Aspirantura

Geňlik Aşyrgulyýewna Bekowa 2020-nji ýylyň 1-nji aprelinden aspirantura kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň fewral aýynyň 2-sine çykaran PB- 1182 belgili Buýrugy we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarynyň 2020-nji ýylyň fewral aýynyň 9-na çykaran 2/49632 belgili haty bilen tassyklanan ylmyň ugurlary boýunça aspirantura kabul etmegiň hem-de alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba almagyň möçberlerini ýerine ýetirmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň 2020-nji ýylyň 3-nji fewralyndaky 14 belgili buýrugyny ýerine ýetirmek maksady bilen, aspirantura kabul edilýän aspirantyň resminamalary seljerildi.

ASPIRANTURA, DOKTORANTURA KABUL ETMEGIŇ TERTIBI

Türkmenistanda ylmy hünärmenleri taýýarlamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2008-nji ýylyň 14-nji ýanwaryndaky 9378 belgili Karary bilen tassyklanan Düzgünnama laýyklykda aspirantura saýlap alan ugry boýunça ylmy barlaglara ukyplylygyny görkezen, azyndan 5 ýyl iş tejribesi bolan ýokary bilimli adamlar bäsdeşlik esasynda kabul edilýärler.

 Aspirantura kabul etmek baradaky arza aspirantlary taýýarlamagy amala aşyrýan ylmy edaranyň ýolbaşçysynyň ýa-da ýokary okuw mekdebiniň rektorynyň adyna aşakdaky resminamalary goşmak bilen berilýär: