Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

 

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. 

Maslahatyň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri, türkmenistanlylaryň abadan durmuşda ýaşamagy we döredijilikli zähmet çekmegi üçin ähli şertleriň döredilmegine gönükdirilen giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmagyň barşy bilen bagly meseleler girizildi. Maslahatda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmek hem-de şanly senelere — mukaddes Gurban baýramyna hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe taýýarlyk görmek, şeýle hem döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Liderimiz ilki bilen göni aragatnaşyga Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewi çagyrdy. Häkim paýtagtymyzda işleriň ýagdaýy, şäheri abadanlaşdyrmak boýunça görülýän çäreler, täze okuw ýylyny garşylamak hem-de Gurban baýramyny bellemek boýunça alnyp barylýan guramaçylyk işler barada hasabat berdi. Şeýle hem gyş möwsümine taýýarlyk görlüşi, mekdepleriň çagalar baglarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlarynyň ýagdaýy barada habar berildi. Bulardan başga-da, ýurdumyzyň baş baýramçylygy mynasybetli ulanmaga beriljek desgalar, oňa gabatlanyp geçiriljek çäreler barada aýdyldy. 

Häkim Olimpiýa şäherjigindäki ýaşaýyş jaýlaryny ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hasabyna bermek boýunça döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hem hasabat berdi. 

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, “Olimpiýa şäherjigindäki ýaşaýyş jaýlaryny ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hasabyna bermek hakynda” Karara gol çekdi, şeýle-de, hormatly Prezidentimiz “Aziada 2017” oýunlarynyň geçirilen döwri türgenler üçin naharhana ýerleşen iki gatly binany söwda merkezine öwürmegi tabşyryp, ony “Beden sagdynlygy” söwda merkezi diýlip atlandyrylsa ýerlikli boljakdygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz şunda söwda merkeziniň birinji gatynda azyk önümlerini, ikinji gatynda bolsa hojalyk harytlary dükanlaryny ýerleşdirmegiň maksada laýyk boljakdygyny aýtdy. Şol ýerde ýaşaýjylar öz öýleri üçin islendik harytlary has ýakyn ýerden satyn alyp bilerler. Şonuň ýaly hem hormatly Prezidentimiz bu ýerde bar bolan awtoduralgany ýaşaýjylaryň hyzmatyna bermek barada degişli işleri geçirmek boýunça häkime tabşyryk berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň häkimine ýüzlenip, ýurdumyzyň baş şäherinde abadançylygy üpjün etmek we arassaçylygy saklamak meselelerini hemişe gözegçilikde saklamagy, Aşgabadyň ýol-ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak boýunça iş depginlerini ýokarlandyrmagy tabşyrdy. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow baýramçylyk çärelerini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça anyk görkezmeleri berip, täze taryhy döwürde halkymyzyň ruhy-medeni däplerini we gymmatlyklaryny aýawly saklamagyň we baýlaşdyrmagyň ähmiýetini belledi. 

Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz täze okuw ýylyna we gyşky ýyladyş möwsümine taýýarlyk görmek boýunça zerur bolan işleri öz wagtynda geçirmegi tabşyrdy. 

Soňra Ahal welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew wideoşekilli göni aragatnaşyga çagyryldy. Häkim welaýatda işleriň ýagdaýy — hormatly Prezidentimiziň geçen wideoşekilli iş maslahatynda beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, hususan-da, möwsümleýin oba hojalyk işlerini — pagta ýygymyna hem-de güýzlük bugdaý ekişine guramaçylykly girişmek boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. 

Şeýle hem häkim täze okuw ýylyna taýýarlyk görlüşiniň barşy, okuw mekdepleriniň ýyladyş möwsümine taýýarlanylyşy barada aýtdy. Hasabatda Gurban baýramy hem-de Watanymyzyň Garaşsyzlyk güni, sebitde bu senä gabatlanan täze desgalaryň açylyş dabaralary mynasybetli baýramçylyk çärelerini guramak we geçirmek meselelerine hem üns berildi. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalyk pudagynda wezipeleriň öz wagtynda çözülmelidigine ünsi çekip, gowaça ýetişdirilen meýdanlara ýokary hilli ideg etmek babatda öz wagtynda çäreleri görmegiň zerurdygyny nygtady. Ýygym möwsüminde hemme pagta arassalaýjy kärhanalaryň hem-de kabul ediş harmanhanalaryň, degişli tehnikalaryň we awtoulaglaryň bökdençsiz işlemegi baradaky meselelere aýratyn üns bermek möhümdir. 

Döwlet Baştutanymyz bugdaý ekişini geçirmäge hem degişli derejede taýýarlyk görmegi tabşyryp, ýerleri sürmek we tekizlemek boýunça agrotehniki talaplary berjaý etmegiň zerurdygyna, bu möwsüm üçin saýlama tohumlary taýýarlamagyň wajypdygyna ünsi çekdi. 

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň gurluşyklaryndaky işleriň ýagdaýy bilen gyzyklanyp, desgalardaky işleriň hilini hem-de olaryň bellenen möhletde ulanmaga berilmegini berk gözegçilikde saklamagy, şeýle hem Gurban baýramy we täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli dabaraly çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. 

Milli Liderimiz mekdeplerde, çagalar baglarynda we ýaşaýyş jaýlarynda ýyladyş ulgamlarynyň zerur ulanyş ýagdaýynda bolmagyny üpjün etmek bilen, gyşky möwsüme öňünden taýýarlyk görmegi tabşyrdy. 

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi Ý.Gylyjow günbatar sebitde amala aşyrylýan işler, şol sanda welaýatyň ekin meýdanlarynda oba hojalyk möwsümlerini guramaçylykly geçirmäge, hususan-da, güýzlük bugdaý ekişine ýokary derejede girişmäge hem-de gant şugundyryny ösdürip ýetişdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Mundan başga-da, häkim Gurban baýramyny bellemäge we täze okuw ýylyny garşylamaga görülýän taýýarlyk işleri, welaýatyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň hem-de okuw mekdepleriniň binalarynda, ýaşaýyş jaýlarynda ýyladyş ulgamlaryny abatlamak boýunça geçirilýän işler barada habar berdi. 

Şeýle hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň Garaşsyzlyk gününiň hormatyna geçiriljek baýramçylyk dabaralaryna taýýarlyk görlüşi, bu şanly sene mynasybetli ulanmaga beriljek täze desgalar barada hasabat berildi. 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, geljekde bugdaýyň bereketli hasylyny almak üçin däne ekişini üstünlikli geçirmekde zerur bolan agrotehniki çäreleriň — ýerleri, tehnikalary we enjamlary, şeýle hem ýokary hilli tohumlary doly taýýarlamagyň möhümdigini belledi. Hormatly Prezidentimiz gant şugundyryny öndürmegiň bellenilen meýilnamasyny üpjün etmek maksady bilen ekine netijeli ideg etmegi bellenen agrotehniki möhletlerde geçirmegiň wajyplygyna ünsi çekip, bu barada häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi. 

Bulardan başga-da, milli Liderimiz öňde boljak baýramçylyklary ýokary derejede bellemek, täze okuw ýyly mynasybetli möhüm çäreleri guramak, gurluşyk işleriniň barşy, ýyladyş ulgamlaryny gyş möwsümine taýýarlamak, okuw mekdepleriniň we ýaşaýyş jaýlarynyň üçeklerini öz wagtynda abatlamak bilen bagly meseleleri üns merkezinde saklamagyň zerurdygyny aýdyp, häkime degişli tabşyryklary berdi. 

Wideoşekilli iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi M.Baýramgulyýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa sebitde işleriň ýagdaýy, pagta ýygymy möwsümini üstünlikli geçirmek, şol sanda gowaça agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmek, kombaýnlary we ulag serişdelerini bökdençsiz işletmek boýunça görülýän çäreler, kabul ediş harmanhanalaryň we pagta arassalaýjy zawodlaryň taýýarlygy barada hasabat berdi. Şeýle hem şala ideg etmek boýunça görülýän çäreler barada habar berildi. 

Häkim täze okuw ýylynyň başlanmagyna taýýarlyk görlüşi hem-de gyşky ýyladyş möwsümine öňünden görülýän çäreler, Gurban baýramyna we ýurdumyzyň şöhratly Garaşsyzlygynyň senesini baýram etmäge görülýän taýýarlyk, bu baýram mynasybetli ulanmaga bermek meýilleşdirilen täze gurluşyklar barada hem aýtdy. 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, pagta ýygymy möwsümine taýýarlyk görmek boýunça häkime birnäçe tabşyryklary berdi hem-de möwsümi zerur bolan tehnikalar we beýleki degişli serişdeler bilen üpjün etmek meseleleriniň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz şala agrotehniki möhletlerde ideg etmek boýunça işleri güýçlendirip, şalynyň oňat hasylyny ösdürip ýetişdirmek babatda häkime degişli görkezmeleri berdi. 

Milli Liderimiz bilim ulgamynyň edaralaryny täze okuw ýylynyň başlanmagyna taýýar bolmagynyň möhümdigini belläp, baýramçylyk çärelerini guramaçylykly geçirmek boýunça tabşyryklary berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow desgalaryň öz wagtynda hem-de ýokary hilli gurulmagynyň ähmiýetini nygtap, şolaryň ýurdumyzyň baş baýramyna gabatlanylyp ulanmaga beriljekdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Watanymyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli dabaralary guramaçylykly geçirmek babatda häkime degişli görkezmeleri berdi. 

Döwlet Baştutanymyz gyşky möwsüme degişli taýýarlygy üpjün etmegi tabşyryp, durmuş desgalarynyň ýylylyk bilen bökdençsiz üpjün edilmelidigine hem-de bu meseleleriň yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydygyna aýratyn üns berdi. 

Soňra wideoşekilli göni aragatnaşyga Lebap welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew çagyryldy. Häkim iş maslahatynyň gün tertibiniň meseleleri boýunça hasabat berip, sebiti durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmek maksady bilen görülýän çäreler, oba hojalyk toplumyndaky işleriň ýagdaýy, şanly seneleri baýram etmek, täze okuw ýylyna başlamak babatda görülýän taýýarlyk işleri barada aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň obasenagat ulgamynyň öňünde durýan wezipeleriň ähmiýetini nygtap, onuň düşewüntliligini artdyrmak, daýhanlaryň öndürijilikli zähmet çekmegi üçin hemme şertleri döretmek, şeýle hem gymmatly ekiniň-gowaçanyň ýetişdirilen ähli hasylyny meýdanlardan has gysga möhletlerde ýygnap almak maksady bilen, pagta ýygymy möwsümine toplumlaýyn taýýarlyk görmek boýunça degişli çäreleri görmegi tabşyrdy. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňde boljak bugdaý ekişi bilen bagly zerur görkezmeleri berip, bu babatda şalynyň hem ýurdumyzyň möhüm dänelik ekini bolup durýandygyny nygtady. Şoňa görä-de, şaly ekilen meýdanlara ideg edip, meýilleşdirilen hasyly almak boýunça hemme çäreleri öz wagtynda geçirmek gerek. 

Döwlet Baştutanymyz welaýatda amala aşyrylýan ähli işleri, şeýle hem öňde boljak baýramçylyk senelerine gabatlanylan dabaralary guramak, gyşky möwsüme taýýarlyk meselelerini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda işleriň ýagdaýy, gündelik oba hojalyk işleri hem-de şolaryň depginini artdyrmak boýunça görülýän çäreler, şeýle hem pagta ýygymy möwsümine we bugdaý ekişine taýýarlyk görmek, güýzlük gant şugundyryna ideg etmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. 

Şeýle hem Gurban baýramy we täze okuw ýyly mynasybetli meýilleşdirilen çäreler, gyşky ýyladyş möwsümine taýýarlyk görlüşi barada habar berildi. Milli senenamamyzdaky baýramçylyklary guramaçylykly geçirmek, Garaşsyzlyk güni mynasybetli ulanmaga beriljek desgalaryň gurluşygynyň barşy barada hem habar berildi. 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, obasenagat toplumynda jogapkärli möwsümleýin işleri ýokary hilli geçirmek, sebitde pagta ýygymyna we galla ekişine degişli derejede taýýarlyk görmek barada durup geçmek bilen, oba hojalyk önümçiliginiň ähli düzümleriniň netijeli işini ýola goýmagy, oba hojalyk tehnikalaryny we ulag serişdelerini doly güýjünde ulanmagy tabşyrdy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, welaýatda hem gyş möwsüminde ýyladyş ulgamlarynyň takyk işini üpjün etmegiň hem-de durmuş maksatly desgalaryň degişli abatlaýyş işlerini geçirmek meselelerini berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny belledi. 

Milli Liderimiz ähli baýramçylyk çärelerini ýokary derejede geçirmek, hususan-da, Garaşsyzlyk güni mynasybetli açyljak desgalaryň gurluşygyny öz wagtynda tamamlamak barada durup geçmek bilen, häkime anyk tabşyryklary berdi. 

Soňra döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewi çagyrdy. Wise-premýer welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin meýdan işleri, şol sanda pagta ýygymyna we güýzlük bugdaý ekişine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. 

Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gowaça ideg etmek, hatarara bejergi işlerini geçirmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, zyýan berijilere garşy göreşmek boýunça çäreler guramaçylykly alnyp barylýar. 

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere ähli meýilleşdirilen oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmek, agrotehniki kadalary berk berjaý etmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi hem-de pagta ýygymy we bugdaý ekişi möwsümleriniň zerur bolan tehniki serişdeler bilen üpjünçiliginiň yzygiderli üns merkezinde saklanmalydygyny belledi. Milli Liderimiz möwsümi ýokary derejede geçirmek boýunça toplumlaýyn çäreleri üpjün etmegi, ýygnalan pagta hasyly saklamak barada öňünden alada etmegi wise-premýerden berk talap etdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynyň ahyrynda ýurdumyzyň welaýatlaryny we paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, oba hojalyk möwsümlerini ýokary hilli geçirmek, Gurban baýramyna hem-de ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şöhratly senesine, şeýle hem täze okuw ýylyna guramaçylykly taýýarlyk görmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň möhümdigini belledi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahata gatnaşyjylara “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilen ýylda ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hem-de mähriban halkymyzyň bagtly durmuşda ýaşamagynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

 

http://www.turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=11460