Watanymyzyň sebitlerinde täze desgalar ulanmaga berilýär

Asylly däbe görä, şanly seneleriň öň ýanynda ýurdumyzyň dürli sebitlerinde täze desgalar ulanylmaga berilýär. Ine, Türkmen bedewiniň öňde boljak milli baýramy mynasybetli birbada iki welaýatda — Daşoguz we Lebap welaýatlarynda dürli maksatly binalaryň açylyş dabaralary geçirildi, munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýöredilýän syýasy ugruň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr, onuň many-mazmuny «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarda öz beýanyny tapýar.

* * *

Şu gün Daşoguz şäheriniň «Nowruz» ýaşaýyş toplumynda köp öýli iki ýaşaýyş jaýynyň ulanylmaga berilmegi mynasybetli dabaralar boldy, bu binalar Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmensenagat» agentliginiň «Türkmendemirbetonönümleri» kärhanasynyň demirbeton önümleri zawodynyň ýerli gurluşyk edarasy tarapyndan guruldy.

Dört gatly binalaryň her birinde iki hem-de üç otagly, ýerleşdirilişi gowulandyrylan 16 öý ýerleşýär, olary timarlamakda ýokary hilli döwrebap gurluşyk serişdeleri peýdalanyldy. Bu ýerde ýaşaýjylar üçin ähli zerur şertler döredilipdir, bu şertler giň otaglary, eýwanlary we dürli kömekçi jaýlary öz içine alýar.

Täze ýaşaýyş jaýlary bu kärhana tarapyndan ozal gurlan iki ýaşaýyş jaýlary bilen bitewi binagärlik toplumyny emele getirdi.

Ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň dolandyryş merkezi ilatyň ýaşamagy, zähmet çekmegi hem-de dynç almagy üçin has amatly şähere öwrülýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ilatyň durmuş derejesini gowulandyrmaga gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, bu şäher ýokary depginlerde toplumlaýyn ösdürilýär.

Häzirki wagtda iki ýerde birbada — Daşoguz we Şagadam köçeleriniň ugrunda häzirki zaman köp gatly ýaşaýyş jaýlary hem-de degişli şäher düzüminiň desgalary bolan iri ýaşaýyş toplumlarynyň bina edilýändigini aýtmak hem ýeterlikdir.

Şeýle hem Görogly köçesiniň ugrunda, «Nowruz» we «Nowruz —2» kiçi etrapçalarda ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary bina edilýär. «Takyk gurluşyk» diýlip atlandyrylýan usulda hem gurluşyk işleri alnyp barylýar, şunda ozal bar bolan jaýlaryň aralyklarynda täze binalar gurulýar, munuň özi şäheriň çäklerini hem-de ozal bar bolan inžener-tehniki düzümler ulgamyny has netijeli peýdalanmaga mümkinçilik berýär.

Täze ýaşaýyş jaýlarynyň ulanylmaga berilmegi mynasybetli şu gün geçirilen dabaralar türkmen toýuna mahsus köp öwüşginli görnüşe eýe boldy. Täze öýleriň eýelerini gutlamak üçin welaýat hem-de şäher häkimlikleriniň, zähmet toparlarynyň we jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, hormatly ýaşulular hem-de ýaşlar ýygnandylar. Döredijilik toparlary aýdym-sazlar bilen çykyş etdiler, has tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Dabara gatnaşyjylar ýurdumyzyň raýatlarynyň durmuş derejesini gowulandyrmak ugrunda hemişelik aladasy, durmuş ugurly oňyn döwlet syýasaty üçin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

* * *

Şu gün Hojambaz etrabynyň dolandyryş merkezinde etrap aragatnaşyk bölüminiň täze binasynyň açylyş dabarasy boldy. Bu desga Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň buýurmasy boýunça ýerli gurluşykçylar tarapyndan bina edildi.

Aragatnaşyk işgärlerini welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, köp sanly ýerli ýaşaýjylar gutladylar.

Etrabyň aragatnaşyk bölüminiň binasy milli Liderimiziň şähergurluşyk düzümine bildirilýän talaplary hasaba alnyp guruldy. Iň öňdebaryjy enjamlar we kompýuter tehnikasy bilen üpjün edilen täze binada «Altyn asyr» sanly aragatnaşyk gullugy, merkezi poçta, 1 müň 680 belgili awtomatlaşdyrylan telefon bekedi, ilata hyzmat etmek boýunça giň otaglar, iş otaglary, durmuş maksatly jaýlar ýerleşýär.

Binanyň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryldy we agaç nahallary ekildi. Dabaranyň dowamynda iň gowy gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Dabarada bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanda giň gerimli özgertmeler maksatnamalary amala aşyrylýar, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny yzygiderli ýokarlandyrmak, türkmen halkynyň ähli babatda abadan durmuşyny üpjün etmek bu özgertmeleriň baş maksady bolup durýar.

http://www.turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=12610