykda geçirildi. Düzüminde zähmet toparlarynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalaryň, raýat toparlarynyň mynasyp wekilleri işlän uçastok saýlaw toparlarynyň ählisi işjeň hereket etdi.

Garaşsyz gözegçilik eden milli synçylar saýlawlaryň nobatdaky gezek ýokary guramaçylyk derejesini bellediler hem-de saýlawlaryň düzgün bozulmasyz geçendigini aýtdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň başlygynyň hasabatyny jemläp, şol gün saýlaw uçastoklaryna gelip, has mynasyp dalaşgärlere öz seslerini beren adamlaryň ählisine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Ses beren adamlaryň köp bolmagy, onuň netijeleri biziň üçin, jemgyýetimiz üçin örän möhümdir. Sebäbi bu biziň ýurdumyzyň raýatlary hökmünde öz pikirimizi erkin beýan etmäge, döwlet meseleleri boýunça çözgütleri kabul etmäge Konstitusiýamyzda berkidilen hukugymyzdyr.

Türkmenistanda kämil demokratik jemgyýet döredildi, raýat institutlary pugtalandyrylýar, munuň özi ýurdumyzda hereket edýän üç sany syýasy partiýanyň öz wekillerini hödürläp, demokratik saýlawlaryň geçirilmegine goşantlaryny goşmagyna mümkinçilik berdi. Bu bolsa jemgyýetimizde demokratiýanyň ösen derejesini görkezýär diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de täze saýlananlary halkyň wekilleri bolmaga hukuk alandyklary bilen ýene-de bir gezek gutlady. Munuň özi iş ýüzündäki demokratiýadyr! — diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň başlygyna saýlawlary taýýarlamaga işjeň gatnaşan adamlaryň ählisine Ministrler Kabinetiniň adyndan minnetdarlyk bildirmegi tabşyrdy.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisini tamamlap, oňa gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

http://www.turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=12525