Ýuwşanow Atabally Gurbangulyýewiç

Ýuwşanow Atabally Gurbangulyýewiç Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň “Beton we demirbeton” barlaghanasynyň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji.

Ol 1999-njy ýylda Türkmen Politehniki institutynyň inžener-gurluşykçy hünäri boýunça tamamlady. Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutyna 2000-nji ýyldan işe başlaýar.

2000-2014-nji ýyllar aralykda barlaghanalarda inžener, esasy inžener, baş hünärmen wezipesinde işleýär.

2014-nji ýylda “Jaýlaryň we desgalaryň seýsmika çydamlyk” barlaghanasynyň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji.

2017-nji ýylyň oktýabr aýyndan “Beton we demirbeton” barlaghanasynyň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji.

A.G.Ýuwşanow barlaghanada göz öňüne tutulan ylmy-barlag işlerini geçirmek, gurluşyk materiallaryñ häsiýetleriniñ barlagyny we olaryñ hiliniñ gözegçiligini geçirmek, önümleriñ: betonyñ (agyr, ýeñil, öýjükli, keramzit betonyñ), gurluşyk erginleriniñ, gurluşyk işleri üçin çägäniñ, çagylyñ, jyglym daşyñ, gurluşyk işleri üçin çäge-çagyl garyndylaryñ, çägäniñ we keramzit çagylyñ, diwarlyk betondaşlaryñ, diwarlyk materiallaryñ (kerpiçiñ we keramiki we silikatdaşlaryñ), örtgi materiallaryñ (granitiñ, mermeriñ, keramiki plitkanyñ we beýl.), ýanýoda beton plitalaryñ, armatura poladynyñ barlaglaryny geçirmek, şeyle hem sertifikasiýa maksatlary üçin gurluşyk materiallaryñ barlaglaryny geçirmek ýaly işleri amala aşyrýar.