“Türkmenistanyň seýsmik taýdan howply zolaklarynda seýsmik töwekgelçiligi peseltmek” maksatnamasyny amala aşyrmakda ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy boýunça 2019-njy ýylda ýerine ýetirilmeli işleriň sanawy

1. Türkmenistanyň seýsmik taýdan howply zolaklarynyň seýsmik töwekgelçiligini peseltmekligi amala aşyrmak meselelerini durmuşa geçirmek boýunça Pudagara geňeşini hem-de iş toparyny döretmek.

2. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýanynda seýsmik howpa baha bermek we ýertitremeleri çaklamak boýunça seljeriş geňeşini döretmek.

3. Türkmenistanyň çäkleri seýsmik howpy takyklamaga, işleriň dürli derejeleriniň seýsmik howpuna möçber taýdan baha bermegiň kartalaryny düzmäge, ýertitremäniň bolup biljek ojaklarynyň zolaklaryny kesgitlemäge gönükdirilen işleri innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly geçirmek.

4. Aşakdaky giňişlik derejelerinde seýsmik etraplaşdyrmagyň kartalarynyň yzygiderli täzelenmegi, üstüniň ýetirilmegi we takyklarynylmagy:

a) 1:1000000 ölçegde (10 ýylda 1 gezek ) ýurduň tutuş çäkleri üçin işlenilip

taýýarlanylýan Türkmenistanyň umumy seýsmiki etraplaşdyrmagyň (USE) kartasy;

b) 1:500000 ölçegde (5-10 ýylda 1 gezek) USE kartasy boýunça seýsmik taýdan howply zolaklarda urbanizirlenen ýerler üçin işlenilip taýýarlanylýan takyk seýsmik etraplaşdyrmagyň (ISE) kartalary;

ç) 1:50000 ölçegde (5 ýylda 1 gezek) şäherleriň çäkleri, ilatly nokatlar hem-de senagat desgalary üçin işlenilip taýýarlanylýan seýsmik mikro etraplaşdyrmagyň (SME) kartalary.

5. Seýsmik taýdan howply etraplarda desgalaryň taslamalary taýýarlananda ulanylýan (seýsmik yrgyldylaryň, maýyşgaklyk modulynyň tizleşýän ululyklarynda we beýlekiler) fiziki ululyklarda seýsmik mikroetraplaşdyrmagyň kartalaryny düzmek, adaty seýsmik mikroetraplaşdyrmagyň kartalaryna goşundy (ýygylyk derejelerinde)

6. Gysga wagtda bolan hadysa barada maglumatlary almak we olara baha bermek üçin Döwlet seýsmologik gözegçilikler ulgamyny häzirki zaman aragatnaşyklar ulgamynyň serişdeleri (Internet, optiki-süýümli liniýalar we hemra aragatnaşygy) bilen üpjün etmek.

7. Döwlet seýsmologik yzygiderli gözegçiligi (seýsmik stansiýalar, geodinamik, geofizik we gidrogeodinamik gözegçilikler ulgamy) kämilleşdirmek, maglumatlary almagyň, maglumatlary işlemegiň we gyssagly habar bermegiň ulgamyny döretmek.

8. Türkmenistanyň çäkleriniň iri ilatly nokatlarynyň seýsmik töwekgelçiligine baha bermek, ýertitremelerden, şol sanda ýangynlar, partlamalar, ýaramaz we howply maddalaryň syzylyp çykmagy gömüşinde ikilenç gaýtalamalardan dörejek göni we gytaklaýyn durmuş, ykdysady we ekologik zyýanlara baha bermek bilen, seýsmik töwekgelçiligiň kartalaryny işläp taýýarlamak we düzmek.

Maksatnama boýunça jogapkär edaralar:

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary bilelikde degişli işleri alynyp barylýar.

1-nji bent boýunça Pudagara geňeşi hem-de iş topary döredildi.

2-nji bent boýunça seljeriş geňeşi döredildi.

Şeýle hem 3-4-5-7-nji bentler boýunça degişli işler alynyp barylýar.