Konferensiýalar

ÜZNÜKSIZ SÜÝÜMLERI ÖNDÜRMEK ÜÇIN TÜRKMENISTANYŇ BAZALT MADDASYNYŇ BARLAGY

          Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde, ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyk işleri hil boýunça täze tapgyra geçmek bilen, ösüşleri gazanýar. Türkmenistan döwletimiz gün-günden gözelleşýär we gülleýär, täze ymaratlardyr toplumlar gurulýar. Paýtagtymyz Aşgabat    şäherinde,    ýurdumyzyň   welaýat   we   etrap   merkezlerinde,   şäherlerinde,şäherçelerde dürli maksatly jaýlar, desgalar, toplumlar yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýär.

       Türkmenistanyň 2030-njy ýyla çenli dürmuş-ykdysady ösüşleriniň Milli maksatnamasy boýunça, ýurdumyzyň esasy ugurlarynyň çäklerinde, hormatly Prezidentimiz gurluşyk pudagynyň öňünde täze meseleleri goýup, gurluşyk boýunça işleri häzirkizamanyň talaplaryna laýyk getirip,ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Bu bolsa alymlaryň, gurluşyk pudagynyň hünärmenleriniň öňünde täze wezipeleri goýýar. Has hakyky, häzirkizaman öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de ylmy barlaglaryň netijelerini ulanyp, ýerli çig mallardan we önümçilik galyndylaryndan ýokary hilli täze gurluşyk materiallary öndürmek gurluşyk pudagynyň wajyp meseleleriniň biri bolup durýar. Gurluşyk materiallary we önümleri bilen üpjün etmek boýunça maksatnamanyň çäklerinde, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ýerli çig mallary ulanyp täze gurluşyk materiallaryny we önümlerini öndürýän birnäçe sement zawotlary, gaz-beton zawody, mermer plitalary,penjireleri,gapylary we başga materiallary öndürmek boýunça zawotlar guruldy.

   Seýsmiki sebitlerde binalaryň we desgalaryň seýsmiki taýdan durnuklylygyny üpjün etmek üçin gurluşygy Türkmenistanyň gurluşyk kadalarynyň talaplaryna laýyklykda alyp barmak zerurdyr.Jaýlaryň we desgalaryň seýsmika durnuklylygyny üpjün etmek boýunça, ussullaryň biri  ýerli çig malyň esasynda täze ýeňil we berk gurluşyk materiallaryny ulanmakdyr. Soňky ýyllarda şeýle materiallar hökmünde bazalt üznüksiz süýümler – BÜS we bazalt süýümleriň esasynda döredilen kompozision materiallar giňden ulanylýarlar. Wulkandan döreýän bazalt maddasy, bazalt süýümleriniň önümçiligi üçin çig mal hökmünde ulanylyar.Bazalt maddasynyň ýataklary köp ýurtlarda bar. Ýer gabygynyň 1/3 bölegi bazaltlardan durýar. Türkmenistanda bazalt maddalarynyň birnäçe ýataklary bar. Bazalt üznüksiz süýümniň senagat önümçiligini gurnamak üçin onuň tehnologiki häsiýetleri  ýeterlik derejede öwrenilmelidir. Ýokary tebigy berkligi, daşky gurşawyň zyýanly täsirine durnuklylygy we elektrik toguny geçirmeýän häsiýetlerine eýe bolan bazalt üznüksiz süýümniň ýerli çig malyndan öndürmek wajyp mesele bolup durýar. Turkmenistanyň bazalt daşlarynyň tehnologiki häsiýetlerini kesgitlemek we  senagat möçberinde önümçiligini ýola goýmak, süýümiň esasynda kompozision materiallary döretmek we öndürmek hem-de olary gurluşykda ulanmak bilen polat armaturalary, turbalary we beýleki önümleri çalyşmaga mümkinçilik berer. BÜS-iň esasynda öndürilen bazaltplastik armaturanyň  agramy  polatt armaturasyndan 10 esse ýeňil, berkligi  bolsa 2,5 esse berkdir. Himiki taýdan durnuklylyk  görkezijileri aýna süýümiňden ýokarydyr. Bazalt üznüksiz süýümniň  esasynda döredilen kompozit materiallary senagatda, gurluşykda, ulag we energetika ulgamynda has giňden ulanylmagyna   mükünçiligiň bardygyny öňünden kesgitleýär. BÜS-iň senagat önümçiligini gurnamak üçin Türkmenistanyň bazalt maddalarynyň ýaramlylygyny anyklamak maksady bilen «Aksaý» hojalyk jemgyýeti we Russiýa Federasiýasynyň «Stekloplastik» Ylym önümçilik birleşiginiň  hünärmenleri bilen synag geçirilýän bölüminde tejribe-senagat synaglary geçirildi. Bazalt maddalaryny   synagdan geçirmek üçin “Türkmengeologiýa” döwlet gullugynyň  hünärmenleri  Türkmenistanyň bazalt maddalarynyň birnäçe ýataklaryndan nusgalaryny seçip aldylar.

Synagyň birinji tapgyry barlaghanada geçirildi  we  bazalt nusgalaryň gorkezjileri kesgitlenildi:

      -  Himiki düzümi

  -  Gyzdyrylandaky ýitirýän agramy

  -  Dykyzlygynyň görkezijileri

  -  Kristallaşma ukyby

 -  Sepeşegenliginiň temperatura baglylygy

Bazalt daşynyň nusgalarynyň himiki düzüminiň kesgitlenilişi

Bazaltyň himiki düzümini anyklamak üçin ilki bilen ony  hapalardan arassalanýär. Soňra nusga un şekilli ýagdaýa çenli owradylýar we guradylýar. Synagy geçirmek üçin bir bada bäş sany  çekim alynýar:

Nugalaryň himiki duzumi

Tablisa №1

№ t/b

Komponentiň ady

Nusga

№1

Nusga

№2

Nusga

 №4

Reglamentirlenýän

görkezijiler

1

SiO2

51,07

57,57

58,07

48-53

2

TiO2

1,05

1,00

1,08

1,5-den köp däl

3

Al2O3

20,09

13,09

14,05

12-17

4

Fe2O3

7,17

11,67

8,63

10-14

5

CaO

8,48

5,34

6,30

9-12

6

MgO

5,66

3,31

3,22

7-9

7

Na2O

2,67

3,42

2,67

-

8

K2O

0,64

1,77

1,98

-

9

Li2O

0,14

0,22

0,26

-

 

 Bazalt nusgalarynyň  himiki düzümi boýunça deňeşdirleňde  № 1 belgili nusgasynda  eredilmegine we bazalt ergenleri almak üçin  täsir edýän  kremniniň okisiniň  we beýleki okisleryň  ýeterlik möçberi bardygy  anyklanýldy. № 2 we № 4 nusgalaryň düzümindäki  kremniý okisiniň köp bolandygy sebäpli talaba laýyk gelýän bazalt erginini alyp bolmaýär.

Gyzdyrylanda ýitirýän agramynyň kesgitlenilişi

                                                                   Tablisa №2

  •  

Nusga №1

Nusga №2

Nusga №4

  1. C
  1.  
  1.  
  1.  
  1. C
  1.  
  1.  
  1.  
  1. C
  1.  
  1.  
  1.  

 

  1. оС-da gyzdyrylanda reglamentirlenýän ýitgiler 3,5%-den köp däl.  №1 bazalt daşynyň nusgasynyň gyzdyrylanda ýitirýän agramynyň möçberi talaba laýykdyr.

Dykyzlygynyň kesgitlenilişi

 

Bazalt nusgalaryň dykyzlygy gidrostatik ölçeme usuly arkaly kesgitlenýär, netijeleri №3 tablisada getirilendir.

                                                                                             Tablisa №3

  •  

Nusga №1

Nusga №2

Nusga №4

Dykyzlygy, g/sm3

  1.  
  1.  
  1.  

№1nusgasynyň dykyzlyk görkezijisi  bazalt erginini almak üçin ýeterlik möçberindedir. Emma №2, №4 nusgalaryň dykyzlygy kadalaşdyryjy görkezijiden pes.

 

  Eredilen bazalt maddalarynyň  häsiýeti

Eredilen bazalt maddalarynyň  häsiýetini barlamak üçin ilki bilen tebigy bazaltyň nusgalaryny barlaghanada platinorodiý gyzdyryjylary bolan elektrik peç platinadan edilen 400 gram göwrümli gapda eredilýär.

       Nusga №1: Gaýnaýan wagtynda güýçli köpürjikledi, erginiň zerur bolan möçberi almak üçin iki gezek gaýnatmaly boldy. Sebäbi birinji gezek erginiň ýaryndan köpüsi platina gabynyň gyrasyndan döküldi. Nusgany 1500оС temperaturada 1 sagadyň dowamynda saklanyldy. Şondan soň arassa ergin gyzdyrlan gapdan gowy guýlup alyndy.

     Nusga №2: Gaýnaýan wagtynda güýçli köpürjikledi. Nusga 1500оС temperaturada 1 sagadyň dowamynda saklanyldy. Erginiň ýokary sepeşikligi sebäpli nusgany alyp guýmak başartmady. 1550оС temperaturada 1 sagat 20 minudyň dowamynda goşmaça saklanylandan soňra kynlyk bilen ergin guýlup alyndy. Synagyň barşynda platinadan edilen gabyň bütewiligi bozuldy.

    Nusga №4: Gaýnaýan wagtynda güýçli köpürjikledi. Nusgany 1550-1600оС temperaturada 1 sagat 30 minudyň dowamynda saklanyldy.  Erginiň şepbeşikligi uly bolandygy sebäpli  ergin örän kynçylyk bilen  guýlup alyndy.

                       Bazalt erginleriniň  kristallaşma ukybynyň kesgitlenilişi

       Eredilen bazalt maddalarynyň erginleriniň häsiýetleriniň we himiki synaglarynyň

netijelerinyň esasynda diňe №1 belgili nusga bazalt süýümini almak üçin synaglaryň indiki tapgyrlaryny geçirmek maksada laýykdyr. №1 belgili nusgasyndan alynan erginiň kristallaşma ukybyny kesgitlek üçin synagdan geçirildi.

        Erginiň möhüm tehnologiki häsiýeti onuň kristallaşma ukyby bolup, kristallaşmanyň ýokarky çäginiň temperaturasy bilen kesgitlenilýär. Kristallaşma ukybyny kesgitlemek üçin tapgyrlaýyn geçirilen  umumy kristallaşma usuly ulanyldy.

Synaglaryň netijeleri №4 tablisada  getirlendir

                                                                                                  Таblisa №4

Nusganyň №

Теmperatura, оС

Kristallaşmanyň ýokarky çäginiň temperaturasy, оС

1260

1280

1300

1320

 

1

Iri kristallar

Maýda kristallar

Kristalyň düwünçegi

 

Arassa

 

1320

 

Erginiň şepbeşikliginiň temperatura baglylygy

Şepbeşikligikesgitlemegiň usuly göräleýin (otnositel)bolupdurýar. Şonuň bilen baglylykda  pyrlanýan (rotasion)вязкозиметрşepbeşikligi ölçeýji enjam öňünden  şepbeşikligi belli bolan  aýna ergininde graduirlenýär. Şepbeşikligiň ölçenýän nokatlarynda ergin izotermik ýagdaýda 30 minudyň dowamynda saklanýar. Ölçemeleriň netijeleri №1 suratda getirilendir.

Deňeşdirmek üçin grafikde üznüksiz bazalt süýümleri almak üçin ulanylýan Ukraina döwletiniň bazaltynyň şepbeşikligi görkezilendir.

                                                                      

Şepbeşikligiň gyzgynlygabaglanşygy

 

GyzgynlykоС

1-nji surat

Grafikde görşüňiz ýaly Ukraina döwletiniň bazaltyndan süýümleri almak üçin bazalt ergininiň  temperaturasy pes derejede, Türkmenistanyň bazaltyndan bolsa, süýümleri almak üçin ergininiň  temperaturasy has ýokarydyr.

 

Bazalt üznüksiz süýümniň önümçiliginiň tehnologiki gurluşy

                                                      2-nji surat

 

Bazalt daşyny 3-20 mm fraksiýalara çenli ownadylýar. Owradylan bazalty ýükleýji (1) tarapyndan daş eredýän peje (2) salynýar. Pejiň içinde 1500-1560оС temperaturalarda bazaltyň eredilme ýagdaýy bolup geçýär. Bazaltyň ergini pejiň fiderine düşýär we platina-rodi metallarynyň ergininden taýýarlanylýan filýera plastinasynyň (3) köpsanly deşiklerinden geçýär. Filýera pitatelden 9-15 mkm diametrli bazalt süýümler (4) ýag damdyryjy enjamyň (5) ýag çalýan gurluşyna gelip gowuşýarlar. Saraýan maşyn (6) üznüksiz süýümleri tigirçeklere (7) saraýar. Ilkinji sapak ýüp işýän maşynyň (8) bobinalaryndan (7) rowinge (9) külterlenýär.

Bazalt daşynyň tejribe-senagat synaglary

        Synaglar tejribe-senagat desgasynda geçirildi, onuň düzümine 2-nji suratda getirlen enjamlar girýär.   Ýöriterişdirilen daş eredilýän peçde bazalt daşyny gyzdyrmak , eretmek  we erginden 13mkm.diametirli uznuksiz bazalt suýumini öndurmek  uçin gurlyşyň hemme enjamlarynda tehnalogiýa görkezjleri  talaba laýyk sazlandyryldy.      

Sazlaşdyrmak işlerinden soň  iş ýerine 400 deşikli filýera plastinasy oturdyldy. Filýer plastinasy kanagatlanarly bazalt erginden doldy we 13 mkm süýüm almak üçin işe girizildi.

Türkmenistanyň bazalt daşyndan  tejribe-senagat desgasynda 13 mkm diametrde BÜS-iň tejribe tapgyry öndurildi. Geçirilen ylmy-barlagyň synaglarynyň esasynda Türkmenistanyň bazalt daşyndan bazalt  daşyndan önümçilik möçberinde üznüksiz süýümleri almak we olaryň esasynda gelejekde täze gurluşyk materiallaryň önümçiligini gurnamak mümkinçiliginiň bardygy anyklanyldy.

Pursatdan peýdalanyp ylym ulgamynda üstünlikli işlemäge döredengiň mumkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize sagbolsun aýdyýaryn, janynyň sag, ömruniň uzak bolmagyny we il-ýurt bähbitli  tutumly işlerinde rowaçlyk arzuw edýärin.