Ýurdumyzyň sebitlerinde täze desgalar ulanylmaga berildi

Şu gün ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň dolandyryş merkezinde gurlan köp otagly ýaşaýyş jaýlarynyň birbada üçüsiniň ulanylmaga berilmegi netijesinde şäherli maşgalalaryň elliden gowragy täze jaýlara göçüp bardy. 

Nowruz — 2 kiçi etrapçada bina edilen täze jaýlaryň birini “Daşoguzobagurluşyk”önümçilik birleşiginiň 5-nji gurluşyk-gurnama müdirliginiň gurluşykçylary gurdular. Häzirki zaman gurluşyk serişdeleriniň peýdalanylmagy esasynda gurlan bu dört gatly jaýda otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan dört we üç otagly öýleriň 24-si bar. 

Şagadam köçesindäki dört gatly jaýlaryň ýene 2-si bolsa “Sekiz ýyldyz” hususy kärhanasynyň gurluşykçylary tarapyndan guruldy. Her birinde dört we üç otagly öýleriň 16-sy bar bolan bu jaýlarda amatly ýaşaýyş üçin ähli zerur şertler döredilipdir. 

Täze ýaşaýyş jaýlary Şagadam köçesinde we Nowruz — 2 kiçi etrapçada kemala gelýän ýaşaýyş jaý toplumlarynyň düzüm bölegi boldy. Bu künjeklerde sanlyja ýyllaryň içinde durmuş-medeni ähmiýetli desgalar bilen utgaşýan häzirkizaman köp otagly ýaşaýyş jaýlarynyň onlarçasy guruldy. Ähli amatlyklary bolan täze ýaşaýyş jaýlary şäheriň beýleki künjeklerinde-de, şol sanda Daşoguz we Görogly köçelerinde hem işjeňlik bilen gurulýar. 

Täze jaýlaryň ulanylyşa berilmegi mynasybetli bolan dabara welaýat we etrap häkimlikleriniň, zähmet toparlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar. Olar dabarada halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen döredijilikli syýasaty alyp barýandygy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler. 

Bu ýerde döredijilik toparlarynyň eden çykyşlary dabara has-da baýramçylyk öwüşginini berdi. Täze jaýlary bina etmekde tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

 

http://www.turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=11946